Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain dronlary Russiýanyň iki şäherindäki infrastruktura hüjüm etdi


Ukrainanyň pilotsyz uçarlarynyň Wladimir sebitine eden hüjümi (Arhiw suraty)
Ukrainanyň pilotsyz uçarlarynyň Wladimir sebitine eden hüjümi (Arhiw suraty)

5-nji noýabrda daňdan Ukrainanyň pilotsyz uçarlary Russiýanyň Wladimir we Orlow sebitleriniň merkezi şäherlerindäki infrastruktura desgalaryna hüjüm etdi. Bu barada Telegram kanallary we sebit häkimiýetleri habar berdiler.

Wladimir sebitinde şäheriň etegindäki energiýa desgalaryna zarba uruldy. Sebit gubernatory Aleksandr Awdeýewiň sözlerine görä, adatdan daşary ýagdaýlar gulluklary wakanyň bolan ýerinde işleýärler. Ol ýaşaýyş-durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň kadaly işleýändigini hem sözüne goşdy.

Orlow sebitiniň gubernatory Andreý Klyçkow dron hüjümini tassyklady. Onuň sözlerine görä, elektron söweş ulgamlary iki drony ýok etdi, ýöne ýedi hususy jaýa we bir sany köp kwartiraly binanyň penjirelerine zeper ýetdi. Pidalar bolmady.

XS
SM
MD
LG