Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji oktýabrda Owganystana bardy. Bu ýerde ol Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň Owganystanyň çägindäki böleginde kebşirleýiş işlerine başlamaga badalga berdi. Bu aralykda, uly Berdimuhamedowyň bu sapary döwründe Mary welaýatynyň serhetýaka sebitlerinde howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi, Internet üpjünçiligi tas düýbünden kesildi.
Türkmen metbugatyna görä, Aşgabatdan Mara uçarda gelen G.Berdimuhamedow soňra dikuçarda Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäherine bardy. Bu ýerden awtoulagda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Rabat-Sangi etrabynyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk meýdançasyna bardy.
Bu ýerde G.Berdimuhamedow Owganystanyň "Talyban" tarapyndan dolandyrylýan hökümetiniň wekilleri, şol sanda Ministrler Kabinetiniň başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen duşuşdy.
Degişli maglumat Türkmen, owgan liderleri TOPH taslamasynyň owgan böleginiň gurluşygy bilen tanyşdyBu gün TOPH-yň uzynlygy 153 kilometr bolan “Arkadagyň ak ýoly bilen” atlandyrylan Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyryny dowam etdirmek işleriniň şaýady bolýarys” diýlip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.
ABŞ-a TOPH-y goldandygy üçin minnetdarlyk
Şeýle hem habarda Berdimuhamedowyň bu gaz geçirijiniň Hyrat welaýatyna barýan böleginiň kebşirleýiş işlerine başlamaga ak pata berendigi we şol pursat gaz geçirijiniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna girişilendigi we toý sadakasynyň berlendigi bellenilýär.
Bu geçirijiniň, Serhetabat-Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, “Turgundy” demir ýol bekediniň “gury portunda” ammarlar toplumynyň, Turgundy-Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy-Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda badalga berildi.
G.Berdimuhamedow TOPH-y ilkinji bolup goldan döwletleriň biriniň hem Amerikanyň Birleşen Ştatlary bolup durýandygyny aýdyp, bu gaz geçiriji taslamasyny goldaýandygy üçin ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa tüýs ýürekden minnetdarlyk hem bildirdi.
Bu waka, Yragyň Eýranyň üstünden aljak türkmen gazy üçin ABŞ rugsadyny alyp bilmändigi baradaky habardan bir aý çemesi soňa gabat geldi.
Uzynlygy 1814 kilometr çemesi boljak TOPH taslamasy Türkmenistanyň Galkynyş gaz käninden gözbaş alyp, ýylda 33 milliard kub metre barabar türkmen gazyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana ibermegi göz öňünde tutýar.
Ýangyç serişdelerine baý Türkmenistan onlarça ýyl bäri, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak tagallalarynyň çäklerinde, Günorta Aziýa ýurtlaryna uly möçberlerde gaz ibermegi maksat edinýän TOPH taslamasyny ileri sürüp gelýär. Ýöne bu sebitde wagtal-wagtal möwç alýan dartgynlyklar, şeýle hem howpsuzlyk we maliýe meseleleri, taslamanyň geljegi barada sorag döredip gelýär.
Degişli maglumat Owganystan we Pakistan ýowuz çaknyşyklardan soň ok atyşygy bes etmek barada ylalaşdylarOwganystanda geçirilen dabaradan soň, şol güni G.Berdimuhamedow ilki dikuçarda Mary şäherine we bu ýerden hem uçarda Aşgabada bardy.
Bu aralykda, uly Berdimuhamedowyň bu sapary döwründe serhetýaka Maryda, esasanam Serhetabatda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi, Internet üpjünçiligi tas düýbünden kesildi.
Bäş welaýatdan hukuk goraýjylar we esgerler getirildi
“Bäş welaýatdan hukuk goraýjylar köpçülikleýin Serhetabada getirildi. Şeýle-de, harby esgerleriň sany hem artdyryldy. Beýleki welaýatlarda gulluk borjuny ýerine ýetirip ýören harby esgerler we ofiserler hem “perewot” diýlip, köpçülikleýin Serhetabada getirildi” diýip, welaýatyň harby bölümleriniň birindäki ygtybarly çeşmämiz aýtdy.
Degişli maglumat Çeşmeler: Prezidentiň Lebaba sapary döwründe ýollaryň ýapylmagy bir göwreli aýalyň ulagda heläk bolmagyna getirdiHarby ofiserleriň birnäçesiniň anonimlik şertinde sebitdäki habarçymyza aýtmagyna görä, beýleki welaýatlardan harbylaryň we esgerleriň getirilmegi bilen bagly ýagdaýlar mundan ozal hem bolýardy, ýöne edil häzirki ýaly giň gerime eýe bolmandy.
“Serhet howpsuzlygyna hem bu derejede berk gözegçilik edilmezdi. Serhet ýakalary hem uly gorag astyna alnyp, howpsuzlyk güýçlendirildi” diýip, maryly harby ofiser aýtdy.
Sebitde raýatlara gözegçilik hem ýokarlandyryldy. Bu işler howpsuzlyk işgärleri bilen bir hatarda, polisiýa işgärleri tarapyndan amal edildi.
“Uly ýük ulaglar Ýolöten etrabyndan Serhetabada tarap goýberilmän saklandy. Adaty mal bakýan raýatlar hem saklanyp, olardan öz şahsy pasportyny görkezmek talap edildi” diýip, harby ofiser belledi.
Mundan başga-da, sebitde harbylara gözegçilik hem güýçlendirildi. Soňky birnäçe günüň dowamynda olaryň el telefonlary wagtal-wagtal, duýdansyz barlandy.
“Harbylaryň köpüsi Internetden peýdalanyp, surat ýa-da wideo ýazgy edip bolmaýan ýönekeý knopkaly telefonlary ulanyp başlady” diýip, harby ofiser belledi.
Azatlyk uly Berdimuhamedowyň sapary we munuň ilata ýetiren täsirleri barada Marynyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Serhetabadyň häkimliginden teswir alyp bilmedi.
Bu aralykda, harby ofiserleriň ençemesi soňky günlerde sebitde çörek ýetmezçiliginiň güýçlenendigini hem aýtdy.
“Harby bölümleriň naharhanalarynda çörek bolmansoň, köp esger naharlaryny çöreksiz iýmeli bolýar” diýip, harby ofiser belledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.