Tbiliside dartgynlylyk dowam edýärkä gürji lideri Günbataryň tarapdarlarynyň tussag ediljegini duýdurdy

Gürjüstanyň Ýewropa tarapdar demonstrantlary 5-nji oktýabrda Tbilisiniň köçelerine gaýdyp geldi.

Gürjüstanyň premýer-ministri Irakli Kobahidze hepdäniň ahyrynda paýtagt Tbiliside geçirilen köpçülikleýin protestlerden soň bu kawkaz döwletinde dartgynlylygyň dowam edýändigi sebäpli hökümete garşy çykyş edýän aktiwistleri mundan beýläk tussag etmek bilen haýbat atdy.

Kobahidze 5-nji oktýabrda žurnalistlere "Birnäçe adam tussag edildi, ilkinji nobatda agdarylyşygy gurnamaga synanyşanlar" - diýdi.

"Hiç kim jezasyz galmaz ... Köp adamlara döwlete we kanun goraýjy edaralara garşy eden zorluklary üçin höküm çykarylmaly" - diýip, gürji premýeri aýtdy.

Içeri işler ministrligi öz beýanynda "jemgyýetçilik tertibine we howpsuzlygyna wehim abanmazlygy üçin degişli çäreleri göreris" diýdi.

Degişli maglumat Gürjüstanyň oppozisiýasy protestleri geçirmekçi bolýar, ýöne saýlawlary boýkot etmek çagyryşlary bölünişikleri görkezýär

4-nji oktýabrda Tbilisiniň köçelerindäki demonstrasiýalaryň azyndan bäş guramaçy aktiwisti, şol sanda Paata Burçuladze we Murtaz Zodelawa tussag edildi.

Tussag edilmezinden ozal meşhur, 70 ýaşly opera ýyldyzy Burçuladze Içeri işler ministrliginiň işgärlerini halkyň çagyryşyna gulak asmaga we dolandyryjy “Gürji arzuwy” partiýasynyň ýolbaşçylaryny tussag etmäge çagyrdy.

5-nji oktýabrda Gürjüstanyň Döwlet howpsuzlyk gullugy paýtagtyň daşyndaky gizlin ýerde köp sanly ýarag, ok-däri we partlaýjy madda tapandygyny öňe sürdi.

Gulluk bu ýaraglaryň 4-nji oktýabrda, ýerli saýlawlar güni "garşylykly hereketler" üçin ulanmaga niýetlenendigini öňe sürdi. Halkara guramalary bu saýlawlaryň gorkuzmak we basyş görkezmek astynda geçirilmegini tankyt etdi.

Oppozisiýanyň aglaba bölegi saýlawlary boýkot etdi. Saýlawlarda häkimiýet başyndaky “Gürji arzuwy” ses berişligiň geçirilen ýerleriň ählisine gözegçilige eýe bolandygyny aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Kaja Kallas 5-nji oktýabrda saýlaw prosesini ýazgardy we onuň "başgaça pikirlenýänlere garşy giňişleýin basyş döwründe" geçirilendigini belledi.

"Garaşsyz metbugata birnäçe aýlap edilen reýdler, raýat jemgyýetini nyşana alýan kanunlaryň kabul edilmegi, garşydaşlaryň we aktiwistleriň tussag edilmegi ýa-da dolandyryjy partiýany goldaýan saýlaw kodeksine üýtgetmeleriň girizilmegi saýlawlarynyň bäsdeşlik mümkinçiligini düýpgöter azaltdy" diýip Kaja Kallas beýanatynda ýazdy.

"Oppozisiýanyň köp bölegi bu saýlawlary boýkot etdi we gatnaşyjylaryň sany gaty az boldy" - diýip, Kallas belledi.

Kallas we ÝB-ni giňeltmek boýunça komissar Marta Kos tarapyndan bilelikde edilen beýanatda şeýle diýildi: "Saýlawdan soňky döwürde asudalyga we sabyrlylyga çagyrýarys hem-de häkimiýetleri raýatlaryň ýygnanyşmak we söz azatlygy hukuklaryny goramaga çagyrýarys".

Hökümet ÝB-ni goşulmakda aýyplaýar

Kobahidze ÝB-ni Gürjüstanyň işlerine goşulmakda aýyplady we ÝB-niň ilçisi Pawel Gerçinskä salgylandy.

