Prezident Serdar Berdimuhamedow 7-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putini doglan güni bilen gutlap, oňa iň gowy arzuwlaryny iberdi.
TDH-nyň ýazmagyna görä, Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine ýokary baha berip, iki ýurduň strategik gatnaşyklaryny ösdürmäge rus lideriniň hut özüniň berýän ünsüni we uly goşandyny aýratyn belledi.
Şeýle-de, ol iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýändiklerini nygtady we, mümkinçilikden peýdalanyp, Wladimir Putine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, işinde üstünlik, Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk hem-de gülläp ösmegi arzuw etdi.