Owganystanda internet doly kesilende Türkmenistanyň käbir böleklerinde hem bolmady-çeşmeler

Täze internet hyzmatyny hödürleýän bildiriş. Türkmenistan

30-njy sentýabrdan 1-nji oktýabr günine geçilýän gije Türkmenistanyň käbir böleklerinde internet doly kesildi. Balkan welaýatynyň iri şäherlerinde internet tas bir gije-gündiz bolmandyr, käbir ilatly ýerlerde bu ýagdaý birnäçe güne çekipdir. Goňşy Owganystanda internetiň doly petiklenmegine gabat gelen bu ýagdaý barada Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary maglumat berdiler.

"Balkan telekom welaýat merkezi Türkmenbaşyda, Gyzylarbatda we birnäçe etrapda 20 sagadyň dowamynda interneti bermedi. Bereketde we Magtymgulyda 3-nji oktýabr günortan sagat 12-de internet dikeldildi" diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Welaýaty internet bilen üpjün ediji kärhananyň işgärleri internetiň tutuş ýurt boýunça kadaly işlemeýändigini aýdyp, onuň Owganystanda internetiň kesilmegi bilen bagly tehniki näsazlyk bilen düşündirdiler diýip, habarçy belledi.

Degişli maglumat Köneürgençde häkimiýetleriň VPN ulanýan aýal-gyzlara garşy göreşi güýçlendi

"Biziň hünärmenlerimiz işleýär tehniki näsazlyk 2-3 gün dowam eder we kadalaşar, diýip jogap berdiler" diýip, habarçymyz ýerli hünärmene salgylanyp, gürrüň berdi.

Balkanabatda wi-fi interneti 1-nji oktýabrda 17:30-da dikeldilipdir. Türkmenbaşyda 1-nji oktýabrda 22-den soň internet işläp başlapdyr, birnäçe etrapda 2-nji oktýabrda, iň soňunda 3-nji oktýabrda Magtymguly we Bereket etrap merkezlerinde internet dikeldilipdir.

Emma habarçymyz obalarda öý internetiniň 5-nji oktýabrda bazar güni dikeldilendigini belläp: "Ilatyň internet zerurlygy we adamlaryň şikaýatlary diňlenmeýär" diýip, gürrüň berdi.

Türkmenistanda aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün edýän ýeke-täk kompaniýa "Türkmentelekomyň" websaýtynda Balkanda internetiň öçürilmegi barada maglumat çap edilmedi. Azatlyk Radiosy kompaniýa jaň edip, maglumat alyp bilmedi.

Owganystana gözegçilik edýän radikal yslamçy topar “Talyban” hereketi goňşy ýurduň internetini 30-njy oktýabrda doly ýapdy. 1-nji oktýabrda Owganystanda mobil telefonlarynyň we internet hyzmatlarynyň gaýtadan dikeldilmegi ilatyň arasynda ýeňillik döretdi we gahar-gazap duýgusyny tutaşdyrdy.

Owganystanlylar internetiň kesilen wagty öz durmuşynyň birden agdarylyp, öwrülendigini aýtdylar we telekommunikasiýa hyzmatlarynyň 48 sagada golaý wagtyň dowamynda bolmadyk pursadynda öz durmuşynyň bulaşyp, özleriniň agyr ýagdaýa düşendigini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler.

Goňşy ýurtda we yzýany Türkmenistanda hem internetiň kesilmegi türkmenistanlylaryň arasynda aladalanma döredipdir.

"Ilki internet kesilende Balkanabat şäher halky 'Owganystanda internet kesildi, biziň diktator hem ýurdy ýapyp Owganystan ýaly interneti petiklejek bolýar' diýen panika düşdüler. Resmilerden kanagatlanarly jogap alyp bilmedik halk dürli pikirde galdylar. Indi hem oba ýerlerinde wi-fi petiklenjek diýen aladalar bar" diýip, Balkanabaty ýaşaýjy Azatlyga gürrüň berdi.

Emma Azatlygyň habarçylaryna görä, welaýatda internet şu günler dikeldilipdir we hatda onuň tizligi ýokarlanypdyr.

"Tiz we kadaly işläp başlady. Aslynda pes, onuň 6 Mbit/s diýileni 1 Mbit/s-dan geçmeýär, ýöne öňküsinden gowy. Käbir petiklenen VPN-ler işläp başlady" diýip, habarçymyz 6-njy oktýabrda gürrüň berdi.

Türkmenistanlylar goňşy Owgnystandan tapawutlylykda öz internet hyzmatlarynyň yzly-yzyna kesilip durýandygyny we özlerinde kadaly hem-de yzygiderli internet üpjünçiligiň hiç wagt bolmandygyny gynanç bilen belleýärler.

Degişli maglumat Internet gaýtadan dikeldilenden soň, owganlylar öçürilen wagtyndaky üzňelik tejribelerini paýlaşdylar

Türkmenistanda internet yzly-yzyna kesilýär. Ençeme sagatlap, hatda günläp öçürilýän pursatlary bolýar. Muňa garamazdan, hökümet onlaýn hyzmatlaryny ýaýbaňlandyrýar, käbir pudaklarda hyzmatlary diňe onlaýn görnüşde geçirmek talap edilýär, emma iş ýüzünde bu internetiň hiliniň pesligi sebäpli köplenç başa barmaýar.

Türkmenistan dünýäde iň haýal we gymmat internetli ýurtlaryň arasynda galýar.

Türkmenistanlylar ýurduň ýeke-täk aragatnaşyk kompaniýasynyň teklip edýän hyzmatlarynyň iş ýüzünde doly derejede üpjün edilmeýändigini, wada berlen güýjüniň we tizliginiň hakykata gabat gelmeýändigini aýdýarlar. Üstesine, elektrik energiýasyny öndürip, şol sanda goňşy Owganystana eksport edýän ýurtda ilatly ýerleriň togy ýygy-ýygyndan öçürilýär we internet işlemeýär.

Ýurtda ilatyň informasiýa almak hukugynyň bozulýandygyny, senzuranyň bardygyny ret edýän türkmen resmileri interneti çäklendirmek talabyny açyk öňe sürýärler. Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy we öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow interneti çäklendirmegi birnäçe gezek açyk tabşyrypdy.

Degişli maglumat Türkmenistanda Internet çäklendirmeleriniň gerimi ýene-de 'giňäp başlady', näme üçin şeýle bolýar?

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.