Zelenski Budapeştde Tramp we Putin bilen duşuşmaga “taýýardygyny” aýdýar

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (çepde) 17-nji oktýabrda Ak tamda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskini garşy alýar.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Budapeştde parahatçylyk gepleşiklerini geçirmek üçin duşuşmaga “taýýardygyny” aýdyp, şol bir wagtda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Ukrainadaky üç ýyldan hem aşa wagt dowam edýän urşy tamamlamaga meýillidigine şübhe bildirdi.

“Men Putiniň häzirlikçe bu urşy tamamlamaga taýýardygyna ynanmaýaryn” diýip, Zelenski NBC telekanalyna öňünden ýazgy edilen, 19-njy oktýabrda efire berlen söhbetdeşlikde aýtdy. “Meniň pikirimçe, belkem ol agressiýa bilen gaýdyp gelmek isleýändir” diýip, ol sözüne goşdy.

Ukrainanyň lideri Putiniň “hakyky parahatçylyk gepleşiklerini” yza süýşürmek isleýändigini belledi. Onuň pikiriçe, Putin urşy bes etmek üçin anyk şertleriň öňe sürüljekdigi we mümkin bolan käbir egilşikleriň talap ediljekdi sebäpli, onuň özi bilen ýüzbe-ýüz duşuşmakdan gaça durýar.

Zelenski rus liderine basyşy güýçlendirmäge çagyryp, Putiniň sanksiýalardan hem-de Russiýanyň ykdysadyýetine zarba urýan ikinji derejeli gadagançylyklardan “gorkýandygyny” aýtdy.

Degişli maglumat 'Tomahawk' Tramp bilen Zelenskiniň Waşingtondaky duşuşygynyň üns merkezinde

Bu bellikler Zelenksiniň 17-nji oktýabrda Waşingtonda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen geljekki parahatçylyk gepleşiklerini ara alyp maslahatlaşmagyndan soň edildi. Ukrain lideri şu ýylyň hasabyna eýýäm üçünji gezek Ak tamda gepleşik geçirdi.

Soňky duşuşykda ABŞ bilen mümkin bolan ýarag şertnamasyny, Ukrainanyň ABŞ goşunyna dron tehnologiýalarynyň berilmegini, muňa öwezine bolsa uzak aralyga niýetlenen “Tomagawk” raketalarynyň iberilmegini maslahat etmek göz öňünde tutulýardy, emma Tramp bu ýaraglaryň Ukraina iberilmegine oňaýsyz garaýandygyny ýaňzytdy.

Munuň deregine, ABŞ prezidenti Russiýany we Ukrainany ok atyşyklary derrew bes etmäge çagyrdy. Ol ganyň ýeterlik dökülenini belläp, ýakyn hepdelerde Budapeştde Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmagy göz öňünde tutýandygyny mälim etdi. Sammitiň anyk senesi entek takyklaşdyrylmady.

Zelenski NBC bilen söhbetdeşlikde ABŞ bilen Russiýanyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn ýa-da üçtaraplaýyn parahatçylyk gepleşiklerine taýýardygyny gaýtalady.

Mundan başga, ol söweş hereketleriniň front liniýasynyň çyzygy boýunça duruzylmagyny we parahatçylyk gepleşiklerine başlamak üçin ok atyşyklaryň bes edilmegini zerur hasaplaýandygyny aýtdy.

The Washington Post neşiriniň 18-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, Putin 16-njy oktýabrdaky Tramp bilen telefon söhbetdeşliginde urşuň tamamlanmagynyň şertleriniň biri hökmünde: Ukrainanyň gündogaryndaky strategiýa taýdan möhüm Donetsk oblastynyň doly gözegçiligini Moskwa berilmegini talap edipdir.

Tramp 19-njy oktýabrda giçlik eden çykyşynda, bu sebitiň “häzirki ýagdaýda galmalydygyny”, şeýle-de Russiýanyň Donetskiň 78% töweregine gözegçilik edýändigini aýtdy.

“Olar häzirki ýerinde saklanmaly. Taraplaryň ikisi hem Ýeňiş yglan etsin, galanyny Taryh çözsün!” diýip, Tramp 17-nji oktýabrda sosial ulgamlarda ýazypdy.

Ol bu pikirini 19-njy oktýabrda hem gaýtalap, “Häzir nähili bolsa, şonuň ýaly goýuň. Olar… soň, wagty gelende, bir zady ylalaşyp bilerler” diýdi.

Financial Times 19-njy oktýabrda, meseleden habarly çeşmlere salgylanyp, Trampyň Ak tamdaky duşuşykda Zelenskiden urşy bes etmek üçin Donetskden ýüz öwürmek ýaly Russiýanyň şertlerine razy bolmagyny teklip edendigini habar berdi.

Emma Tramp 19-njy oktýabrda žurnalistlere beren maglumatynda Ukrainanyň Donetski Russiýa bermegi baradaky meseläni Zelenski bilen ara alyp maslahatlaşandygyny ret etdi.

Financial Times neşiriniň maglumatyna görä, Tramp Zelenskä Putiniň onuň şertlerine razy bolmasa, onda Ukrainany “ýok etmek” bilen haýbat atandygyny duýdurypdyr.

Ukraina üçin mümkin bolan islendik ahyrky parahatçylyk ylalaşygynda territoriýa boýunça käbir eglişikleriň boljakdygy çak edilýär, emma Putiniň nämelere razy boljakdygy ýa-da Kiýewe nämeleri hödür edip biljekdigi belli däl.

Ukrainanyň konstitusiýasy ýurduň territoriýasyna islendik üýtgeşmäniň umumy milli referendumda tassyklanmagyny talap edýär, emma şeýle ses berişlik 2022-nji ýylda Russiýanyň doly göwrümli çozuşynyň başlanmagyndan bäri ornaşdyrylan harby ýagdaý şertlerinde geçirilip bilinmeýär.