Daşoguzda arzan buhanka çöregi gytaldy

Arzan buhanka çöregi döwlet dükanlarynda satylýar.

Daşogzuň döwlet dükanlarynda buhanka çöreginiň satuwda bolmagy seýrekleşdi. Azyk önümleriniň ýene gymmatlap başlan pursadyna gabat gelen bu ýagdaý ýerli ýaşaýjylaryň azyk üpjünçiligini ýene-de kynlaşdyrdy.

Daşoguz welaýatynyň döwlet dükanlarynyň öňünde nobatlar köpelip başlady. Azatlygyň ýerli çeşmeleriniň sözlerine görä, nobatlaryň döremegi bahasy 60 teňňelik arzan buhanka çöreginiň tekjelerden ýitip başlamagy bilen bagly.

"Günde diýen ýaly hökümet dükanlarynyň öňünde çörek üçin uly nobatlar döräp başlady. Adamlara çörek ýetenok. Çöregi getirýän ulagyň haçan geljegi belli däl, şol sebäpli adamlar dükanyň öňüni garawullaýarlar. Emma ähli adam bütin günini sarp edip, çörege nobata durup bilenok. Maşyn gelenden soň, 5-10 adama buhanka çöregini adam başyna ikiden berýärler we 'buhanka gutardy, alsaňyz lawaş we tamdyr çöregi bar' diýip aýdýarlar. Emma buhanka çöregi arzan bolanlygy sebäpli, buhankanyň hyrydary köp" diýip, Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy 17-nji oktýabrda gürrüň berdi.

Degişli maglumat Türkmenabatda et, çörek we beýleki azyk önümleri 20-100% gymmatlady

Buhanka çöregi döwlet dükanlarynda satylýan subsidirlenen azyk önümleriniň düzümine girýär we oňa hyrydar adatça köp bolýar. Emma soňky hepdelerde oňa bolan islegleriň has hem artandygyny gürrüň beren çeşmeler, alyjylaryň arasynda diňe adaty raýatlar däl, eýse azyk önümleriniň söwdasy bilen meşgullanýan hususy telekeçileriň hem köpelendigini aýdýarlar.

Döwlet dükanlaryndaky ýagdaýdan habarly çeşmeleriň sözlerine görä, buhanka çöregi 60 teňňeden her adam başyna sanly görnüşde satylýar, şol bir wagtda ony goşmaça pul berip, has köp mukdarda satyn alyp bolýar. Buhanka çöreginiň hyrydarlarynyň arasynda garbanyşhanalar hem bar.

“Boldumsaz, Gurbansoltan eje etraplaryna we Daşoguz şäherinde hususy dükanlar, balyk, çişlik we spirtli içgileri hödürleýän garbanyşhanalar hökümet dükanlaryndan buhankany 2 manatdan satyn alýarlar" diýip, çeşme gürrüň berýär.

Döwlet dükanlaryndaky arzan çörek köp maşgalalaryň azyk üpjünçiligini düzýär. Bazardaky we hususy dükanlardaky çöregiň bahasy birnäçe esse gymmat bolup, köp maşgalalaryň ony satyn almaga maddy mümkinçiligi bolmaýar.

Beýleki azyk önümleriniň has gymmatlan wagtynda arzan çörek esasy iýmite öwrülýär. Daşoguzly ýaşaýjylaryň sözlerine görä, welaýatyň çäginde şu günler et aşa gymmatlapdyr.

“Sebäbi bazalarda häzir et aşa gymmatlansoň, köpçülik çörek bilen oňuşmaly bolýar" diýip, çeşmeleriň biri aýdýar.

Ýerli ýaşaýjylar häzir welaýatda etiň gytalandygyny, satylýan halatynda bir kilogramynyň 110 manada satylýandygyny aýdýar. "Welaýatda umuman et ýok, bar ýerinde-de 110 manatdan" diýip, ýaşaýjy aýtdy.

Degişli maglumat Sosial ulgamlarda arzan azykly dükanlar barada wideolar köpeldi, alyjylar aldanýar

Käbir daşoguzlylar arzan et gözläp, başga welaýatlara gidýärler.

“Çärjewde [Türkmenabatda] arzan bahadan et satylýar diýip, eşitdik we polisiýanyň basyşy esasynda hususyýetçileriň elindäki etiň bahasy hem arzanlapdyr, şol sebäpli kimde öz maşyny bolsa, şol ýere baryp 15-20 kg we ondan artyk et satyn alýarlar” diýip, Boldumsaz etrabynyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary häzirki wagtda Aşgabat, Balkanabat we Türkmenabat şäherlerinde we yzýany Ahal welaýatynyň döwlet dükanlarynda arzan bahadan doňdurylan etiň satuwa çykarylandygyny habar beripdi.

Ahal welaýatynda bir kilogram sygyr etiniň bahasy 120 manada ýetýän mahaly, alyjylara çäkli möçberde satylýan doň etiň hyrydary köp bolup, onuň söwdasyna polisiýa tarapyndan gözegçilik edilýär diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy oktýabrda sebitden maglumat berdi.

Türkmenistanda azyk krizisy 8 ýyl bäri dowam edýär, emma hökümet bu ýagdaýy ne açyk boýun alýar, ne-de ilata düşündiriş berýär.

Degişli maglumat Türkmenistanda ilatyň azyk aladalarynyň fonunda daşary ýurtly myhmanlara 'iýmit bolçulygy' görkezildi

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.