"Daşary ýurtlardan belli adamlaryň hatda konstitusiýa düzgünini agdarmak synanyşygy üçin bularyň hemmesine gönüden-göni goldaw berýändiklerini bilýärsiňiz" - diýip, Gürjüstanyň metbugaty Kobahidzeni sitirledi.

"Şu nukdaýnazardan, Ýewropa Bileleşiginiň Gürjüstandaky ilçisi aýratyn jogapkärçilik çekýär. Ol çykmaly, daşlaşmaly we Tbilisiniň köçelerinde bolup geçýän zatlary berk ýazgarmaly" - diýip, gürji premýer ministri aýtdy.

Gürjüstanyň premýer-ministri Irakli Kobakhidze

Kallas we Kos bilelikdäki beýanynda "ÝB-niň Gürjüstandaky roly baradaky dezinformasiýany ret edýändigini we Ýewropa Bileleşiginiň Gürjüstandaky ilçisine garşy şahsy hüjümleri ýazgarýandygyny" aýtdylar.

Günbatarly demonstrantlaryň maksady geçen ýyl parlament saýlawlarynda ýüze çykan kanun bozulmalardan we hökümetiň ÝB-ne agza bolmak baradaky gepleşikleri togtatmak baradaky kararyndan soň başlanan gündelik demonstrasiýalary janlandyrmakdy. Şeýle-de, oppozisiýa öz pikirine görä, hökümetiň Russiýa babatyndaky dostlukly syýasatyny tankyt edýär.

Soňky aýlarda protestler zorlukly basyşlardan soň gowşapdy.

'Gürji arzuwy' Russiýa tarap ugrady

"Gürji arzuwynyň" Kremle meňzeş kanunlary girizmek ýaly hereketler bilen Russiýa tarap süýşmegi, Gürjüstanyň öňki goldawçylaryny ABŞ-ny we ÝB-ni gaharlandyrdy we bilelikdäki başlangyçlaryň köpüsiniň togtadylmagyna sebäp boldy.

Hökümet başgaça pikirdäkileri we habar beriş serişdelerini basyp ýatyrmak baradaky aýyplamalary ret etdi we demonstrantlara garşy zalymlyk baradaky aýyplamalardan ýüz öwürdi.

Demonstrantlar, guramaçylar nägilelik ýörişlerini dowam etdirmäge çagyrýardylar. 5-nji oktýabr agşamy uly mähelle ýygnandy, ýöne bidüzgünçilikler barada dessine habar bolmady.

Degişli maglumat Gürjüstandaky, Wengriýadaky, Rumyniýadaky we Serbiýadaky protestlere näme itergi berýär?

Gürjüstanyň öňki prezidenti Salome Zurabişwili öň "Gürji arzuwy" partiýasyna garşy çykypdy we onuň dolandyryşyna garşy parahatçylykly demonstrasiýalara ýolbaşçylyk edipdi. Zurabişwili, islendik zorluga garşydygyny aýtdy we hökümeti oppozisiýany abraýdan düşürmek üçin 4-nji oktýabrda prezident köşgüne hüjümi gurnamakda aýyplady.

"Men Gürjüstanyň Ýewropaly geljegi üçin parahatçylykly protestiň 310-njy güni Rüstaweli şaýoluna cykdym. Režimiň prezident köşgüni "basyp almagy" prowokasiýadyr. Biz muňa boýun bolmarys - biz erkin we adalatly saýlawlar we ýewropaly Gürjüstan üçin çykyş edýäris" - diýip, Zurabişwili 4-nji oktýabrda X-da ýazdy.

5-nji oktýabrda ol öz tarapdarlaryny hökümete basyş etmäge çagyrdy.

"Saýlawlar güni, hakyky adalatly parlament saýlawlarynyň güni geler, biz şonda hakykatdanam saýlarys ... Men hemmeleri bir ýere jemlenmäge we zerur boldugyça bu parahatçylykly protest gutarýança dowam etdirmäge çagyrýaryn" - diýip, Zurabişwili aýtdy.

AFP we Roýter agentlikleriniň habarlary esasynda taýýarlandy.