Aşgabadyň aeroportunda ýolagçylaryň ýany bilen getirýän dermanlarynyň elinden alynmagy ýygjamlaşýar
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Aşgabadyň halkara aeroportunda daşary ýurtlardan Türkmenistana dolanýan raýatlaryň ýany bilen getirýän dermanlarynyň elinden alynmagy bilen bagly wakalar göz-görtele köpeldi. Bu ýagdaýlar barada ýakynda Türkiýeden we Polşadan ýurda dolanan türkmen raýatlarynyň ençemesi gürrüň berdi.