- ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Ýakyn Gündogara eden sapary, Ysraýyl we "Hamas" üçin 20 punktly meýilnamany öz içine alýan parahatçylyk başlangyçlaryna gönükdirilýär.
- Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý, Trampa Ukrainanyň çägine edilýän hüjümleriň möwjemegi sebäpli Russiýanyň Ukraina garşy söweşini bes etmek meselesine ünsi jemlemäge çagyrýar.
- Tramp, diplomatik taýdan izolirlenen Ysraýyldan tapawutlylykda Hytaýdan we Demirgazyk Koreýadan güýçli goldaw alýan Russiýa basyş etmekde kynçylyk çekýär.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Ýakyn Gündogara gelmegi sebit diplomatiýasynyň öwrülişik nokady bolup biler. Emma bu üstünlik, Russiýanyň Ukraina garşy söweşini bes etmek üçin täzeden edilýän tagallalara sebäp bolarmy?
Ýerusalimde ol işjeň ýagdaýda öňe sürlen şertnamanyň çäginde boşadylan zamunlaryň maşgalalary bilen duşuşar, "Hamas" ABŞ-da terror guramasy hasaplanýar.
Amerikan lideri, Ysraýyl Knessetindäki çykyşynda Ýakyn Gündogaryň parahatçylygy baradaky garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik alar. Soňra ol Müsürde 20-den gowrak ýurduň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky sammite ýolbaşçylyk eder. Duşuşygyň maksady Gazada ok atyşyklygyň hemişelik togtamagyny üpjün etmek.
Emma bu taryhy parahatçylyk meýilnamasynyň dabaralary köşeşensoň başga bir sorag güýjünde galar: Ak Tam ünsüni Ikinji jahan urşundan bäri Ýewropadaky iň uly we ganly konflikte gönükdirermi?
Degişli maglumat HAMAS zamun alnanlaryň iki tapgyryny - jemi 20 adamy boşatdyÝerusalimden 2000 km uzaklykda, Kiýewde, çözgüt tapyljagynyň örän gümanadygyna garamazdan, Trampyň parahatçylyk gepleşiklerine ýolbaşçylygyndan ýuwaşlyk bilen ýüz öwürmän, "parahatçylygy dörediji we birleşdiriji" boljakdygy baradaky sözüni ýerine ýetirjegine umyt edýärler.
"Bir sebitde uruş togtadylsa, beýlekilerde hem, şol sanda Russiýanyň söweşi-de duruzylyp bilner"- diýip, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý 12-nji oktýabrda Trampyň Ýakyn Gündogara syýahatyna gitmezden birnäçe sagat öň sosial ulgamda ýazdy.
Zelenskiý Russiýanyň Ukraina garşy howa zarbalaryny güýçlendirmek bilen "dünýäniň Ýakyn Gündogarda parahatçylygy üpjün etmeklige ünsi gönükdirmeginden aç-açan peýdalanýandygyny" aýtdy.
Bu dowam edýän hüjümler, Trampyň Ýakyn Gündogarda gazanan üstünliklerine garamazdan, Russiýanyň Ukrainany basyp almak boýunça dört ýyla golaý wagtlap dowam edýän urşuny bes etmek baradaky gepleşikleriň güýjüni ýitirendigini görkezýär.
Elbetde, iki konfliktiň arasynda möhüm tapawutlar bar. Ysraýyl diplomatik taýdan iňňän üzňeleşdirildi we ABŞ-nyň goldawyna doly bagly boldy. Bu ýurt dünýäde ABŞ-nyň iň köp kömegini alýar.
Analitikleriň köpüsi, Trampyň bu täsiri Ysraýylyň 20 punktly parahatçylyk meýilnamasyna razy bolmagyna itergi berýär diýip hasaplaýarlar. Şeýle-de, Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu edilýän jemgyýetçilik basyşy hem bar, olar esasanam geçen aýda Ysraýylyň ABŞ-nyň esasy ýarany Katarda "Hamasyň" obýektini nyşana alyp, eden howa hüjüminden soň güýçlendi.
"Netanýahunyň katarlylaryň öňünde Doha edilen zarba üçin ötünç soramagynyň güýçli pursatlaryny gördük" -diýip, Londonda ýerleşýän “Chatham House” akyl merkeziniň ABŞ-nyň programmasynyň ýolbaşçysy Laurel Rapp 10-njy oktýabrda podkastda aýtdy.
