Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus goşunlary Ukraina 82 pilotsyz uçar bilen hüjüm etdi


Rus goşunlary 13-nji oktýabra geçilýän gije Ukraina dürli görnüşli 82 sany pilotsyz uçar bilen zarba urdy diýip, Ukrainanyň howa güýçleriniň serkerdeligi habar berdi.

Ukrain goşunynyň habaryna görä, ir sagat 9: 00-a çenli howa goranmak güýçleri 69 pilotsyz uçary urup gaçyrdy. 13 sany pilotsyz uçaryň ýedi ýere zarba urandygy, şeýle-de, iki ýere urlan pilotsyz uçarlaryň galyndylarynyň gaçandygy hasaba alyndy.

Odessa sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Oleg Kiper hüjüm netijesinde raýat desgalaryna zyýan ýetendigini, bir adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

"5000 inedördül metrden gowrak meýdanda uly ýangyn bolup, matalaryň, egin-eşikleriň we gaplaýyş materiallarynyň saklanýan birnäçe ammaryny ot-ýalyn gaplap aldy" diýip, Kiper ýazdy.

Onuň sözlerine görä, häzir urlan zarbalaryň netijelerini ýok etmek üçin edilýän işler dowam edýär.

XS
SM
MD
LG