Günbatar ýurtlary Waşingtonda we Brýusselde edilen beýanatlar bilen Moskwa garşy basyşy güýçlendirdi. Täze çäreler Russiýanyň tas dört ýyl bäri Ukrainadaky dowam etdirýän doly gerimli urşunyň esasy maliýe çeşmeleri bolan nebit-gaz pudagyny nyşana alýar.
ABŞ prezidenti Donald Tramp Ak tamda: “Bular gaty uly -- olaryň iki iri nebit kompaniýasyna garşy” diýip, Rosneft we Lukoil üçin “äpet” sanksiýalary yglan etdi.
Ýewropa Bileleşigi hem 23-nji oktýabrda gürrüňi gidýän iki kompaniýa degişli çäklendirmeleri makullady. Mundan başga, ÝB suwuklandyrylan tebigy gaza degişli çäreleri girizdi we ÝB çäginde rus diplomatlarynyň hereketine çäklendirmeler goýdy.
Geçen hepde Britaniýa hem Rosneft bilen Lukoile sanksiýa girizipdi.
Bu ädimler urşy diplomatiýa arkaly soňlamak boýunça ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky tagallalaryň çalt depginde alnyp barylýan döwrüne gabat geldi.
16-njy oktýabrda Tramp Wladimir Putin bilen Budapeştde tiz wagtda duşuşjagyny yglan etdi, emma 22-nji oktýabrda sammitiň ýatyrylýandygyny, munuň deregine sanksiýalaryň giriziljekdigini aýtdy.
“Men Wladimir bilen her gezek gepleşemde, gowy söhbet edýärin, ýöne soňundan hiç zat ilerlemeýär” diýip, Tramp aýtdy. “Biz kesgitlän ýerimize tarap barýan ýaly duýmaýaryn” diýip, ol sözüne goşdy.
Bu Tramp üçin ýene bir öwrülişik boldy. Ol häzire çenli Putiniň urşy bes etmäge razy boljakdygyna umyt edip, Moskwa garşy goşmaça basyşy yza süýşürip gelýärdi.
Budapeşt bilen bagly meýilnamalar başa barmandan soň, Trampyň sabyr käsesiniň dolanyna çalym etdi. Şol bir wagtda, 21-nji oktýabrda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwanyň front liniýalaryny “doňdurmak” baradaky Trampyň teklibini ret edendigini yglan etdi.
Russiýanyň Daşary syýasat edarasynyň sözçüsi Mariýa Zaharowa 23-nji oktýabrda ABŞ-nyň sanksiýalaryny ýazgaryp: “Bu ädim Ukrainadaky konflikt boýunça manyly netijelere eltmäge kömek etmeýär” diýdi.
ABŞ-nyň maliýe sekretary Skott Bessent Putiniň “biziň umyt edişimiz ýaly, dogruçyl we açyk häsiýetde gepleşik stoluna gelmändigini” aýtdy.
“Indi ganyň dökülmegini bes etmegiň, ok atyşygy derrew togtatmagyň wagty geldi” diýip, Bessent sanksiýalary yglan eden beýanatynda aýtdy.
Rosneft bilen Lukoýldan başga-da, ÝB Russiýanyň sanksiýalardan sowlup geçmek üçin ulanýan “kölege flotyna” degişli 117 gämini hem gadagançylyklar sanawyna goşdy, ýagny olara portlara girmek gadagan edilýär, gämiden-gämä nebit geçirmek we gaýtadan ätiýaçlandyrmak işleri çäklendirilýär. Gara sanaw ep-esli giňeldilip, indi ol 558 gämiden ybarat.
Suwuklandyrylan gayzň importyna degişli gadaganlyk tapgyrlaýyn görnüşde güýje girer. Ýagny gysga möhletli şertnamalar 6 aýyň içinde ýatyrylýar, uzak möhletliler bolsa, 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan togtadylýar.
Rus diplomatlarynyň ÝB çägindäki hereketine girizilen çäklendirmeler, olary indi öňküsi ýaly erkin syýahat etmegiň ýerine, barmagy göz öňünde tutýan ýurtundan-da resmi rugsat almaga mejbur edýär. Bu düzgünlere ähmiýet bermezden Şengen serhetlerinden özbaşdak geçmäge synanyşýan diplomatlar “persona non grata” (islenmeýän şahs) diýlip yglan edilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolar.
Bular soňky mälim edilen gadagançylyklaryň diňe bir bölegi.
“Biz häzirki wagtda 19-njy sanksiýalar bukjasyny kabul etdik. Ol rus banklaryny, kripto biržalaryny, Hindistan hem Hytaýdaky käbir taraplary nyşana alýar. ÝB durnuksyzlaşdyrmaga synanyşyklaryň öňüni almak üçin rus diplomatlarynyň hereketini çäklendirýär. Putiniň bu urşy maliýeleşdirmegi barha kynlaşýar” diýip, ÝB-niň daşary syýasat boýunça baş wekili Kaýa Kallas sosial ulgamlarda ýazdy.
“Biz muňa garaşýardyk” diýip, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski aýtdy we Waşingtonyň ädimini “dünýäniň beýleki ýurtlaryna-da sanksiýalara goşulmak boýunça berlen gowy signal” diýip häsiýetlendirdi.
Zelenski häzirki wagtda Brýusselde ÝB sammitine gatnaşýar. Ol diplomatik tagallalarynyň çäginde Şwesiýa sapar etdi we 17-nji oktýabrda Tramp bilen hem gepleşik geçirdi.
Forum