Degişli maglumat Ysraýyl we HAMAS parahatçylyk meýilnamasynyň birinji tapgyrynda ylalaşdyYsraýyldan tapawutlylykda Russiýa Hytaýyň ykdysady goldawyndan we Demirgazyk Koreýanyň harby goldawyndan peýdalanýar. Emma ol öň görlüp-eşidilmedik halkara sanksiýalarynyň ençemesini başdan geçirse-de, eglişik etmek islemeýär.
Kreml uly ýitgilere garamazdan, Russiýanyň söweş meýdanynda ýeňiş gazanýandygy baradaky gürrüňi ýaýratmagyny dowam etdirýär.
"Ýakyn Gündogardaky parahatçylyk tagallalary we Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky ýagdaý arasynda göni baglanyşyk bar öýdemok" - diýip, Düýbi Waşingtonda ýerleşýän “Defense Priorities” analiz merkezinden Ben Fridman aýtdy.
"Russiýany täze sanksiýalaryň we basyşlaryň garaşýandygyna ynandyrsak-da, hiç zady üýtgetmek mümkin däl" diýip, bilermen belledi. - "Kynçylyk, eýýäm olara garşy şeýle berk sanksiýalary girizdik, goşmaça çäreler galmady".
Tramp ABŞ we onuň ýaranlary, esasanam Russiýanyň nebit eksportyny çäklendirmek arkaly Moskwa edilýän basyşy ýokarlandyrmak üçin birnäçe ädim ätmegi teklip etdiler.
Tramp Russiýanyň nebitini import edýän ýurtlara ikinji derejeli salgytlary girizmek bilen haýbat atdy we ABŞ-nyň Hindistana 25 göterim salgyt girizmegiň beýleki ýagdaýlarda ulanylyp bilinjek çäräniň mysalydygyny aýtdy. Şeýle hem Tramp Ýewropa ýurtlaryny şeýle etmäge we Russiýanyň nebitini satyn almagy bes etmäge çagyrdy.
"Basyş gurallarymyz çäksiz däl, ýöne parahatçylyk şertnamasyny ret edendigi üçin Russiýa garşy ulanylyp bilinjek köp sanly basyşlarymyzyň bardygyny aýtsa bolar" - diýip, ABŞ-nyň NATO-daky ilçisi Metýu Whitaker 10-njy oktýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.
Emma ol Trampyň pozisiýasyny gaýtalap, Ýewropa ýurtlarynyň has köp çäre görmelidigini aýtdy.
"Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň näme etjekdigini soramagyň ýerine, hemmämiziň näme etjekdigimizi soramakçy, sebäbi Ýewropanyň hem ähmiýeti bar" diýip, ABŞ-nyň NATO-daky ilçisi aýtdy.
Uzak wagtdan bäri Russiýanyň gazylyp alynýan ýangyç girdejilerini pese gaçyrmak üçin uly ikinji nyrhlaryň tarapdary bolan täsirli respublikan senator Lindsi Graham 12-nji oktýabrda Amerikanyň Tomahawk kruiz raketalarynyň Ukraina iberilmeginiň ýene bir basyş guralydygyny aýtdy.
Russiýanyň gazylyp alynýan ýangyç girdejilerini pese gaçyrmak üçin köpden bäri ikinji derejeli salgytlary girizmegi goldaýan täsirli respublikan senator Lindsi Graham 12-nji oktýabrda Amerikanyň Tomahawk kruiz raketalarynyň Ukraina satylmagynyň ýene bir basyş guralydygyny aýtdy.
Ýakynda Tramp bu mümkinçiligi öňe sürdi, ýöne entek anyk signal bermedi. Kreml şeýle ädimiň ýagdaýyň çynlakaý möwjemegine sebäp boljakdygyny we jogap döretjekdigini duýdurdy.
Tramp Ysraýyla we "Hamasa" basyş edendigi üçin uly öwgä eýe boldy we 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda "Hamasyň" Ysraýyla hüjüm edeninden soň başlanan häzirki urşy bes etmek üçin 20 punktly parahatçylyk meýilnamasy barada ylalaşyga gelinmegini gazandy. Şol hüjümde 1200-den gowrak ysraýylly öldürildi we takmynan 250 adam zamun alyndy. Munuň netijesinde Ysraýylyň Gaza zolagynda eden operasiýasy onlarça müň adamy, esasan, parahat ilaty öldürdi.
Indi Tramp Ukrainadaky söweş bilen ýüzbe-ýüz bolup, ony dünýäniň iň çylşyrymly halkara konflikti diýip atlandyrdy.