Lebap welaýatynda ýyladyş möwsüminiň başlanmagy bilen, orta mekdepleriň erkek mugallymlary gije nobatyna çykmaga mejbur edilýärler. Mugallymlaryň ençemesi öz wezipe borçlarynyň üstüne "bikanun goşulýan" bu nobatlar üçin özlerine goşmaça hak tölenmeýändigini aýdyp, nägilelik bildirýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 10-njy oktýabrda sebitden maglumat berdi.
“Her ýyl bolşy ýaly, şu ýyl hem erkek mugallymlar “katelşikler” bilen bir hatarda, mekdebiň ýylylygyny üpjün edýän mekdebiň çäginde ýerleşýän ýyladyş gazanlaryna gözegçilik etmek üçin nobata çykmaly edildi. Her gije bir mugallym nobata durmaly edildi. Ilkinji bolup men nobata düşdüm” diýip, Türkmenabat şäheriniň 2-nji orta mekdebiniň bir mugallymy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Bellesek, Türkmenistanyň edara-kärhanalarynyň, şol sanda orta mekdepleriniň we çagalar baglarynyň aglabasynda ýyladyş ulgamlarynyň işleýşini üpjün etmek möwsümi oktýabryň ilkinji günlerinde başlanýar we köplenç marta çenli dowam edýär. Bu döwürde ýurtda ýyladyş ulgamlarynyň hatardan çykmagy we kadaly işlemezligi bilen bagly ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar.
Degişli maglumat Täze okuw ýyly mugallymlar üçin mejbury çäreler bilen başlandy“Nobata çykýan mugallymlar jaýlara jogap bermeli we mekdebiň ýyladyjy gazanlary bilen bagly gaýragoýulmasyz bir ýagdaý ýüze çykanda, gazana seredýän ýörite işgär bilen bir hatarda ony bejermäge ýardam bermeli ýa-da ýangyn gullugy, kommunal we şuňa meňzeş edaralara habar bermeli” diýip, Çärjew etrabynyň 22-nji orta mekdebiniň mugallymy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Türkmenabat we Kerki şäherleriniň, şeýle-de Çärjew etrabynyň ençeme mugallymynyň sözlerine görä, mekdep ýolbaşçylary nobata çykmak talabynyň fewral aýynyň ahyryna çenli dowam etjekdigini aýdýarlar.
Şol bir wagtda, olar nobata çykyp, ýyladyjy gazanlara gözegçilik etmek zerurlygynyň näme bilen baglanyşyklydygy baradaky soraglara anyk jogap bermezden, degişli “buýrugyň welaýat häkimliginden gelendigini” aýtmak bilen çäklenýärler.
“Ýöne olar mugallymlara häkimlikden mekdebiň stasionar telefonyna jaň edilip, olaryň nobata durýanlygynyň ýa-da durmaýanlygynyň barlanjakdygyny hem duýdurýarlar. Nobata duran mugallym ýörite depderçede özüniň gelen we giden wagtyny bellemeli” diýip, kerkili mugallym anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Mugallymlar özleriniň fewral aýynyň ahyryna çenli, gije sagat 10-dan irden sagat 7-ä çenli, aýda birnäçe gezek nobata çykmaly boljakdyklaryny, we munuň öz wezipe borçlarynyň üstüne “bikanun” goşulýandygyny, ýöne munuň üçin özlerine goşmaça hak tölenmeýändigini hem aýdýarlar.
“Mugallymlar gije nobata duranyndan soň, ertesi güni wezipe borçlaryny hem ýerine ýetirmeli bolýarlar. Olar nobatçylykdan soň okuwçylara sapak hem okatmaly bolýarlar” diýip, türkmenabatly mugallym belledi.
Degişli maglumat Prezident mugallymlaryň abraýyny 'alada edýär', bilim hukugynyň basgylanmazlygy üçin näme etmeli?Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 123-nji maddasynda “gijeki wagtdaky işi hasaba almak bilen zähmet haky bellenilen işiň häsiýeti bilen baglanyşykly bolmadyk bolsa, gijeki wagtdaky işiň her bir sagady sagat möçberiniň bir ýarym esse möçberinde tölenilýär” diýilýär.
Şeýle-de, bu kodeksde işi ýerine ýetirijiniň iş şertnamasynda amal etmeli işinden we jogapkärçiliklerinden gaýry başga işe çekilip bilinmeýänligi hem aýdylýar.
Bu aralykda, mugallymlar sebitiň käbir mekdeplerinde bilim edarasynyň ýolbaşçylaryna para bermek bilen mejbury nobatlara çykman hem bolýandygyny aýdýarlar.
“Direktor bilen gürleşdim. Ol “aýyna 300 manat berseň bolar” diýdi” diýip, çärjewli mugallym anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Bilim müdirliginden teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda mugallymlar öz wezipe borçlaryndan başga-da, köpçülikleýin çärelere gatnaşmaga we şäheri abadanlaşdyrmak ýaly arassaçylyk işlerini berjaý etmäge mejbur edilýärler.
Mundan başga-da, olar pagta hasylyny ýygnamak we gowaçanyň ekiş, otag we çürtüm işlerindäki mejbury zähmete hem çekilýärler. Olar ýurduň pile önümçiligine hem goşant goşmaga mejbur edilýärler.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri bu ýagdaýlar barada mesele gozgamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.