Türkmenistanda onlaýn hyzmatlar bilen bagly aldawa düşýänleriň sany artýar

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda daşary ýurt onlaýn dükanlaryndan programmalary satyn almaga we tölegli internet hyzmatlaryny ulanmaga synanyşýan raýatlaryň arasynda aldawçylaryň toruna düşüp, öz pullaryny ýitirýän ýagdaýlary ýüze çykýar. Azatlygyň Aşgabatdaky we Türkmenabatdaky çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, soňky aýlarda beýle ýagdaýlar esli köpelipdir.

Aşgabatly çeşmäniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Türkmenistanyň Daşary ykdysady banky 2024-nji ýylda “onlaýn tölegleri ýeňilleşdirmek” maksady bilen täze hyzmat — wirtual bank karty hyzmatyny hödürläp başlapdyr. Bu kartyň kömegi bilen raýatlara daşary ýurt platformalarynda, şol sanda STEAM, Netflix, Yandex Music, Google Play, App Store ýaly ulgamlarda tölegleri amala aşyrmak mümkinçiligi döredilýär.

Degişli maglumat Internet gözegçiligi ýene güýçlendirilýär, polisiýa 'gazanç aladasynda' - Çeşmeler

Emma ýurduň içerki pul syýasatynda döwletiň raýatlaryň maliýe hyzmatlaryna girizýän çäklendirmeleri we dollaryň resmi kursy bilen gara bazardaky bahasynyň arasyndaky ägirt uly, ýagny 5 esseden gowrak tapawut hilegärleriň ýagdaýdan peýdalanmagyna ýol açýar.

Soňky ýyllarda ýaşlarda aragatnaşyk, bilim we oýun platformalarynda tölegli hasaplary ulanmak isleginiň artýan wagtynda dürli aldawçylyk usullary hem döreýär.

Çeşmeleriň sözlerine görä, wirtual karta açmak üçin raýat bank hasabyna 100 amerikan dollary möçberinde depozit goýmaly. Emma şol bir wagtda, dollaryň resmi kursy boýunça bu puly hasaba geçirmek mümkinçiligi ýok, sebäbi bank işgärleri dollary diňe gara bazar nyrhyndan hasaplaýandygyny aç-açan aýdýarlar.

“Bu ýagdaý daşary ýurt walýutasyndan goşmaça girdeji toplamak ugry ýaly görünýär. Adamlar resmi 3,5 manatlyk kurs boýunça däl-de, gara bazardaky 20 manat aralygyndaky kurs bilen pul berýärler” diýip çeşme gürrüň berdi.

Türkmenabat we Aşgabat şäherlerinde ýaşaýan onlarça adam, özlerini “araçy” hökmünde tanadan adamlaryň wada berip, soňra aradan ýitendikleri barada Azatlyga gürrüň berdiler. Bu araçylaryň köpüsi özleriniň bankda tanyşlarynyň bardygyny aýdyp, “para esasynda” wirtual karty dolduryp bermegi wada berýärler.

18 ýaşyndaky ýigit özüniň şeýle aldawdan ejir çekendigini gürrüň berdi: “Men öň oýun platformalarynda hasaby doldurmak üçin daşary ýurt banklary bilen işleýän araçylara ýüz tutýardym. Emma soňra Daşary ykdysady bankyň wirtual kart hyzmatynyň barlygyny eşitdim, has ýeňil ýol ýaly bolup göründi. Adyny Serdar diýip tanadan adam 3000 manat aldy, ýagny 800 manady depozit üçin, 2000 manady karta goýuljak pul üçin, 200 manady bolsa hyzmat tölegi hökmünde aldy” diýip, türkmenabatly puluny ýitirendigini gürrüň berdi.

Ýaşlar esasy maksatlarynyň tölegli oýun platformalaryndan we onlaýn okuw hyzmatlaryndan peýdalanmakdygyny aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, daşary ýurt töleg ulgamlarynyň Türkmenistanda çäklendirilmegi we dollary resmi kurs boýunça çalyşyp bolmaýandygy araçylara ýüz tutmaga mejbur edýär.

Degişli maglumat Raýatlaryň WhatsApp, Telegram hasaplaryna zyýanly linkler iberilýär

“Ýaşlaryň köpüsi internet arkaly STEAM ýa-da Netflix ýaly platformalara pul töläp bilmeýärler. Bankda resmi ýol bilen amal etmek kyn. Şonuň üçin olar Tik-Tokda ýa-da Instagramda çykyş edýän ‘araçylara’ ynanýarlar. Emma soňra olaryň köpüsi ýitýär” diýip, aşgabatly aýdýar.

Mundan öň dürli Telegram toparlarynda ýa-da Instagram sahypalarynda “wirtual karta açyp berýän” diýip, şeýle hyzmatlary teklip edýän bildirişler döräp başlady.

Azatlyk Radiosy soňky ýylyň dowamynda Türkmenistanda onlaýn töleg hyzmatlary bilen baglanyşykly hilegärleriň dörändigi barada birnäçe gezek habar beripdi. Emma soňky aýlarda bu ýagdaý köpçülikleýin häsiýete eýe boldy.

Raýatlarynyň interneti ulanmagyna berk gözegçilik edýän Türkmenistanyň häkimiýetleri onlaýn galplygy we raýatlaryň hilegärleriň aldawyna düşmegi ýaly problemalary açyk gozgamaýar. Bu problema döwlet mediasynda hem agzalmaýar.

Degişli maglumat Onlaýn söwdada hilegärlik hadysalary rowaç alýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.