Türkmenistanda howa sowaýar, ýyladyş möwsümine garaşýan ýaşaýjylar üşeýär

Ýaşaýyş jaýlaryň ýyladyş möwsümi 10-njy oktýabrda başlanýar. Munuň öňýany taýýarlyk çäreleri geçirilýär.

Türkmenistanyň günbatarynda şu günler gijelerine howa esli sowaýar. Şäherleriň köpgatly jaýlarynyň ýaşaýjylary öýleriň sowukdygyny, aýratynam ýaş çagaly maşgalalara we hassalara agyr düşýändigini aýdýarlar.

Balkanabat şäheriniň ýaşaýjylary jemlenip, jaýlaryň sowuklygyndan şikaýatyny häkimlige ýetirdi. Azatlygyň ýerli habarçysynyň maglumatyna görä, häkimlige baran 100 golaý adam köpgatly beton öýlerdäki kwartiralaryň sowukdygyny aýdyp, umumy ýyladyş ulgamyny işe girizmegi sorapdyr.

"Balkanabat şäher häkimlik binasynyň öňünde jemlenen adamlar häkimiň jemagat hojalygy bölüminiň hünärmeni bilen duşuşdylar. Ol adamlaryň ýaş bäbekleriniň we garrylarynyň sowuk jaýlarda kösenýändikleri barada eden şikaýatlaryny diňläp, ýyladyş ulgamyny 10-njy oktýabr senesi gelmezden işe goşup bilmeýändiklerini aýtdy" diýip, ýerli çeşmeleriň biri 4-nji oktýabrda bolan ýagdaýy gürrüň berdi.

Degişli maglumat Lebapda gaz we elektrik üpjünçiligi bökdedi, ilat ýylynmakda kynçylyk çekdi

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gepleşen çeşmeleriň gürrüň bermegine görä, häkimligiň wekili käbir jaýlarda hatda ýyladyş möwsüminiň başlanmagyndan soň hem jaýlaryň birnäçe hepdeläp ýyladylmajagyny aýdypdyr.

"Ol 225-nji, 189-njy we 211-nji jaýlarda umymy ýyladyş gazanlarynda düýpli abatlaýyş işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy we agzalan jaýlarda 25-nji oktýabra çenli işleriň dowam etjekdigini habar berdi. Ol şol işler geçirilenden soň ýyladyş ulgamy işlediler diýdi. Şeýle-de, häkimlik resmisi bu gazanlary abatlamak üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn almaga häkimlikde puluň ýetmezçilik edýändigi belläp, her hojalykdan 2 müň manatdan pul bermegi sorady" diýip, ýene bir çeşme ýagdaýy gürrüň berdi.

Ortaça bir aýlyga barabar bu puluň soralmagy ýaşaýjylarda gahar-gazap döredipdir. "Adamlar bu hünärmen bilen tas ýakalaşypdy" diýip, çeşmeler gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy Balkanabadyň häkimlik wekilleri bilen habarlaşmaga synanyşdy, emma jaňlarymyza jogap beren bolmady.

Balkanabadyň ýaşaýjylary gündizlerine beton jaýlarda oňup bolýandygyny, emma gijelerine aşa sowuk bolýandygy belleýärler. Soňky günlerde gijelerine howa +8 gradus töweregi bolýar.

"Ýokarky etažlar has sowuk. Elektroset işgärleri hem her gün adamlara tok peçleri ulanmazlyk barada duýdurýarlar. Öýleri ýylatmak üçin tok peçleri ulanylanda transformatorlaryň güýji ýetmeýär, ýanýar. Gaz plitalar hem köp gatly jaýlarda aşa howply. Öýi gyzdyrmak synanyşygy ýangyn howpuny döredýär" diýip, çeşmeleriň ýene biri aýtdy.

Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan ýaşaýjylar ýaş çagaly ýa-da garry maşgala agzasy bolan maşgalalaryň, maýyplaryň gaty kösenýändigini aýratyn belleýärler.

Degişli maglumat Balkanly ýaşaýjylar ýylynmak kynçylygyny başdan geçirýärler

Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlary ýylatmak problemasy ýyllarboýy saklanyp galýar. Jemagat gulluklary ýyladyş ulgamyny gyşa taýýarlamak boýunça zerur çärelere köplenç möwsümiň başlanmagyna az wagt galanda girişýärler we wagtynda ýetişmeýärler.

Munuň şu ýyl hem gaýtalanandygyny balkanly çeşme aýdýar: "Gyşa taýýarlyk alsynda tomus aýlarynda geçirilmeli. Döwlet tarapyndan ýyladyş gazanlary üçin ätiýaç şaýlary we gyzgyn suw geçiriji turbalar berilmeýär. Onsuzam umumy ýyladyş gazanlaryny işledýän 6 aý zähmet hakyna zähmet çekýän işgärlerden öz hasabyna swarka üçin elektrodlar, kislorod balonlary ýaly zatlary satyn almak talap edilýär" diýip, çeşme aýtdy.

Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlaryň üpjünçiligine degişli her ýyl gaýtalanýan jemagat hyzmatlaryndaky problemalar häkimiýetleriň resmi çykyşlarynda agzalmaýar, metbugatda hem gozgalmaýar.

Degişli maglumat Ilatyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemezliginiň arasynda jaýlaryň diwarlarynda gara heň döreýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.