Türkiýeden Türkmenistana baran raýatlar güýç gulluklarynyň soragyna çekilýär

Türkmenistana barýan uçaryň ýolagçylary. Stambulyň aeroporty (arhiw suraty)

Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlardan öz ýurduna dolananda güýç edaralary tarapyndan soraga çekilmegi bilen bagly ýagdaýlar has-da köpeldi. Aşgabadyň halkara aeroportunda howpsuzlyk wekilleriniň üns merkezine düşýän raýatlaryň arasynda zähmet migrantlary köp duş gelýär.

Aşgabatdaky çeşmeleriň Azatlyk Radiosyna beren maglumatlaryna görä, her gün onlarça adam saklanyp, sorag edilýär. Şol sanda Türkiýeden gelýän uçarlara üns berilýär. Sorag edişlik MHM-niň işgärleri tarapyndan aeroportda geçirilýär.

"Men Türkiýe döwletinde 5 ýyla golaý işläp zähmet çekdim häzir zagran pasportymyň möhletiniň gutarmagy sebäpli yzyma Türkmenistana gelmeli boldum. Aşgabadyň aeroportyna düşenimde 60-dan gowrak türkmen raýatyny azyndan 5-6 sagatlap sakladylar we sorag etdiler" diýip, ahally ýaşaýjy gürrüň berdi.

Soraga çekilen raýatlaryň birnäçesiniň gürrüň bermegine görä, güýç edaralaryny raýatlaryň Türkiýede näme edendigi, haýsy şäherde ýaşap, işländigi, kim bilen ýaşandygy gyzyklandyrýar.

"Ýaşan ýeriňde başgada türkmenler bardymy? Bar bolsa olaryň adyny, familiýasyny ber diýdiler. Biziň ýurdumyza hormatly Arkadagymyza özge pikirli adam gördüňmi diýip soradylar. Olar aktiwist Talyp Abbasow, Nurmuhammet Annaýew, Myrat Gurbanow we ýene 3-4 adamynyň adyny agzap, suratlaryny görkezdiler, olary tanaýaňmy, gürleşip gördüňmi, çykyşlaryny görýädiňmi, goldaýadyňmy, pul alyp gördüňmi diýen soraglary berdiler" diýip, ýene bir türkmenistanly gürrüň berdi.

Degişli maglumat MHM daşary ýurtlarda hukuk ugry boýunça okan ýaşlary soraga çekýär

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gepleşen türkmenistanlylar sorag edilende, özleri barada ähli maglumatlary berip, agzalan şahslardan hiç kimi tanamaýandygyny aýtsalar-da, esli wagtlap saklanandygyny we güýçli barlagdan geçendigini we telefonlarynyň dörülendigini gürrüň berdiler.

"MHM işgärleri el telefonumyň içini dördüler. Soň ýene iki sagatlap daşarda açyk meýdanda günüň aşagynda sakladylar. 'Bol ýatla! Sen bulary tanaýan bolmaly. Häzir bir zat diýip bizi aldasaň, soň özümiz bilsek, gowulyga garaşma' diýdiler. Men ýene-de bilemok diýsem, menden dilhaty aldylar" diýip, Türkiýeden baryp, soraga çekilen migrant gürrüň berdi.

Beýleki türkmenistanlylar hem özleriniň dilhaty ýazmaly bolandygyny gürrüň berdiler. Olar hatyň mazmuny barada gürrüň berip: "Men özge pikirli adamlar bilen gatnaşyk saklamadym. Halkyma, watanyma, prezidentime garşy çyksam maňa berk çäre görmegi sizden soraýaryn, eger-de özge pikirli adam görsem we eşitsem kanun goraýjy işgärlerini habarly etjegime sizi ynandyrýaryn" diýip ýazmaly boldum diýdiler.

Türkmen migrantlary sorag edişlige garaşan wagty öz aralaryna açyk dürli gürrüňleri edip, adamlaryň pikirini biljek bolýan güýç edaralary tarapyndan iberilen ýörite adamlaryň hem bolandygyny gürrüň berdiler.

