Gyzylarbatda we Bereketde iri şahly mallar “näbelli” keselden köpçülikleýin gyrylýar

Lebap welaýatynyň obalarynyň birinde sygyrlary otlamaga alyp barýan çopanlar (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda iri şahly mallaryň “näbelli” keselden köpçülikleýin gyrylmagy bilen bagly ýagdaýlar ýene ýüze çykdy. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat we Bereket etraplarynda adamlaryň işikde saklaýan sygyrlary duýdansyz gyrylýar.

Maldarlar we hojalygynda mal saklaýan ýaşaýjylar häkimiýetleriň çäre görmeýändigini aýdyp, nägilelik bildirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 24-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi.

“Gyzylarbatda we Bereketde iri şahly mallaryň endamynda ownuk çişler peýda bolup, olaryň 20 sagadyň içinde haram ölmek halatlary giň gerime eýe boldy” diýip, ýerli maldar anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Bu ýagdaýlar mundan bir hepde çemesi ozal Gyzylarbadyň “Tutly”, “Ýaşlyk”, “Zaw” we “Paraw” daýhan birleşiklerinde hasaba alnyp başlandy.

Degişli maglumat Türkmenistanda iri mal 'näbelli' keselden köpçülikleýin gyrylýar

“Bereket etrabynda hem geçen dördünji güni [penşenbe] iri şahly mallara hamala ýyldyrym uran ýaly, irden ýaralar peýda bolup, agşam mal ýataklardaky sygyrlar tekiz haram ölüp başladylar” diýip, ýagdaýlardan habarly bereketli bir ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

"Sygyrlaryňyzy ýatakdan çykarmaň!"

Maldarlaryň we hojalygynda mal saklaýan ýaşaýjylaryň ençemesi häkimiýetleriň “örän tiz ýaýraýan ýokanç keselçiligine garşy tutanýerli çäre” görmeýändigini aýdyp, nägilelik bildirýär.

“Boljak iş bolanyndan soň, ýerli weterinariýa gulluklarynyň we arçynlyklaryň işgärleri adamlaryň öýlerine aýlanyp, “sygyrlaryňyzy ýatakdan çykarmaň” diýýärler. Ýöne olar her bir hojalyga aýlanyp, bu maglumaty aýdýança eýýäm mallar haram öldi” diýip, gyzylarbatly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Ýaşaýjylar we maldarlar mallarda “näbelli” keselçiligiň ýaýraýandygy barada döwlet telewideniýesinde, ýerli metbugatlarda tizden-tiz habar ýaýradylan bolsa, gyrgynçylygyň belli bir derejede öňüni alyp bolardy hem diýýärler.

“Türkmen metbugaty diňe “gül ýaly ösüşlerden” başga zady aýdanok” diýip, ýaşaýjy gyrlan mallaryň anyk sany barada hem aç-açan maglumatyň ýokdugyny, ýöne maldarlaryň azyndan ençeme ýüz sygyryň ölendigini çaklaýandygyny sözüne goşdy.

Galyberse-de, hojalyklara aýlanýan häkimiýet wekilleri maldarlara we ýaşaýjylara “sygyrlary ýatakda saklamaga” çagyrsa-da, iri şahly mallarda ýaýraýan keselçiligiň nämedigi, onuň öňüni almak üçin nähili çäreleriň görülmelidigi barada ilata anyk maglumat bermeýärler.

"Waksinalar ýa-da bejeriş üçin serişdeler hem ýok"

Gyzylarbat etrap weterinariýa gullugyndaky bir çeşmämiz munuň nähili keselçilikdigini ýerli häkimiýetleriň hem bilmeýändigini aýdýar.

Degişli maglumat Maryda iri şahly hojalyk mallary näbelli kesele ýolugyp, köpçülikleýin haram ölýär

“Wirusa garşy waksinalar ýa-da bejeriş üçin serişdeler hem ýok. Hatda etrapda keseli anyklamak üçin wet laboratoriýalar hem ýok” diýip, çeşmämiz belledi.

Şeýle-de, ol gyrlan mallaryň etleriniň sebitiň azyk üpjünçilik pudagyna ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň barlaglary ýygjamlaşdyrmalydygyny hem aýdýar.

“Etden bişirilen önümleri ilata hödürleýän kafedir restoranlara, şeýle-de somsa, gutap satylýan nokatlara barlag geçirmek ýola goýulmaly. Bu zatlar türkmen metbugatynda aýdylsa has ýerlikli bolardy” diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda etrap häkimliklerinden, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň ýerli edarasyndan teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda iri şahly mallaryň “näbelli” keselden köpçülikleýin gyrylmagy bilen bagly ýagdaýlar soňky 10 ýyla golaý wagtyň dowamynda her ýylda azyndan birnäçe gezek ýüze çykýar we her gezeginde ýüzlerçe, käte müňlerçe malyň gyrylmagyna sebäp bolýar.

Türkmen häkimiýetleri we döwlet mediasy ýyllarboýy gaýtalanyp gelýän bu ýagdaýlar barada häzirki güne çenli hiç hili mesele gozgamaýar.

Degişli maglumat Türkmenistanyň günortasynda mallar keselden gyrylýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.