Ýewropa Bileleşigi Gürjüstany demokratik özgertmelerden yza çekilmekde tankytlandan bary-ýogy iki gün soň, ýurduň Baş prokuraturasy öňdebaryjy oppozisiýa syýasatçylaryna, şol sanda tussag edilen öňki prezident Mihail Saakaşwilä garşy birnäçe jenaýat işini gozgady.
Baş prokuror Giorgi Gwarakidze 6-njy noýabrda geçirilen brifingde sabotaž, döwlete garşy duşmançylykly hereketlere ýardam bermek we hökümeti agdarmaga çagyryşlar ýaly aýyplamalary yglan etdi.
ÝB-niň giňemek boýunça komissary Marta Kos 4-nji noýabrda ýyllyk hasabaty hödürlände Gürjüstanyň Ýewropa Bileleşigine goşulmak ugrundaky öňegidişligine tankydy baha berdi we ony Kawkaz ýurduny agzalyga “diňe nominal taýdan” dalaşgär edip goýan “demokratik ýörelgelerden çynlakaý yza çekilmede” aýyplady.
2012-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda saklanýan “Gürji arzuwy” partiýasy Kosyň sözlerini ret edip, Brýusseli ýurduň içerki işlerine gatyşmakda aýyplady.
Tbilisi geçen ýyl LGBT-e garşy kanunçylygy we “daşary ýurt agenti” diýlip atlandyrylýan kanuny kabul edeli bäri Gürjüstanyň 27 ýurtdan ybarat ÝB bilen gatnaşyklary ýaramazlaşdy.