"Käbirler olara ynanyp, öz pikirini aýdanlar hem boldy. Beýlekiler, olaryň 'aýaga galmaly agzybirleşmeli, prezidenti çalyşmaly' diýip aýdan sözlerini goldanlary özleri ýakalap alyp gitdiler" diýip, soraga çekilen türkmenistanly gürrüň berdi.

Degişli maglumat Balkanda Green Card bijesine gyzyklanma artýar, MHM resminama taýýarlap berýänleri soraga çekýär

Başga bir türkmenistanly Eýranyň üstünden gelen öz tanyşynyň telefonyndaky surat üçin basyşa sezewar bolandygyny we 7 sagatlap saklanandygyny gürrüň berdi:

"Türkmenistana Eýran döwletiniň üstünden geldi. Ol Türkiýäniň serhedinde iki sany harby bilen surata düşüpdir. Onuň hiç hili özge pikiri ýokdy. Ol Eýranyň içinden geçip tä türkmen serhedine gelýänçä hiç kim onuň el telefonyny barlamandyr. Ol, 'şol suratlar ýadyma-da düşenok, emma Türkmenistanda meni hamala terrorist tutan ýaly daşymy gabap egin-eşigimi çykardyp, tenimi barladylar. Neşe maddasyny ulanýaňmy diýip, analiz aldylar' diýip gürrüň berdi".

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylaryna görä, daşary ýurtlara gidip-gelen adamlary soraga çekmek, olary gorkuzmak ýaly basyşlar diňe olar uçardan düşende howa menzili bilen çäklenmeýär. Raýatlar öýlerine baranda hem güýç edaralaryň wekilleriniň üns merkezinde bolýar.

"Daşary ýurtda birnäçe ýyl işläp, ýurduna aýak basan badynda adamlary gorkuzyp başlaýarlar. Adamlaryň bar aladasy ilki bilen öz hossarlary we çagalary. Emma olar öýlerine gelip-gelmänkä oba arçynlygyna çagyrylýar we soraga çekilýär, ellerindäki telefonlary ýene bir sapar barlagdan geçirilýär. Daşary ýurtdan gelenler beýle basyşlary daşary ýurtlarda görmeýäris, öz watanymyzda biz keseki bolup galdyk diýýärler" diýip, habarçymyz belleýär.

Degişli maglumat Balkanda býujetçiler migrant garyndaşlary sebäpli basyşa sezewar bolýar, lebaplylar Russiýa goýberilmeýär

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky öz raýatlaryna görkezýän gysyşy soňky ýyllarda öň görlüp-eşidilmedik derejede güýçlendi.

Türkiýeden we Orsýetden ekstradisiýa edilen ýa-da ýitirim edilip, soň türkmen türmesinde saklanýandygy anyklanan raýatlaryň sany gitdigiçe artýar. Ençeme türkmenistanlynyň ykbaly uzak wagtlap nämälim galýar we wagtyň geçmegi bilen käbir maglumatlar anyklanýar.

Şeýle raýatlardan biriniň ykbaly barada Turkmen. news neşiriniň 13-nji oktýabrda çap eden maglumatynda gürrüň berilýär.

Russiýa Türkmenistanyň haýyşy boýunça 1991-nji ýylda doglan Aşgabatly Saddam Gulamowy ekstradisiýa etdi. Bu ýigit agyr azyk we ykdysady krizis, koronawirusyň inkär edilmegi we weýrançylykly tupanyň netijeleri barada dymmak ýaly problemalarda türkmen häkimiýetlerini we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy aç-açan tankyt edipdir. Turkmen.news ýurduň kanun goraýjy edaralarynyň birindäki çeşmesine salgylanyp, Gulamowyň 2024-nji ýylda öz ýurdunda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilendigini, onuň we başga bir aktiwistiň bikanun ýagdaýda türmede ýekelik kamerasynda saklanýandygyny habar berdi.

