Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Kiýewiň Russiýanyň energiýa infrastrukturasyna edýän hüjümlerine jogap zarbalary bilen gaýtawul berip biljekdigini aýdandygyny mälim etdi. Ukraina häzirki wagtda Russiýanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryna zarbalary urmagyny dowam etdirýär.
“Eger olar biziň energiýamyza hüjüm etseler, prezident Tramp energiýa boýunça gaýtawul bermek mümkinçiligimizi goldaýar” diýip, Zelenski 25-nji sentýabrda Axios neşirine beren interwýusynda aýtdy.
Ol Trampyň şeýle-de Russiýanyň harby zawodlaryna garşy zarbalara-da ýaşyl yşyk berendigini, ýöne şeýle desgalaryň güýçli goragly bolandygy sebäpli olara ýetmegiň has kyn bolup biljekdigini belläp geçdi.
Zelenskiniň bu çykyşy onuň 23-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde Tramp bilen geçiren duşuşygyndan birnäçe gün soň edildi.
Şol duşuşykdan soň, Trampyň çykyşlarynyň äheňi üýtgedi, ol Ukrainanyň “wagt, sabyrlylyk we Ýewropanyň, aýratyn hem NATO-nyň maliýe goldawy bilen” topraklaryna gözegçiligi dikeldip biljekdigini aýtdy.
“[Russiýanyň prezidenti Wladimir] Putin we Russiýa ULY ykdysady kynçylykda” diýip, Tramp Truth Social sahypasynda ýazdy we ýurduň ykdysady meseleleriniň onuň Ukrainanyň mümkinçilikleri baradaky täze ynamynyň esasy sebäpleriniň biri bolup durýandygyny belledi.
Kreml 24-nji sentýabrda bu beýanaty ret etdi, ýöne ýurduň ykdysadyýetiniň käbir ugurlarynda “kynçylyklar we meseleli ýerleriň bardygyny” boýun aldy.
Zelenskiniň aýtmagyna görä, ol Trampa Ukrainanyň Russiýanyň jümmüşine ýetip bilýän dronlarynyň bardygyny aýdypdyr. Şol bir wagtda-da, Kiýew Russiýanyň uruş üçin möhüm bolan nebiti gaýtadan işleýän infrastrukturasyna-da zarbalary dowam etdirýär.
ABŞ bilen Ukrainanyň liderleriniň Nýu-Ýorkdaky duşuşygynyň ertesi güni, Ukrainanyň dronlary Russiýanyň Başkyrdystan sebitinde ýerleşýän iri senagat toplumlarynyň biri bolan Salawat nebit-himiki kompleksine hüjüm etdi.
Ukrainanyň front liniýasyndan 1 müň 500 kilometr töweregi uzaklykda ýerleşýän Salawat zawodynda awtoulag benzini, dizel ýangyjy, mazut, bitum we polietilen ýaly 150-den gowrak önüm öndürilýär.
Şeýle zarbalaryň arasynda Ukrainanyň Brýansk we Samara sebitlerindäki rus nebiti paýlaýyş desgalaryna-da hüjüm edendigi barada maglumat gowuşýar. Munuň netijesinde, Russiýanyň nebit önümlerini gaýtadan işlemek kuwwatynyň peselmegi bilen, käbir ýangyç görnüşleriniň ýetmezçiligi artýar.
Forum