Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampdan, onuň şu hepde Aziýa saparynyň çäginde Hytaýyň lideri Si Szinpin bilen geçirjek duşuşygynyň dowamynda, Pekiniň Ukrainadaky uruşda Russiýany goldamagyny togtatmagy boýunça basyş etmegini sorady.
28-nji oktýabrda Zelenski parahatçylyk gepleşiklerini, Russiýa we onuň ýarany Belarusdan başga islendik ýerde geçirmäge taýýardygyny aýtdy, emma Ukrainanyň öz territoriýalaryndan el çekmäge taýýar däldigini nygtady.
“Biziň diplomatiýany diňe häzirki reallyklardan ugur alyp ýöredýändigimiz açyk-aýdyňdyr. Biz yza ädim etmeris, ýurdumyzyň hiç bir böleginden el çekmeris” diýip Zelenski aýtdy.
Ol şeýle-de: “Möhüm netijäniň biri bu, amerikan tarapynyň muny açyk aýtmagydyr: prezident Tramp muny beýan etdi” diýip, Zelenski Trampyň ýakynda Kiýewiň häzirki söweş liniýasy boýunça ok atyşyklary togtatmak baradaky teklibini goldap eden çykyşyna salgylandy.
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 28-nji oktýabrda Minskde geçirilen howpsuzlyk maslahatynda Moskwanyň Trampyň “ukrain krizisini çözmäge ygrarly bolup galýandygyna we ‘Ankorij sammitinde’ emele gelen ýörelgeleri dowam etdirjekdigine” umyt edýändigini aýtdy.
Lawrow awgustda Alýaskada Putin bilen Trampyň arasynda geçirilen duşuşyga salgylandy. Moskwanyň maglumatyna görä, onuň dowamynda Putin urşuň diňe “konfliktiň esasy sebäpleri” aradan aýrylandan soň mümkin boljakdygy baradaky garaýyşyny aýdypdyr. Ýagny Ukrainanyň ýaragsyzlandyrylmagyny we Kiýewiň Russiýanyň urşuň dowamynda basyp alan territoriýandan el çekmegini öňe sürüpdir.
Lawrowyň soňky çykyşynda anyk nämäni göz öňünde tutandygy düşnükli bolmady. Russiýaly resmiler ilki Ankorij sammitini parahatçylyga tarap möhüm ädim hökmünde häsiýetlendirdiler. Emma muňa garamazdan, Moskwanyň Ukrainanyň şäherlerine dowamly adam pidaly zarbalaryny dowam etdirmegi, şeýle-de hatda häzirki söweş liniýasy boýunça ok atyşyklary togtatmakdan ýüz öwürmegi, görnüşinden, Trampyň we ABŞ gepleşikçileriniň bu mesele boýunça garaýşyna ýaramaz täsir etdi.
Zelenskiniň soňky beýanaty Russiýanyň frontda, bir ýyldan gowrak wagt bäri ele geçirmek ugrunda hereket edýän strategiki taýdan möhüm Pokrowsk şäheriniň töwereginde öňe ilerleýän pursadyna gabat geldi. Ukrainanyň lideri ýurduň gündogaryndaky bu şähere “200 töweregi rus” esgeriniň girendigini, we olaryň häzir esasy ünsüni bu sebite gönükdirendigini aýtdy.
Urşuň öň ýanynda 60 müň ýaşaýjysy bolan, häzirki wagtda 7 müňe golaý ilatly Pokrowsk möhüm gara ýol we demir ýol çatryklarynda ýerleşýär. Russiýa bu şäheri gabawa saljak bolup tutuş ýylyň dowamynda hüjüm hereketlerini dowam etdirdi.
Oktýabryň başynda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin rus esgerleriniň şähere girendigini öňe sürüpdi, emma şol wagt ukrain resmileri muny ret edip, Kreml güýçleriniň sebitde uly ýitgiler çekýändigini aýdypdy.
Geçen hepde Tramp, eger-de Putin söweşi tamamlamak boýunça ylalaşmaga taýýar bolmasa, onda onuň bilen duşuşyp “wagtyny sarp etmejekdigini” duýdurypdy. Tramp häzir Aziýa sebitine bir hepdelik sapary amala aşyrýar we 30-njy oktýabrda Günorta Koreýada Si bilen duşuşmagy meýilleşdirýär.
Zelenski bu duşuşygy Trampyň Russiýa garşy basyşy has-da güýçlendirmek üçin mümkinçilik diýip atlandyrdy. Mundan öň, Trampyň administrasiýasy 22-nji oktýabrda Russiýanyň döwlet gözegçiligindäki Rosneft we hususy LUKoil kompaniýalaryna garşy sanksiýalary girizip, dünýä energiýa bazarlaryna güýçli täsir ýetiripdi.
Bu kompaniýalar Russiýanyň iň iri nebit öndürijileri bolup, olaryň eksport girdejileri Kremliň uruş üçin ulanylýan gaznasyny görnetin doldurmak üçin ulanylýar. Synçylar Russiýanyň nebitiniň iň uly hyrydarlary Hindistanyň we Hytaýyň reaksiýalaryny üns bilen synlaýarlar. Pekin Moskwanyň esasy ýaranlarynyň we söwda hyzmatdaşlarynyň biridir.
Forum