Diňle: Ahalda ilata arzan bahadan çäkli möçberde satylýan doňdurylan et üçin dükanlarda uly nobatlar döredi
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Aşgabat, Balkanabat we Türkmenabat şäherlerinden soň, Ahal welaýatynyň döwlet dükanlarynda hem arzan bahadan doňdurylan et satuwa çykaryldy. Sebitde bir kilogram sygyr etiniň bahasy 120 manada ýetýän mahaly, alyjylara çäkli möçberde satylýan doň et üçin adamlar uzyn nobatlarda durýarlar.