Palestinadaky wakalar türkmenistanlylaryň arasynda köp gürrüň edilýän temalaryň birine öwrülýär

Awtobus duralgasynda oturan zenanlar (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda Palestinada bolýan wakalaryň soňky hepdelerde ilat arasynda iň köp ara alnyp maslahatlaşylýan temalaryň birine öwrülendigini synlasa bolýar. Köp raýat Palestinadaky çagalaryň açlykdan ejir çekýändigine ünsi çekip, Türkmenistanda olara kömek ugratmak üçin “ygtybarly guramalaryň” ýokdugyny aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 6-njy oktýabrda paýtagt Aşgabatdan we Lebap welaýatyndan maglumat berdiler.

“Internetde Palestinadaky çagalaryň uruşdan, açlykdan ejir çekýändigi, gygyryp, ene-atalaryny gözleýändigi baradaky wideolary göz ýaşsyz görüp bolmaýar. Şol çagalary görenimde 5 ýaşly agtygym aklyma gelýär we çagajyklaryň näme günäsi bar diýip, gynanýaryn” diýip, 60 ýaşly lebaply ene anonimlik şertinde aýtdy.

Ysraýylyň Gaza edýän hüjümleri 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda “Hamas” jeňçi toparynyň söweşijileri Ysraýylyň serhetýakada ýaşaýan ilatyna hüjüm edeninden soň başlandy. 7-nji oktýabrda bu pajygaly wakanyň bolanyna iki ýyl bolýar. Ysraýyl söweşijileriň aglabasy parahat ilatdan ybarat 1 müň 200 adamy öldürendigini we 251 adamy Gazada ýesir alandygyny aýtdy. Şondan bäri Ysraýyl-Gaza konfliktinde aglabasy palestinaly müňlerçe adam öldi.

Degişli maglumat Angliýa, Kanada, Awstraliýa Palestina döwletini ykrar edýär

Köp türkmenistanly, habarçylarymyzyň tassyklamagyna görä, dünýäniň dürli künjeginde bolýan uruşlarda ejir çekýänleriň esasan çagalar we enelerdigine ünsi çekip, olara maddy kömek ýa-da azyk ýardamyny ibermek isleýändiklerini, ýöne ýurtda munuň üçin mümkinçiligiň ýokdugyny aýdýar.

"Adamlar öz başlangyjy bilen bir zat etmäge gorkýarlar"

“Adamlar ýurtda pul berseň, şol puluň Palestinadaky çagalara, enelere gowşurjak ynamly bir guramanyň ýokdugyny aýdyşýarlar. Hiç kimiň ýurtdaky Gyzyl ýarymaý guramasyna ýa-da Berdimuhamedowlaryň elindäki gazna pul beresi gelmeýär. Sebäbi olar bulara berlen puluň palestin çagalaryna baryp ýetjegine şübhe bildirýär. Adamlar öz başlangyjy bilen bir zat etmäge-de gorkýarlar” diýip, aşgabatly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetinden we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan teswir alyp bilmedi.

Ýatlatsak, ýurduň günorta-gündogar sebitlerinde bolan tebigy harasatdan soň, türkmen häkimiýetleri raýat başlangyçlary bilen bat berlen ujypsyz haýyr-sahawat işleriniň öňüni alypdy, harasatdan ejir çekenlere özbaşdak ýardam etmäge synanyşan telekeçileriň ýoluny baglapdy we islendik ýardamyň diňe döwlet edaralarynyň üsti bilen ejir çekenlere gowşurylmagyny talap edipdi.

Döwlet metbugaty agzalýan gaznanyň adyndan Palestinanyň halky hem-de, ilkinji nobatda, palestin çagalary üçin ynsanperwerlik kömeginiň iberilendigi barada häzirki güne çenli bir gezek habar berdi.

“Bu ynsanperwerlik ýüki derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma önümlerinden, şol sanda çagalar üçin ýörite egin-eşiklerden, ýorgan-düşeklerden, aýakgaplardan, azyk önümlerinden we beýleki harytlardan ybaratdyr” diýip, resmi media 2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda habar beripdi.

Degişli maglumat Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy sebitlere sapar edip, ýurduň syýasat sahnasynda barha işjeňleşýär

Trampyň Gaza meýilnamasy

Bu maglumaty, prezident Serdar Berdimuhamedowyň aýal dogany, Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem, şu ýylyň 19-njy aprelinde düýbi Riýadda ýerleşýän “Al-Arabiya” saud telekanalyna beren interwýusynda tassyklady.

29-njy sentýabrda ABŞ-nyň prezident Donald Tramp Gaza meýilnamasyny yglan etdi. Bu meýilnama urşy bes etmek, zamun alnanlaryň boşadylmagyny üpjün etmek, Gazanyň geljekde dolandyrylmagy we täzeden gurulmagy üçin ýol kartasyny düzmek barada 20 sany punkty teklip edýär.

Meýilnama, Gaza anklawyny dolandyrýan “Hamasy” häkimiýeti doly ýaragsyzlandyrmaga we ygtyýarlykdan ýüz öwürmäge borçly edýär. Şeýle-de muňa laýyklykda, halkara “Parahatçylyk Geňeşi” tarapyndan gözegçilik edilýän palestinalylaryň geçiş dolandyryş geňeşi bu territoriýanyň jogapkärçiligini öz üstüne alar.

Meýilnama, Ysraýylyň häzirki ýolbaşçylarynyň arasynda jedelli bolup galsa-da, dolandyryşyň özgerdilen Palestina hökümetine gutarnykly berilmegine hem çagyryş edýär we bu bolsa, geljekki Palestina döwletiniň esaslarynyň goýulmagyna eltip bilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 12-nji sentýabrynda geçiren ses berişliginde Palestina meselesiniň parahatçylykly çözülmegi we iki döwletli çözgüdiň durmuşa geçirilmegi baradaky Nýu-Ýork Jarnamasy kabul edildi. Onda dünýäniň 166 döwletinden 142 sanysy, şol sanda Türkmenistan Jarnamany goldap ses berdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.