Et gytçylygy güýçlenýär, 'arzan' doň eti hem gymmatlady

Döwlet dükanlarynda çäkli mukdarda satylýan pes hilli doňdurlan et. Aşgabat, Oktýabr, 2025.

Türkmenistanda et gyçylygy dowam edýär. Bazarlarda etiň bahasynyň öň görlüp-eşidilmedik derejede gymmatlan wagtynda döwlet dükanlarynda peýda bolan pes hilli doň etiň nyrhy hem göterildi. Ilat köpçüliginiň "arzanrak" diýip, uly nobatlarda durup, satyn alýan bu et köp maşgalalaryň gündelik azyk üpjünçiligini düzýär.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň bazarynda ýerleşýän döwlet dükanynda satylýan süňksiz doňdurulan etiň bahasy 8% ýokarlanypdyr. Ýerli çeşmeleriň sözlerine görä, soňky hepdelerde bir kilogramy 35 manatdan satylan et indi 40 manatdan satylýar. Et söwdasy günde bolmaýar.

Şeýle-de bolsa, etiň hyrydary köp. Adamlar daň bilen dükanlaryň daşyna jemlenip, söwdanyň başlanmagyna birnäçe sagatlap garaşyp durýarlar. Sowuk howada nobatda duranlaryň arasynda köneje ýuka geýimli aýal maşgalalar köp.

Degişli maglumat Balkanabatda etiň bahasy özüniň rekord derejesini täzeläp, 155 manada ýetdi

"Ir daňdan sagat 5:00-de döwlet dükanynyň öňünde arzan eti satyn almaga gelen adamlaryň uly nobatlary döreýär. Her hepdede iki gün satylýan arzan et nobatda duranlaryň hemmesine ýetmeýär häzir etiň 1 kilogramy 40 manatdan satylyp, adam başyna 2,5 kilogramdan köp berilmeýär" diýip, bäherdenli ýaşaýjy aýdýar.

Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, et öňünden bölünip, halta salynyp berilýär. Adamlar haltanyň içindäki etiň hilini we onuň agramyny we hatda bahasyny, satyn alyp öýlerine barnasoň bilip galýarlar.

"Eti dükandan alyp çykan adamlar golaýdaky bazarçylaryň terezisinde çekip görseler 2,5 kilogram çykýandygyny görüp öňki 35 manatlyk etiň indi 40 manat bolandygyny bilip galýarlar" diýip, ýene bir ýaşaýjy nägilelik bilen gürrüň berdi.

Alyjylaryň köpüsi arz-şikaýat etmekden saklanýarlar we et satyn alyp bilenine begenýärler. Döwlet dükanlarynda polisiýa işgärleri we MHM-niň işgärleri nobatçylyk çekýärler.

"Olar nobatda duran aç we hor adamlara wideo ýazgy etmez ýaly we surata düşürmez ýaly berk gözegçilik edýärler. Kimdir biri telefonda gürleşse 'goý, telefonuňy aýyr' diýip aýdýarlar" diýip, ahally çeşme gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosyna maglumat beren ahally we bäherdenli çeşmeler howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gepleşdiler. Ýurtda 8 ýyl bäri dowam edýän ýiti azyk gytçylygyny resmi taýdan boýun almaýan ýurt häkimiýetleri azyk nobatlaryny, açlygy we beýleki ykdysady kynçylyklary görkezýän maglumatlaryň, şol sanda suratlaryň syzmagynyň öňüni almaga çalyşýarlar.

Şeýle-de bolsa, soňky döwürde sosial mediada peýda bolan wideolaryň ençemesinde dükanlardaky boş tekçeleri, pes hilli azyk önümlerini, şol sanda ete derek süňk söwdasyny görse bolýar. Munuň bilen bilelikde sosial mediada dürli tagamlary hödürleýän restoranlaryň mahabatlary hem peýda bolýar. Döwlet mediasynyň habarlarynda azyk üpjünçiliginiň doly berjaý edilýändigini yzygiderli aýdylýar, emma soňky birnäçe aýyň dowamynda ýerli goýun we sygyr etleriniň tapgyrlaýyn 50% çemesi gymmatlamagynyň sebäpleri düşündirilmedi.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaý barada ýurduň Söwda ministrliginden hem resmi teswir alyp bilmedi.

Degişli maglumat Aşgabatda et önümleri gymmatlaýar, 'arzan' etiň hyrydary köpelýär

Hususy söwda nokatlarynda etiň bahasy geçen hepde özüniň rekord derejesini täzeläp, 155 manada ýetdi.(Merkezi Bankyň kursy boýunça 44,2 amerikan dollaryna barabar).

Bu ýagdaýda pes hilli we täjirçilik nyrhyndan arzan etiň hyrydary köp bolýar.

Döwlet eýeçiligindäki dükanlarda soňky aýlarda satylýan gelip çykyşy anyk görkezilmedik doňdurylan eti we süňki adamlar uly nobatlarda durup, satyn alýarlar.

Türkmenistanlylar et köp maşgala üçin indi elýeterli däl diýýärler.

"Häzir hususy bazarçylarda süňksiz towuk eti, döşi 1 kilogramy 60 manatdan bahalanýar. Häzir et iýer ýaly bolmady. Hökümet ýurdumyzda ýaşaýyş şertleri ýokarlanýar diýen syýasaty ýöredýär, emma adamlaryň hojalyklary batyp, durmuşy gün-günden kynlaşýar" diýip, ahally ýaşaýjy aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bazarlardaky nyrhlary deňeşdirip, gök-önüm we süýt önümleriniň bahasynyň soňky wagtda köp üýtgemändigini, emma etiň bahasynyň gitdigiçe ýokarlanýandygyny belleýärler.

Soňky ýyllarda maldarlar çykdajylarynyň alýan girdejilerinden köp bolýandygyny aýdyp, pudagyň hökümetiň goldawyna mätäçlidigini gürrüň beripdi. Şu aýda iri şahly mallaryň haram ölmegi bilen bagly ýagdaýlar köpeldi.

Degişli maglumat Ahalda ilata arzan bahadan çäkli möçberde satylýan doňdurylan et üçin dükanlarda uly nobatlar döredi

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.