Aşgabatda et önümleri gymmatlaýar, 'arzan' etiň hyrydary köpelýär

Et söwdasyndaky bökdençlikler oktýabryň başynda has hem güýçlendi. Et dükanynyň tekjesi. Aşgabat (arhiw suraty)

Türkmenistanda et gytçylygy dowam edýär. Hususy söwda nokatlarynda etiň bahasy öň görlüp-eşidilmedik derejede gymmatlaýan wagtynda döwlet dükanlarynda et tapmak kyn. Pes hilli we täjirçilik nyrhyndan arzan etiň hyrydary örän köp.

Paýtagt ýaşaýjylary şu günler et satyn almagyň aladasynda döwlet dükanlarynyň öňünde jemlenýärler we satuwa çykarylan önümleriň hiline garamazdan, ählisini satyn alýarlar.

Döwlet dükanlarynda satuwda peýda bolýan et önümleri esasan süňk bolup, adam başyna çäkli mukdarda satylýar.

Süňküň bir kilogramy 26 manatdan satylýar.

"Ýerli mallaryň çylka eti aýrylyp, süňküň çorbalyk bölekleri elýeterli bahadan satylýar. Süňküň bir kilogramy 26 manat. Hyrydarynyň köpdügi sebäpli bir ele 4-5 kilogramdan köp satylmaýar" diýip, aşgabatly söwda işgäri gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, çagalara, şol sanda mekdep okuwçylaryna et we süňk satylmaýar.

Söwda ministrliginiň garamagyndaky dükanlarda satylýan süňküň bir kilogramynyň bahasy - 26 manat Merkezi Bankyň kursy boýunça 7,4 amerikan dollaryna barabar.

"Süňki ilatyň aglabasy maşgalasy üçin nahar bişirmek üçin üçin satyn alýar" diýip, aşgabatly çeşme aýdýar.

Aşgabatly çeşmeler şu günler döwlet dükanlarynda süňkden başga, daşary ýurtlarda öndürilen doňdurylan etiň hem satuwda peýda bolýandygyny we onuň bir ele iki kilogramdan satylýandygyny aýdýarlar.

Aşgabadyň döwlet dükanyndan satyn alnan doňdurlan et. Oktýabr, 2025.

"Bu eti satyn almak üçin adamlar ir säherden nobata durup, dükan açylýança garaşyp durýarlar" diýip, habarçy gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, dükan satyjylary bu etiň nirede öndürlendigini we nämäniň etdigini aýtmaýarlar.

Geçen hepde Ahal welaýatynyň dükanlarynda hem peýda bolan bu doňdurlan etiň bir kilogramy 40 manatdan satylypdy, onuň hem gelip çykyşy barada alyjylara habar berilmän, käbirler ony "göläniň eti" diýip hasap edipdi.

Azatlyk Radiosy et söwdasynda dörän ýagdaýlar barada Türkmenistanyň söwda wekillerinden resmi düşündiriş alyp bilmedi.

Şu günler hususy söwda nokatlarynda satylýan etiň gymmatçylygy saklanýar. Soňky birnäçe aýyň dowamynda ýerli goýun we sygyr etleriniň bahasy tapgyrlaýyn esasda takmynan 40% gymmatlady.

Häzirki wagtda ýurduň dürli sebitlerinde bir kilogram etiň bahasy 120 manada ýetýär, Aşgabadyň bazarlarynda çylka etiň bir kilogramy 135-140 manatdan satylýar we resmi kursdan 38,5-40 amerikan dollaryna barabar bolýar.

Bu ýagdaýda ýaşaýjylaryň arasynda azyk önümlerini döwlet dükanlaryndan satyn almaga mejbur bolýanlaryň sany köpelýär.

Degişli maglumat Azyk, et gymmatçylygy ilatyň ýaplardaky balyklary bikanun awlanmagyna ‘getirýär’

"Teke bazarda et nobatynda 150-dagy adam dur. Et söwdasyna polisiýa işgärleri gözegçilik edýär" diýip, Azatlygyň habarçysy 23-nji oktýabrda paýtagtdan habar berdi.

Et gytçylygy we gymmatçylygy ilatda nägilelik döredýär. "Adamlar nobatlarda birek-biregi bilen gürruňdeşlikde şeýle durmuşdan halys ýadandyklaryny aýdýarlar" diýip, habarçymyz belleýär.

"Hökümet ilatyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaýar, diňe nägileligini biraz köşeşdirmek üçin pes hilli et önümlerini çäkli mukdarda arzanrak bahadan satuwa çykaryp, ilaty ýeter-ýetmez, doýar-doýmaz halda saklamagyny dowam etdirýär" diýip, aşgabatly ýaşaýjy öz pikirini paýlaşdy.

Türkmenistanda etiň nyrhy tomus aýlarynda ýokarlanyp başlady. Iýul aýynda 80 manada duran çylka etiň bir kilogramy birden 105 manada çenli ýokarlandy.

Degişli maglumat Daşoguzda arzan buhanka çöregi gytaldy

Türkmenistanly oba hojalyk bilermeni et gytçylygynyň birden güýçlenmegini soňky ýyllaryň aşa yssylygy we guraklygy bilen baglanyşdyrýar.

"Howanyň maýyllyk derejesiniň ýokarlanmagy we ygalyň juda az düşmegi, guýçli şemallaryň we tüweleýleriň ýygjamlamagy, şeýle-de topragyň şorlanmagy öri meýdanlarda ýabany otlaryň gurap, ýitip gitmegine getirdi. Öňki gök öri meýdanlary tas ýok diýseň hem bolýar. Tozap ýatan çägeli toprakda otlaýan mallar arryklap, keselleýär we köpçülikleýin gyrylýar we mal sany gitdigiçe azalýar" diýip, oba hojalyk bilermeni aýtdy.

Soňky ýyllarda maldarlar çykdajylarynyň alýan girdejilerinden köp bolýandygyny aýdyp, pudagyň hökümetiň goldawyna mätäçlidigini gürrüň beripdi.

Türkme hökümetiniň resmi hasabatlarynda maldarçylygyň ösýändigi aýdylýar we problemalar agzalmaýar.

Degişli maglumat Ahalda ilata arzan bahadan çäkli möçberde satylýan doňdurylan et üçin dükanlarda uly nobatlar döredi

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.