Tramp bilen Si söwda dartgynlygyny gowşatmak we Ukraina boýunça “bilelikde işlemek” barada ylalaşdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Hytaýyň lideri Si Szinpin Günorta Koreýada duşuşdy. 30-njy oktýabr

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Hytaýyň lideri Si Szinpin Günorta Koreýada geçiren duşuşygynyň dowamynda Ukrainadaky urşy ara alyp maslahatlaşdylar we iki ýurduň arasyndaky “söwda söweşiniň” käbir elementlerini yzyna gaýtarmak barada ylalaşdylar.

30-njy oktýabrdaky duşuşykdan soň Tramp, Air Force One uçarynda çykyş edip, Si bilen “ajaýyp duşuşyk” geçirendigini aýtdy, şeýle-de söwda, gümrük paçlary we seýrek ýer metallary boýunça “käbir möhüm nokatlar” barada ylalaşyk gazanylandygyny mälim etdi.

Tramp habarçylara Hytaýa, onuň fentanyl krizisindäki roly sebäpli girizilen gümrük tariflerini 10% peseltjekdigini mälim etdi. Şeýle-de Hytaýyň maý aýynda ABŞ-nyň paçlaryna jogap hökmünde togtadan soýa söwdasyny ýaňadan başlatjakdygyny, ýagny Birleşen Ştatlardan “uly möçberde” soýa satyn almagyny täzeden ýola goýjakdygyny aýtdy.

Tramp şeýle-de ulag, uçar we ýarag senegatlarynda möhüm rol oýnaýan 17 elementden ybarat seýrek ýer metallary boýunça Hytaý tarapyndan girizilen çäklendirmeleriň aýrylmagy babatynda hem ylalaşyga gelnendigini aýtdy

“Seýrek ýer (meselesi) doly çözüldi, bu bütin dünýä üçin… Bu diňe ABŞ-nyň däl, bütin dünýäniň meselesidi” diýip, Tramp habarçylara aýtdy. “Indi Hytaýdan päsgelçilik ýok” diýip, ol sözüne goşdy.

Tramp şeýle-de, 2022-nji ýylyň fewralynda Russiýa tarapyndan başladylan Ukrainadaky urşy hem Si bilen ara alyp maslahatlaşandygyny, olaryň “Ukraina boýunça bilelikde işlemäge” ylalaşandygyny mälim etdi.

Siniň duşuşygyň jemleri boýunça Hytaýyň döwlet metbugatynda çap edilen beýanatynda, taraplaryň “uly söwda meselelerini” çözmek boýunça ylalaşyga gelendigi, hytaýly we amerikaly toparlaryň iki ýurduň ykdysadyýetleri üçin “rahatlandyryjy derman” derejesinde täsir etjek netijeleri gazanmak ugrunda işlerini dowam etdirjekdigi aýdylýar.

Pusanyň “Kimhe” halkara aeroportynda geçirilen duşuşyk, geljek aýlarda has giňişleýin dialoga ýol açana çalym edýär. Tramp Hytaýa aprelde barmagy meýilleşdirýändigini we ýakyn wagtda deslapky söwda ylalaşygyna gol çekilip bilinjekdigini aýtdy.

Synçylar Azatlyk Radiosyna, bu gepleşikleriň dowamynda giň gerimli ylalaşyk üçin mümkinçilikleriň çäkli görünýändigini, emma söwda dartgynlygyny gowşatmagyň Trampyň Hytaýa sapary we Siniň indiki ýylda ABŞ-a garaşylýan sapary döwründe has uly ylalaşyklara getirip biljek gepleşikler üçin binýad döredip biljekdigini aýtdylar.

Gepleşikleriň öňýany, Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglarynyň synagyny togtatmak boýunça meýletin boýun alan moratoriýasyny “haýal etmän” ýatyrmak barada Pentagona degişli görkezme berendigini habar berdi.

Tramp sosial media postunda ABŞ-nyň “beýlekilerden has köp ýadro ýaragyna” eýedigini aýtdy. Ol "Russiýa ikinji, Hytaý bolsa, uly aralyk bilen, üçünji orunda, ýöne bäş ýylyň içinde biz bilen deňleşer" diýdi.

Duşuşyga çenli Tramp bilen Siniň Taýwan we Hytaýyň Russiýa goldawy ýaly beýleki ýiti meseleleri hem ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýardy.

Emma Tramp öz-özüni dolandyrýan, Pekiniň “özüne degişli” diýip hasaplaýan Taýwanyň gürrüň edilmändigini aýtdy. Şeýle hem Hytaýyň rus nebitini satyn almagy meselesiniň hem gozgalmandygyny belledi.

Duşuşygyň öňýany, Ukraina we onuň ýaranlary, Hytaýyň Russiýa berýän goldawy boýunça Si Szinpine basyş etmegi üçin Trampa çagyryş edipdiler. Bu duşuşyk Waşingtonyň Russiýanyň iki iri nebit kompaniýasyna garşy sanksiýalaryny yglan etmeginden bir hepde soň geçirildi. Hytaý Russiýanyň çyg nebitiniň iň uly hyrydarydyr.