Türkmenistanly zenanyň sosial media arkaly owgan türkmenlerini gödek tankyt edip, olara paýyş sözleri bilen ýüzlenmegi türkmen ulanyjylarynyň arasynda gazaply diskussiýany tutaşdyrdy. Owganystanda zenanlara edilýän zulum barada gürlän Jeren atly ulanyjy owgan türkmenlerini ýigrenýändigini açyk aýtmak bilen eden kemsidiji mazmunly öz çykyşyna soň ötünç sorady. Emma möwç alan çekeleşikler gowşamady.
Owgan türkmenleriniň ençemesiniň sosial mediadaky hasaplarynda Jeren Orazowanyň gödek çykyşly wideosyna garşylyk görkezildi. Bu wideolarda türkmenistanly türkmenlere ýüzlenmeler çap edilip, "goý Jeren Orazowa ötünç sorasyn" diýlip talap edildi.
"Goh-galmagal üç gün bäri dowam edýär. Owganystanly türkmenleriň we türkmenistanly türkmenleriň arasynda galmagala turdy, Jeren Orazowa diýlip TikTok ulgamynda tanalýan aýalyň owgan türkmenlerine paýyş sözli kemsidiji wideosy muňa sebäp boldy" diýip, Türkmenistandaky çeşmeleriň biri belleýär.
Degişli maglumat Türkmen sosial media ulanyjylary özbek bloggerleriniň 'keç ykbalyndan lapykeç bolýar'Ýagdaýdan habarly çeşmeler asly türkmenistanly zenanyň Türkiýäniň raýatydygyny aýdýarlar.
Bu zenan sosial ulgamynda çap bolan wideosynda Owganystanda aýallaryň berk gysyşlara sezewardygyny aýdyp, aýallaryň okamakdan mahrum edilendigi we gyz çagalaryň durmuşa çykarylýandygy ýaly agyr ýagdaýlary agzamak bilen aýyplaýjy sözler bilen owgan türkmenleriniň üstünden düşýär, paýyş sözleri ulanyp, olary ýigrenýändigini aýtdy.
Bu wideo reaksiýa bildirilip, çap edilen wideolaryň birinde Türkmenistanyň baýdagy, prezident Serdar Berdimuhamedowyň suraty ýere zyňlyp, depelenen bolsa, başga bir wideoda owgan türkmenleri "biziň baýdagymyzy we prezidentimizi aýak astyna alyp basdylar" diýip, Owganystanyň baýdagyny otlap, ýakyp wideo çeken türkmen ulanyjylary boldy.
Bu zenany goldanlar hem bar.
"Owgan türkmenleri ol Jereni tutup ar aljagyny aýdýarlar, türkmenistanly türkmenler her nähili bolsa-da. ol zenan diňe bir türkmenistanly türkmenleriň däl. eýsem dünýä türkmenleriniň ildeşi, biz onuň diýen zatlaryny goldamyzok, emma biz ony elimizden geldigiçe gorajak diýýärler" diýip, ýagdaýa içgin syn edýän çeşme belleýär.
Jeren Orazowa ady bilen TikTok platformasynda çykyş eden zenanyň öz hasabyny we çeken wideosyny öçürmegi, onuň türkmen jemgyýetinde döreden reaksiýasyny we tutaşdyran gapma-garşylygy köşeşdirmedi.
Türkmenistandaky çeşmeleriň sözlerine görä, bu ýagdaý ilatyň dürli gatlaklaryna täsir edipdir, ýaşulularyň aladasyny artdyrypdyr.
"Ýaşuly adamlar bu goh-galmagalyň geregi ýok diýýärler. Owgan türkmenleri, eýran türkmenleri, garagalpak türkmenleri we dünýäniň dürli künjeklerindäki türkmenler biziň ata-babalarymyzyň nesilleri. Olar biziň gan doganymyzdyr diýýärler" diýip, türkmenistanly çeşme aýtdy.
Degişli maglumat 'Açyk pikir alyşmalar syýasy doňakçylygy eredip, raýat jemgyýetiniň kemala gelmegine ýardam berer'Ýene bir türkmenistanly dörän gapma-garşylykdan nägile bolýandygyny aýdyp, pikirini paýlaşdy: "Biz gaty agzybirdik, indiki ýaşlaryň bu zatlardan habary ýok. Şeýdip, iki dogan birek-birek bilen uruş edermi. Dogan dogany görende göz ýaş eder, geçen günleri ýatlap, gelejegi barada pikir eder, bu iki günlük ýalançy dünýäde birek-birege doga eder".
Goňşy Owganystanda bir milliondan gowrak etnik türkmen ýaşaýar. 2021-nji ýylyň awgustynda Owganystanda häkimiýet “Talybanyň” eline geçenden soň, ýurtda köpden bäri dowam edýän durmuş-ykdysady şertler has-da ýaramazlaşdy. Esasan ýurduň demirgazygynda kowçum bolup, ýaşaýan ýüzlerçe müň etniki türkmeniň durmuşy hem göz-görtele agyrlaşdy.
Degişli maglumat Türkmen YOJ-larynda okaýan owganlar kemsidilýändigini aýdýarlarTürkmenistanyň hökümeti Owganystandaky türkmenleriň meselelerini resmi derejede agzamaýar, emma goňşy ýurda wagtal-wagtal ynsanperwer kömegini ýollaýar we elektrik energiýasyny ugradýar.
Şeýle-de, Türkmenistanda owganystanlylaryň bilim almagyna mümkinçilik berilýär. Resmi maglumatlara görä, hökümetara ylalaşyklara laýyklykda her ýyl Owganystanyň onlarça raýaty Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk uniwersitetinde dil öwrenmek boýunça okuwa alynýar. Dil kurslaryndan soň owgan raýatlary Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna - Nebit-gaz halkara uniwersitetine, Oba hojalyk institutyna, Energetika we mugallymçylyk uniwersitetlerine okuwa alynýar.
Şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanda bilim alýan owganystanlylaryň ýerli studentleriň kemsitmelerine we urgularyna sezewar edilmegi bilen bagly ýagdaý köpçülige mälim boldy.
Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri hususan-da, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna we Mary welaýatynda ýerleşýän döwlet energetika institutyna degişli ýagdaý barada maglumat berip, Owganystandan gelip Türkmenistanda bilim alýan ýaşlar "kemsidilýär, türkmenistanly boýdaşlary olara haýbat atýar, urup-ýençýär we pul talap edýär" diýip gürrüň berdiler.
Degişli maglumat Türkmen häkimiýetleri bloggerleri soraga çagyrýar, olardan ýurdy wagyz etmek talap edilýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.