Saddam Gulamow Russiýada teatrda we kinoda käbir rollary ýerine ýetirmek bilen gazanç edýärdi. Görnüşinden, ol 2023-nji ýylyň ahyrynda ýa-da 2024-nji ýylyň başynda öz watanyna deportasiýa edilipdir diýlip, maglumatda aýdylýar.

Aktiwist sosial ulgamlarda Berdimuhamedowyň režimini aç-açan tankytlady we ony diktator hem ogry diýip atlandyrdy. Ol raýatlary gorkudan saplanmaga, Berdimuhamedowa çokunmagy we olaryň kitaplaryny öpmegi bes etmäge çagyrdy. Gulamowyň ähli wideolary indi pozuldy diýip, garaşsyz neşir ýazýar.

Degişli maglumat Türkmenistanda TikTok-da çykyş edýänler soraga çekilýär

Häzirki wagtda ýene birnäçe türkmen aktiwistiniň ykbaly nämälim galýar.

Türkiýede ýitim bolan iki türkmen raýaty Alişer Sahatow we Abdylla Orusow aprel aýynda Türkiýäniň migrasiýa gulluklaryna çagyrylandan soň deportasiýa merkezlerinde saklandy, emma iýul aýyndan bäri olar ýitirim boldy. Olaryň hossalary ykbalyny anyklajak bolup, soňky aýlarda türk häkimiýetlerine yzly-yzyna ýüzlenýärler.

Türkmenistandaky problemalary gozgamak we hökümeti açyk tankyt etmek bilen tanalýan bu iki raýat barada türk häkimiýetlerinden anyk jogap bolmady.

Bloger Alişer Sahatowyň aýaly türk häkimiýetleriniň adamsynyň soňky ykbaly, onuň nirededigi barada resmi düşündiriş, ýazmaça resminama bermekden boýun gaçyrýandygyny Azatlyk Radiosyna 5-nji sentýabrda habar berdi.

“Hiç habar ýok. Hiç bir türk ýolbaşçysy habarlaşmaýar. Açan arzalarym hasaba, ýazga alynmaýar” diýip, Sahatowyň aýaly Gülala Hasanowa ne Sinop şäheriniň polisiýasyndan, ne-de Edirne deportasiýa merkezinden resmi jogap alyp bilýändigini belleýär.

Gülala adamsy bilen soňky gezek 24-nji iýulda gürleşendigini we şondan soň onuň bilen aragatnaşygyň ýitendigini aýdýar.

Gülalanyň sözlerine görä, adam hukuklaryny goraýan türk aktiwistleriniň onlarçasy 14-nji awgustda Stambul şäherinde protest geçirip, Sahatowyň we Orusowyň dereksiz ýitirim edilmegine nägilelik bildirdi. Protestiň yzysüre, türk häkimiýetleri blogerleriň aklawçysyna dilden beren maglumatynda olaryň deportasiýa edilendigini aýtdy.

“Ýöne adwokat [türk häkimiýetleri] häzir protesti duruzmak üçin ýalan sözläp bilýärler diýdi” diýip, Gülala şondan soň aklawçynyň Sahatowyň deportasiýa edilendigi ýa-da edilmändigi baradaky resminamany almaga yzygiderli synanyşandygyny aýdyp, türk häkimiýetleriniň özlerine olaryň ne deportasiýa merkezinden boşadylandygy, ne-de deportasiýa edilendigi barada resminamany gowşurýandygyny belledi.

Türkmenistanyň hökümetini açyk tankytlan türkmen raýatlarynyň ençemesi 2023-nji ýyldan bäri Türkiýeden we Orsýetden gizlin ýagdaýda watanyna ugradyldy. Olaryň arasynda Farhat Meýmankulyýew (Durdyýew), Mälikberdi Allamyradow, Röwşen Gylyjow, Döwran Imamow, Maksat Baýmyradow, Serdar Durdylyýew we Merdan Muhammedow bar.

Degişli maglumat Türkmen güýç edaralary daşary ýurtlardan barýan türkmenistanlylary saklaýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.