Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada zähmet gulçulygyndan boşadylan 19 özbek raýaty öz ýurduna bardy


Özbekleriň işlemäge mejbur edilen fermasy
Özbekleriň işlemäge mejbur edilen fermasy

Kiýew regionynda ýyladyşhanada mejbury işçi hökmünde saklanan 19 özbegistanly öýlerine gaýtaryldy diýip, “Dunyo” habar agentliginiň maglumatynda aýdylýar.

Olaryň gaýdyp gelmegi özbek ilçihanasynyň, Ukrainanyň Milli polisiýasynyň we Halkara migrasiýa guramasynyň (HMG) Ukrainadaky we Moldowadaky edaralarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde mümkin boldy.

Ukrainanyň kanun goraýjy edaralary sentýabr aýynda şübheli daşary ýurtlylaryň toparynyň tussag edilendigini habar berenden soň, Özbegistanyň ilçihanasy pidalaryň hukuklaryny dikeltmek we olaryň howpsuz gitmegi üçin resminamalary taýýarlamak işlerine başlady.

Ukrain polisiýasynyň maglumatyna görä, bu mejburlyk işlerini 51 ýaşly hytaý raýaty başga iki hytaý raýatynyň, bir taýlandly aýalyň, bäş ukrainaly we bir özbegistanly raýatyň gatnaşmagynda gurnapdyr. Işçiler ýokary aýlyklar wadasy bilen aldapdyr, emma Ukraina baranda pasportlary ellerinden alnyp, olar ýyladyşhanada işlemäge mejbur edilipdir.

19 özbegistanly raýatyň hemmesine resmi taýdan pida statusy berildi, şeýlelik-de olar Ukrainanyň häkimiýetleriniň sanksiýalaryndan saplandy.

Halkara migrasiýa guramasynyň Ukrainadaky we Moldowadaky edaralarynyň goldawy bilen pidalar 28-nji oktýabrda Kiýewden Kişinýowa äkidildi we ol ýerde olara ýaşaýyş jaýy, iýmit we lukmançylyk kömegi berildi. 2-nji noýabrda olar Kişinýow-Stambul-Ürgenç uçary bilen uçup, 3-nji noýabrda sag-aman Özbegistana bardylar.

XS
SM
MD
LG