Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşýän ýerli synçylar sosial ulgamlara, türkmen ulanyjylarynyň ol ýa-da beýleki sosial-ykdysady, syýasy habarlara bildirýän reaksiýalaryna syn edip, ýurtdaky sosial, syýasy biparhlygyň ‘bozuljak bolýandygyna’, ilatda 'raýdaşlyk meýilleriniň' peýda bolýandygyny öňe sürýärler.
“Soňky üç ýarym onýyllygyň içinde kemala gelen ýiti atomlaşdyrylan jemgyýetiň ahyrsoňy, kem-kemden jebisleşip, ysnyşykly bir hala geçip başlandygyny gyldan ýuka ähtimallyk bilen aýtsa bolar” diýip, ýerli synçy aýtdy.
Söhbetdeşlerimiziň käbiri jemgyýetdäki ownamagyň, çüpremegiň 90-njy ýyllardan has öň başlanandygyny we sowet terbiýesini alan ýolbaşçylaryň bu ýagdaýa syýasy, sosial baha berilmeginiň öňüni alandygyny belleýärler.
Azatlygyň habarçysynyň aýry-aýrylykda gürleşen synçylary soňky döwürde öz ynanyşýan adamlary bilen "atomlaşdyrylan jemgyýet" taglymaty barada kän pikir alyşýandyklaryny, bu gürrüňleriň köp adamy gyzyklandyrýandygyny aýtdylar.
Degişli maglumat Möwç alýan protest meýilleri türkmen režimi üçin-de, oppozision toparlar üçin-de uly signal – ýerli synçyÝerli synçy bu taglymatyň Hytaý, Russiýa, Türkmenistan, Eritreýa ýaly berk awtoritar düzgünli ýa totalitar jemgyýetlere mahsus bolup, adamlaryň arasynda keseligine (gorizontal) ýagdaýda gurulýan gatnaşyklaryň, özara ynanyşmagyň, raýdaşlygyň, maşgala we medeni gymmatlyklaryň, umumylyklaryň ýuwlup aýrylmagyny, berk döwlet gözegçiligi astyndaky agzalalygy, gorkyny aňladýandygyny belledi.
Berk döwlet gözegçiliginiň getiren 'petigi'
Söhbetdeşlerimiziň sözlerine görä, 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri dowam edýän berk döwlet gözegçiligi, diýdimzorluk, islendik erkin ýa özbaşdak çemeleşmä we jemgyýetçilik inisiatiwalaryna ýowuz basyş etmek syýasaty türkmen jemgyýetini sowet döwründäkiden hem beter atomlaşdyryp, häzirki agzalalyga ýa-da bir-birege ynamsyzlyga getirdi.
Özüni sosial synçy diýip atlandyran söhbetdeşimiz munuň birnäçe sebäbiniň bardygyny we häzirki "millilik, watançylyk we patriotizm" syýasaty diýilýäniň il içinde ynamsyzlyk döretmekde, syýasy raýdaşlygy ýok etmekde has uly rol oýnandygyny öňe sürdi
"Watançylyk ruhy we patriotizm syýasaty" ady bilen ýurtda hakyky durmuşa degişli islendik mesele ýa kynçylyk dolulygyna inkär edilip gelinýär, şol meseleleri gozgamakçy ýa bar bolan kynçylyklary barada aýtmakçy bolýan raýatlara onýyllyklaryň dowamynda "watan dönügi", "halk duşmany", "ýurduny masgara ediji" tagmalary dakyldy. Netijede, jemgyýetçilikde islendik, hatda iň bir ýönekeý meseleler boýunça hem tankydy we obýektiw pikir ýöretmek we pikir alyşmak mümkinçilikleri dolulygyna ýok edildi” diýip, synçy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, bu ‘syýasat’ jemgyýetde ol ýa beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, dürli hili pikirleri bildirmek endiklerini onýyllyklaryň dowamynda gowşatdy we tasdan doly ýok etdi.
