Türkmenistanda çuňlaşýan ykdysady kynçylyklaryň arasynda, işsizlik, aýlyklaryň ýaşaýyş minimumyndan has az bolmagy eli ýuka, garyp düşen maşgalalaryň barha köpelmegine geitýär, açlyk, mätäçlik barha köp çagany köçelerde dilegçilik etmäge mejbur edýär diýip, Azatlygyň habarçylary, çeşmeler habar berýär.
“Çagalar şäher içinde aýlanyp, dilegçilik edýärler. Olar esasan çörek soraýarlar, şäheriň musurlaryny dörüp, içinden iýer ýaly zat gözleýärler. Indi bu gamgyn ýagdaýy günde görse bolýar. Kiçijik, 5-6 ýaşly çagalaryň elini serip, ‘iýmäge çörek beräýiň?’ diýip, dilegçilik etmegi gözüňe ýaş getirýär” diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen zenan aýtdy.
Ol seýle tebigy baýlygy bolan, ilat sany ‘gaty az’ ýurtda çagalar çörek gözläp, ‘musur dörmelimi?’ diýip sorady.
Dilegçi çagalaryň köpelmegi ilatda alada döredýär
Habarçymyz bilen aýry-aýrylykda gürleşen ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, aç çagalar käte kafeleriň, restoranlaryň galyndy dökýän ýerlerine baryp, iýer ýaly zat çöpläp alýarlar, olaryň içinde has dogumlyjalary restoranyň işgärlerinden müşderileriň tarelkasynda iýmän galdyran naharlaryny bermeklerini soraýarlar.
Degişli maglumat Hökümet dilegçilik problemasyny agzamaýar, polisiýa hor adamlary urýar“Çagalaryň halyna gynanyp, galan naharlary aýratyn paketlere, lançiklere salyp berýän işgärler hem bar. Ýöne käte çagalaryň ýüzüni alyp, olary bu ýerden it kowan ýaly kowýan işgärlere hem duşýarsyň” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi ozal beýle zatlary diňe kinolarda görendigini belledi.
Onuň sözlerine görä, çagajyklar rehimdar işgärleriň beren galyndy naharlaryny öýlerine alyp gidýärler ýa-da şol ýerde üýşüp, bileje oturyp iýýärler, eger-de galan naharlarda et bolsa, olary biri-birinden öňürdip aljak bolýarlar.
Azatlygyň çeşmeleri soňky ýyllarda dilegçilik edýän uly adamlaryň, çagalaryň türkmen durmuşynyň ‘aýrylmaz bölegine’ öwrülendigini, indi bu ýagdaýa bolmaly bir zat ýaly seredýän adamlaryň hem kändigini aýtdy.
“Öňler gije-girim köçede gezip ýören çaga bolmazdy ýa gaty seýrek duşardy. Indi köçede aýlanyp ýören çagalary gije sagat 22:00-a, 23:00-a çenli hem görse bolýar. Olar dükanlaryň satar ýaly bolmadyk zaýa harytlaryny çykaryp zyňýan wagtyna garaşýarlar. Eger ellerine bir zat ilse, öýlerine alyp gidip, iýer ýaly ýerlerini iýýärler” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
"Ejem işde ilki bilini agyrtdy, soň ýöremekden galdy..."
Azatlygyň bir söhbetdeşi zibil dörüp, iýer ýaly zat gözleýän çagany görüp, ondan ‘sen näme işleýän bu ýerde?’ diýip sorandygyny, çaganyň ogurlykda tutulan ýaly gorkandygyny we gaçyp gitjek bolandygyny gürrüň berdi.
“Men ony saklap, çörek almak üçin 20 manat berdim, ol begenjinden aglady. ‘Hany, seniň ene-ataň ýokmy? Gijäniň içinde, bu ýerde, köçede näme edip ýörsüň?’ diýdim. Çaga ejesiniň öýde ýaraman ýatandygyny aýtdy” diýip, ýerli ýaşaýjy bir çaganyň düşen ýagdaýyny düşündirmäge çalyşdy
Söhbetdeşimiziň sözlerine görä, zibil dörýän çaganyň ejesi ozal gara işde işläp, öýe her gün çörek getirýän eken. Emma ol bir gün işde bilini agyrdyp, soňy bilen ýöremekden hem galypdyr we öýde, emedekläp mydar edýär.
Degişli maglumat Ahalyň bazarlarynda dilegçi çagalar köpelýär, polisiýa olary kowýarŞeýle-de, çaga kakasynyň hem gündelik iş tapyp bilmeýändigini, gurluşyk dükanlarynda agyr ýük düşürip, gününe 50 manat gazanýandygyny, emma bu puluň az bolýandygyny gürrüň beripdir.
Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşýän ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, işsizlik, garyplyk zerarly juda zerur bolan saglyk bejergisini alyp bilmeýän adamlar barha köpelýär.
Kyn ýagdaýa düşen adamlaryň hossarlary, dogan-garyndaşlary hem, ‘biziňem artyk zadymyz ýok’ diýip, ahyrynda hemişe kömek edip bilmejekdiklerini göni aýtmaly bolýarlar, bu ýagdaý dogan-garyndaşlaryň arasynda hem öýke-kine döredýär, käte gatnaşygyň doly kesilmegine getirýär diýip, golaýda Türkmenistana sapar eden ýewropaly türkmen adam gatnaşyklarynda ozal hiç wagt görülmedik sowuklyga şaýat bolandygyny aýtdy.
Adam gatnaşyklaryndaky 'görülmedik sowuklyk'
Çeşmeleriň tassyklamagyna görä, garyplykda ösýän, hepdede birki gün okuwa görnüp, galan günlerini köçelerde, dilegçilik edip geçirýän çagalar soň nähili adamlar bolup ýetişer diýen alada barha güýçlenýär.
“Gynansak-da, soňky ýyllarda dilegçi çagalaryň sany artýar. Köp çaga witamin ýetmezçiliginde ösýär. Şol sebäpden, olaryň arasynda ýygy-ýygydan keselleýän çagalaryň sany köpelýär. Güýji bar adamlar çagalarynyň saglygyna seretdirýär, güýji ýok bolsa, ellerini serip, il-günden kömek soraýarlar. Ene-atalar çäresiz” diýip, ýerli lukman çagalaryň arasynda açlykda, gündelik gyzgyn nahar iýip bilmän ulalýanlaryň köpdügini, garnymy doýrup ýatan bir günüm hem ýadyma düşenok diýýän çagalara-da duşandygyny gürrüň berdi.
Azatlyk ýurtdaky açlyk ýagdaýy, dilegçilik edýän çagalaryň sanynyň köpelişi barada gelýän habarlary resmi ýagdaýda tassykladyp, inkär etdirip bilmeýär.
Türkmenistan ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklary, işsizligi resmi taýdan boýun almaýar we ýurtdaky çagalaryň döwlet tarapyndan aýratyn uly üns-alada bilen gurşalýandygyny tekrarlaýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan çap edilen beýanatlaryň birinde aýdylmagyna görä, “Türkmenistan çagalygy adamyň ömrüniň möhüm tapgyry hökmünde ykrar edýär”.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.