ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp iş ýüzünde Ukrainany uzak aralyga niýetlenen “Tomahawk” raketalary bilen üpjün etmek baradaky karara gelendigini, ýöne Kiýewiň olary näme etjekdigini bilmek isleýändigini aýtdy.
Bir žurnalist ABŞ-nyň Ukrainany şeýle raketalar bilen üpjün etjekdigini ýa-da olary soň Ukraina geçirilmegi üçin NATO-a satjakdygyny sorady.
Tramp "käbir manyda" karara gelendigini aýtdy. Şol bir wagtda, ol ilki Ukrainanyň "olary näme etjekdigini" bilmek isleýändigini aýtdy. "Olar ony nirä ugrukdyrarlar? Men bu soragy bermeli diýip pikir edýärin" diýip, Tramp aýtdy.
ABŞ-nyň prezidenti bu urşuň hiç haçan başlanmaly däldigi barada ozal hem aýdan sözlerini gaýtalady we onuň "möwjänini görmek islemeýändigini" aýtdy.
Metbugat habarlaryna görä, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Tramp bilen duşuşanda Kiýewe hut “Tomahawk” ganatly raketalarynyň berilmegini sorady. “Agentstwo” neşiriniň habaryna görä, Kiýewe berlen ýagdaýynda, raketalar gündogarda Týumene, demirgazykda Murmanska we Arhangelskä çenli ýetip biler.