Türkmen jemgyýetçiligindäki syýasy gorkynyň, biparhlygyň, özara ynamsyzlygyň gitdigiçe ösmegi bilen, ahyr netijede jemgyýetiň iň soňky sütüni - maşgala bitewiligi we gymmatlyklary hem synyp ugrady diýip, söhbetdeşimiz pikirini dowam etdirdi.
Degişli maglumat Türkmenler Gürjüstandaky protestler, özbek häkimiýetleriniň 'maşgala dawalary' barada pikir alyşýar"...ykdysady krizisiň çuňlaşmagy bilen, zähmet migrasiýasy uly depginler bilen artyp başlady. Netijede, ýurduň gür ilatly, köp çagaly, maşgala gatnaşyklary çuňňur bolan Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlary agyr ykdysady we durmuş kynçylygyna uçrap, depressiw sebitlere öwrüldi, maşgalalar bozulyp, çagalar bilen ene-atalaryň arasyndaky gatnaşyklar üzüldi. Çagalaryň mekdeplerde özüni alyp barşy gowşady, ýaşlaryň arasynda öz-özüňe kast etmek, birek-birege bet niýet bilen garamak tendensiýalary göz-görtele artyp ugrady" diýip, sosial synçy bu meseläniň çuňňur we töwrekleýin öwrenilmelidigini, emma ýurtda ‘häkimiýetlere degýän’ hiç bir meseläni açyk, metbugat arkaly maslahatlaşyp bolmaýandygyny hem sözüne goşdy.
Adamlaryň pikirlenmekden başga çäresi 'ýok'
Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen ýerli ykdysatçy ýurtda döredilen emeli kynçylyklaryň adamlary pikirlenmäge mejbur edýändigini, olarda başga hiç bir çykalganyň galmandygyny öňe sürdi.
Ýurtdaky ýiti ykdysady kynçylyklar, hökümet bilen halkyň arasyndaky sosial şertnamanyň bozulmagy, ykdysatçynyň pikiriçe, “atomlaşdyrylan türkmen jemgyýetinde raýat raýdaşlygynyň kemala gelmegine, raýatlaryň ýurtda bolup geçýän dürli syýasy we ykdysady kynçylyklara biparhlyk bilen däl-de, nähilem bolsa tankydy göz bilen garamagyna” getirýär:
"Halk maslahatynda çykyş eden ýaşuly pensiýalary, aýlyklary we kömek pullaryny her ýyl 10% artdyrmak tejribesini ýatyrmagy talap edende, türkmen internet ulanyjylary onlaýn we oflaýn şekilde şol teklibi ret etdiler. Bu adamlaryň arasyndaky gorizontal gatnaşyklaryň dikelmegine uly itergi berýär" diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Syýasy synçynyň pikiriçe, atomlaşdyrylan diýilýän jemgyýetde ýuwaş-ýuwaşdan üýtgeşiklikleriň, raýdaşlygyň, erkin söze we hak-hukuga bolan küýsegiň artyp barýandygyny gaty seresaplylyk bilen aýtsa bolar.
"Jemgyýetde ahyrsoňy ýurtda bolup geçýän wakalara reaksiýa bildirmek, pikir paýlaşmak we raýdaşlyk görkezmek endikleri kemala gelip başlady" diýip, ol "Z nesil” diýilýäniň biraz artyk işjeňligi, hak-hukuk talaplary bilen, öz ata-enesiniň neslinden tapawutlanýandygyny hem sözüne goşdy.
Ýerli synçydan tapawutlylykda, Ýewropada ýaşaýan we türkmen aktiwistleriniň sosial ulgamlarda gurnaýan pikir alyşmalaryny yzygiderli diňleýän türkmen inženeri türkmen jemgyýetindäki raýdaşlyk entek ‘gaty pes ýagdaýda’ diýip pikir edýär we, köpçülikdäki ‘garaşmak pozisiýasynyň” ýa-da bütin jemgyýetiň öňünde duran wezipeleri öňe çykan az sanly adam çözer diýip umyt etmegiň üýtgeşikligi haz uzaga çekdirmek ähtimallygyny öňe sürýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.