Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HAMAS zamun alnanlaryň iki tapgyryny - jemi 20 adamy boşatdy


HAMAS (ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen topar) zamun alnanlary Gyzyl Hajyň wekillerine tabşyryp başlady.

Ysraýylyň goranmak güýçleri (IDF) Gyzyl Haç guramasyna salgylanyp, zamun alnanlaryň ilkinji tapgyrynyň, ýedi adamyň özlerine tabşyrylandygyny we häzir harby işgärler tarapyndan Ysraýyla äkidilýändigini habar berdi.

“The Times of Israel” gazetiniň habaryna görä, Omri Miran, Matan Angrest, Eýtan Mor we Gaý Gilboa-Dalal, german raýatlygy bolan ysraýyllylar, doganlar Gali we Ziw Berman we Alon Ohel boşadyldy.

Zamun alnan ysraýyllylaryň ikinji tapgyrynyň ýerli wagt bilen sagat 10: 00-da boşadylmagyna garaşylýardy.

“Kan” telekanaly boşadylan 13 adamyň Gyzyl Haç guramasyna gowşurylandygyny habar berdi. Metbugat habarlaryna görä, olar Bar Kuperşteýn, Rom Breslawski, Nimrod Kohen, Ewýatar Deýwid, Elkana Buhbut, Segew Kalfon, Awinatan Or, Ýosef Haým Ohana, Maksim Harkin, Eitan Horn, Matan Zangauker, Deýwid Kunio we Ariel Kunio..

XS
SM
MD
LG