Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň esasy awtobus duralgasynyň şäheriň merkezinden çetine göçürilmegi köp ýaşaýjyda nägilelik döredýär


Aşgabatda jemgyýetçilik awtobusyna münýän we ondan düşýän ýolagçylar (Arhiw suratlary)
Aşgabatda jemgyýetçilik awtobusyna münýän we ondan düşýän ýolagçylar (Arhiw suratlary)

Aşgabadyň ýolagçy awtoulag kärhanasynyň Teke bazaryň gapdalynda ýerleşen esasy jemgyýetçilik awtobus duralgasy ýapylyp, paýtagtyň çetinde ýerleşýän Gurtly ýaşaýyş toplumyna göçürildi.

Paýtagtyň häkimiýetleriniň duýdansyz amal eden bu çäresi aşgabatlylaryň we oňa golaý obalaryň ýaşaýjylarynyň arasynda nägilelik döredýär. Bu barada sosial ulgamlarda hem onlarça wideo paýlaşyldy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji oktýabrda paýtagtdan maglumat berdi.

“Mundan bir hepde töweregi ozal Aşgabadyň merkezinde, Teke bazaryň gaýrasynda ýerleşýän, şäheriň içindäki köçelere we Ahal welaýatynyň çar tarapyna hereket edýän awtobus ugurlarynyň esasy duralgasy duýdansyz ýapyldy. Bu duralga paýtagtyň günbatar çetinde ýerleşýän Gurtly ýaşaýyş toplumyna geçirildi” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Aşgabadyň esasy jemgyýetçilik awtobus duralgasynyň şäheriň merkezinden çetine göçürilmeginiň sebäpleri häzirlikçe nämälim bolmagynda galýar.

Ýolagçy awtoulag kärhanasynyň resmi web sahypasynda hem, ne duralganyň göçürilmegi, ne-de munuň sebäpleri barada maglumat bar.

Bildiriş edilmedi, sebäpleri düşündirilmedi

Ýöne paýtagtyň merkezinde bolan bu duralga Döwletmämmet Azady bilen Mäti Kösäýew köçesiniň aralygyndaky meýdanyň daşy ýapylyp, hatar duralgalar gurlup, ýolagçylar üçin oturgyçlar ýerleşdirilip, ýaňy-ýakynda, ýagny 2021-nji ýylda ulanyşa berlipdi. Bu ýerden Aşgabadyň köçelerine we çetki obalaryna, şeýle-de Ahalyň käbir sebitlerine awtobus ugurlarynyň 100-den gowragy hereket edýärdi.

Ýaşaýjylaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, müňlerçe adamyň gündelik durmuşyna täsir edýän bu duralganyň ýapylýandygy barada öňünden hiç hili bildiriş edilmedi. Ýolagçylar ir bilen duralga baranda onuň boşap durandygyny, hiç bir awtobusyň ýokdugyny bilip galdylar.

“Bu duralgadan gatnaýan jemgyýetçilik awtobuslarynyň içinde bir-iki hepde öňünden ilata bildiriş edilen bolsa, adamlar beýdip kösenmezdi. Häzir işe, okuwa gitjek adamlar alasarmyk ýagdaýa düşdi. Hiç kim täze duralga nirede, ol ýerden haýsy ugurlara, haýsy belgili awtobuslarda gitmelidigini bilmeýär” diýip, aşgabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Sosial ulgam ulanyjylarynyň reaksiýalary

Bu ýagdaý sosial ulgamlaryň türkmen dilli ulanyjylarynyň ençemesiniň hem ünsüni çekdi.

Instagramda we TikTokda paýlaşylan onlarça wideonyň birinde aşgabatly ýaşaýjy duralga baran pursadyny wideo düşürip, ol ýerde hiç bir awtobusyň ýokdugyny görkezip, özüniň haýran galandygyny we lapykeç bolandygyny beýan edýär.

Bu maglumatlaryň aşagynda ýazylan teswirleriň köpüsinde ulanyjylaryň ençemesi duralganyň görçürilendigi barada bu wideolar arkaly habarly bolandyklaryny aýdyp, “şular ýaly jemgyýetçilik meselelerinde hem özlerine öňünden bildiriş edilmeýändigini we pikirleriniň hiç hili soralmaýandygyny” bellediler.

Şeýle-de, ulanyjylar häkimiýetleriň duralganyň şäheriň merkezinden çetine göçürilmegine hem nägilelik bildirip, munuň özlerine goşmaça kynçylyklary, çykdajylary döredýändigini aýtdylar.

“Mundan ozal ýolagçylar çar tarapdan gelip, paýtagtyň merkezinde, ýagny Teke bazar duralgasynda düşüp, soňra paýtagtyň islendik tarapyna gidip bilýärdiler. Häzir bu düýbünden üýtgedilip, adamlar öňküsi ýaly iki awtobus däl-de, üç-dört awtobus çalyşmaly bolýarlar. Adamlar döwlet ýolbaşçylaryna aç-açan paýyş sözleri aýdyp, nälet okaýarlar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.

Köp wagt ýitirmek, iki-üç esse köp çykdajy etmek...

Aşgabatlylar munuň ýolagçylaryň hem köp wagt ýitirmegine, hem-de öňküsinden iki-üç esse köp ýol kireý tölemegine getirendigini hem aýdýarlar.

Mundan başga-da, öňki bellikler bilen bellenen ugra we aralyga gatnaýan awtobuslaryň hem ugurlarynyň, hem-de bellik sanlarynyň üýtgedilmegi köp ýolagçynyň, şol sanda mekdep okuwçylarynyň ýoluny ýitirip, yzyny tapman, birnäçe sagatlap sergezdan hala düşmegine hem getirdi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar, şol sanda duralganyň göçürilmeginiň sebäpleri we munuň ilata ýetirýän täsirleri barada Aşgabadyň şäher häkimliginden we ýolagçy awtoulag kärhanasyndan telefon arkaly teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 28-nji oktýabrda bu edaralaryň resmi web sahypalarynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Türkmenistanda ilat jemgyýetçilik awtobuslarynyň gatnawy bilen bagly kynçylyklar bilen ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýar. Ýurduň welaýatlarynda we paýtagtda ýolagçylar awtobuslaryň gatnaw ugurlarynyň azlygyndan, olaryň kesgitlenen wagtda gelmezliginden nägile bolýarlar.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri daşary ýurtlardan täze awtobuslaryň satyn alynýandygy barada wagtal-wagtal habar berse-de, ýokarda beýan edilen ýagdaýlary agzamaýarlar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG