Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Ukraina garşy giň gerimli hüjüminde dört adam, şol sanda çaga öldi


Russiýanyň 28-nji sentýabrda Kiýewe uran zarbalarynyň netijeleri.
Russiýanyň 28-nji sentýabrda Kiýewe uran zarbalarynyň netijeleri.

Russiýa Ukraina garşy ýüzlerçe dron we onlarça raketa bilen hüjüm edip, Kiýewde dört adamyň, şol sanda 12 ýaşly bir gyzyň heläk bolmagyna sebäp boldy, şeýle-de raýat infrastrukturasyna zeper ýetirdi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 28-nji sentýabrda amala aşyrylan hüjümi “elhenç” diýip atlandyrdy, we munuň Moskwanyň parahatçylygy däl-de, urşy ilerletmek isleýändigini äşgär edendigini aýtdy. Bu hüjümden bir gün öň, Kreml NATO-nyň howa giňişligini bozandygy aýdylýan hadysalar bilen baglylykda amala aşyrjak islendik hereketine duýduryş berdi.

“Bu elhenç zarbalar ýene-de bilkastlaýyndan biziň adaty şäherlerimize gönükdirildi. 500-e golaý hüjüm drony we 40-dan hem aşa raketa, şol sanda ‘Kinžal’ kysymly raketalar [atyldy]” diýip, Zelenski sosial mediada ýazgy galdyrdy.

Ol zarbalaryň senagat desgalaryny, teker zawodyny we ýaşaýyş jaýlaryny nyşana alandygyny aýtdy.

Zelenskiniň sözlerine görä, paýtagtda heläk bolanlaryň arasynda 12 ýaşly bir gyz hem bar. Mundan başga, zarbalarda onlarça adam ýaralandy.

Kiýewiň häkimi Witaliý Kliçko medisina binasyna we çagalar bagyna hem zarba urlandygyny aýtdy. Asmanda urlan dronlaryň galyndylarynyň gaçmagy netijesinde, paýtagtda bir ýangyç guýujy stansiýada hem ýangyn döredi.

28-nji sentýabrda amala aşyrylan zarbalaryň netijesinde, ýurduň günortasyndaky möhüm Zaporižýe şäherinde hem onlarça adam ýaralandy. Regional häkim Iwan Fedorow olaryň azyndan üçüsiniň çagadygyny aýtdy.

“Duşmanyň hüjümi sebäpli 41 ýaşaýyş jaýyna, 22 öýe we birnäçe başga desga zeper ýetdi” diýip, Fedorow belledi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň harby infrastrukturasyna zarba urandygyny öňe sürdi. Russiýanyň resmileri, barha köpelýän subutnamalara garamazdan, raýat infrastrukturasyny nyşana almaýandygyny tekrarlaýar.

Bu hüjümleriň arasynda, eýýäm dördünji ýylyna giren urşuň soňlanmagy boýunça mümkinçilikler gitdigiçe azalýana meňzeýär.

ABŞ-nyň araçylygyndaky ilerledilýän parahatçylyk ylalaşygy boýunça öňe gidişlik az boldy. Ukraina bilen Russiýanyň bu mesele babatyndaky ara tapawutlyklary gaty uly bolmagynda galýar. Şeýle-de, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Russiýanyň we Ukrainanyň liderleriniň gatnaşmagyndaky üç taraplaýyn sammiti gurnamak tagallalary entek üstünlikli netije bermedi.

Russiýanyň dronlarynyň Polşanyň territoriýasyna düşendigi we rus harby uçarlarynyň Estoniýanyň howa giňişligine girendigi aýdylýan wakalaryň fonunda, konfliktiň has ula ýazyp, Ýewropanyň jümmüşine aralaşyp biljekdigi baradaky halkara howatyrlary artýar.

Forum

XS
SM
MD
LG