Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aňtaw: Demirgazyk Koreýa Russiýa 5000 harby gurluşykçyny we 1000 sapýory iberdi


Demirgazyk Koreýanyň harby parady
Demirgazyk Koreýanyň harby parady

Günorta Koreýanyň Milli razwedka gullugy (NIS) Demirgazyk Koreýanyň 5000 harby gurluşyk işçisiniň Russiýa iberilendigini habar berdi. Günorta Koreýanyň "Yonhap" habar agentligi bu barada razwedka wekilleriniň ýapyk brifingine gatnaşan parlament agzalaryna salgylanyp habar berdi.

Parlament agzalarynyň biriniň sözlerine görä, harby gurluşyk işçileri sentýabr aýyndan bäri Russiýa iberilýär we olaryň işi infrastrukturany täzeden gurmak üçin ulanylar.

Şeýle-de, geçen ýylyň awgust aýyndan şu ýylyň ýazyna çenli söweşleriň bolan ýeri Kursk sebitini minalardan arassalamak üçin Demirgazyk Koreýadan Russiýa takmynan 1000 sapýoryň iberilendigi habar berildi. Söweşlere Demirgazyk Koreýanyň goşunlary hem gatnaşdy.

ABŞ-nyň razwedka maglumatlaryna görä, söweşlere 10 müňden gowrak demirgazyk koreýaly esger gatnaşdy. Olaryň ýitgileriniň arasynda birnäçe müň adamyň ölendigi we ýaralanandygy çaklanylýar. 2025-nji ýylyň aprelinde Wladimir Putin Demirgazyk Koreýanyň harbylaryna Kursk sebitindäki söweşlere gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Koreýanyň Merkezi habar agentligi hem Demirgazyk Koreýanyň harby işgärleriniň Russiýadaky söweş operasiýalaryna gatnaşandygyny tassyklady.

2025-nji ýylyň iýun aýynda, Russiýanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Sergeý Şoýgu bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Inyň arasynda Phenýanda geçirilen gepleşiklerden soň, TASS habar agentligi Demirgazyk Koreýanyň Kursk sebitini dikeltmek üçin Orsýete 1000 sapýory we 5000 harby gurluşyk işçisini ibermegi wada berendigini habar berdi.

ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň maglumatlaryna görä, täze baranlardan başga-da, Russiýanyň serhetýaka sebitlerinde takmynan 10 000 demirgazyk koreýaly esger galýar. Soňky aýlarda olaryň söweşlere gatnaşandygy barada hiç hili habar bolmady.

XS
SM
MD
LG