Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putine Russiýada ýadro synaglaryna taýýarlyk görüp başlamak teklip edildi


Russiýanyň goranmak ministri Andreý Belousow
Russiýanyň goranmak ministri Andreý Belousow

Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalarynyň mejlisinde Russiýanyň goranmak ministri Andreý Belousow prezident Wladimir Putine Nowaýa Zemlýa arhipelagynda ýadro synaglaryna taýýarlyk görmegi derhal başlamagy teklip etdi.

Belousow synaglaryň ABŞ-nyň hereketlerine jogap boljakdygyny aýtdy. Ministr ABŞ-nyň ýaraglary azaltmak we çäklendirmek baradaky şertnamalardan yzygiderli çekilýändigini we şeýle hem ýadro başly täze kontinentara raketa işläp düzmegiň üstünde işleýändigini aýtdy.

Jogap hökmünde Putin Daşary işler ministrligine, Goranmak ministrligine, aňtaw gulluklaryna we raýat edaralaryna ýadro ýaraglarynyň synaglaryna taýýarlyk görmek mümkinçiligi barada teklipleri hödürlemegi tabşyrdy.

Oktýabr aýynyň ahyrynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ABŞ-nyň beýleki ýurtlar bilen "deňlikde" ýadro ýaraglarynyň synagyna "derhal" başlajakdygyny yglan etdi. Soňra, CBS News-a beren interwýusynda Tramp "beýleki ýurtlaryň synag geçirýändigini" we ABŞ-nyň "synag geçirmeýän ýeke-täk ýurt" bolmagyny islemeýändigini aýtdy. "Russiýa synag geçirýär, Hytaý synag geçirýär, ýöne olar bu barada gürlemeýärler. Biz synag geçireris, sebäbi olar synag geçirýärler, beýlekiler hem synag geçirýärler. Elbetde, Demirgazyk Koreýa synag geçirýär. Pakistan synag geçirýär" diýip, Tramp aýtdy.

Ozal Wladimir Putin Russiýanyň "Burewestnik" raketasyny we "Poseýdon" ýadro energiýasy bilen işleýän suwasty ulagyny synagdan geçirendigini yglan etdi. Tramp muňa jogap hökmünde Putiniň "raketa synagyna däl-de, dört ýyla golaý dowam edýän urşy bes etmäge ünsi jemlemelidigini" aýtdy.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow "Burewestnik" we "Poseýdon" synaglarynyň "hiç bir derejede ýadro däldigini" aýtdy.

ABŞ 1992-nji ýyldan bäri, Russiýa 1990-njy ýyldan bäri we Hytaý 1996-njy ýyldan bäri ýadro synagyny geçirmedi.

XS
SM
MD
LG