Balkanda häkimiýetleriň geçirýän täze barlaglary maýyplary aladalandyrýar

Mümkinçiligi çäkli çaga we ene (Arhiw suraty)

Balkan welaýatynyň häkimiýetleri sebitde hasaba alnan mümkinçiligi çäkli maýyp raýatlary täzeden barlagdan geçirip başladylar. Resmiler barlaglaryň sebäplerini aç-açan düşündirmeýän mahaly, maýyplygy bolan raýatlar bu çäreler zerarly “kömek pullaryny” ýitirmekden aladalanýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji oktýabrda sebitden maglumat berdi.

“Balkan welaýat Saglygy goraýyş müdirligine degişli 1-nji Saglyk öýünde ýörite topar döredildi. Bu topar Ikinji we Üçünji topar maýyplygy bolan adamlary uçdantutma täzeden saglyk barlagyndan geçirýär” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly saglyk işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Munuň bilen bagly, şu günler esasan welaýat merkezi Balkanabat şäherinde ýaşaýan Ikinji we Üçünji topar maýyplar Saglyk öýüne çagyrylýar.

Degişli maglumat Maýyplygy bolan adamlar Türkmenistanda özleri üçin aýratyn şertleriň döredilmeýändigini aýdýar

Barlaglary geçirýän saglyk işgärleri we resmileri bu çäreleriniň sebäpleri barada anyk düşündiriş bermeýärler.

Ýöne ýagdaýlardan ýakyndan habarly balkanabatly saglyk işgärleriniň birnäçesi barlaglaryň netijesinde “Ikinji we Üçünji topar maýyplygy bolan adamlaryň sanynyň azaldylmagyna” garaşylýandygyny aýdýar.

“Köp raýatyň maýypdygy barada galp resminama düzedip, özlerini maýyplyk sanawyna goşdurandygy we döwletden kömek puluny alyp gelýändigi barada çaklamalar bar. Bu raýatlaryň esasan Ikinji we Üçünji topar maýyplyk hatyny alandygy çaklanylýar. Häzir şol raýatlary anyklajak bolýarlar” diýip, saglyk işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Maýyplaryň ençemesi bolsa, eýýäm şu ýylyň dowamynda barlagdan geçendiklerini aýdyp, bu çäreleriň özlerini azara goýmakdan başga zat däldigini belleýär.

“Şäheriň dürli, daş ýerlerinde ýaşaýan maýyplar we olaryň hossarlaryndan biri tas tutuş gününi şu barlaglar üçin aýyrmaly bolýar” diýip, Ikinji topar maýyplygy bolan balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Şeýle-de, olar döwletiň indi “öz gaznasyny doldurmak üçin maýyplaryň ujypsyzja kömek puluna göz dikýändigini” hem aýdyp, barlaglara alada bildirýärler.

“Men süýji keselim sebäpli maýyplyga durdum we 500 manat kömek puluny alýaryn. Bu gara bazar nyrhynda 25 dollar. Bu pul saglygymy kadaly saklamak üçin zerur bolan insulin dermanyny satyn almaga hem ýetmeýär. Döwlet maýyplara berýän kömek pullary derňemän, döwlet tarapyndan maýyplara mugt berilmeli dermanlaryň aşa gymmat bahadan hususy dermanhanalarda satylmagyny derňese has göwnejaý bolardy” diýip, Ikinji topar maýyplygy bolan balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Balkanyň degişli häkimiýetlerinde, şol sanda Saglygy goraýyş müdirliginden we 1-nji Saglyk öýünden teswir alyp bilmedi.

Degişli maglumat Türkmenabatda polisiýanyň maýyp adama zorluk görkezmegi ilatda nägilelik döretdi

Bu aralykda, habarçymyz Balkanabadyň bazarlarynyň öňünde we töwereginde dilegçilik edýän maýyp raýatlaryň polisiýa tarapyndan saklanmagy bilen bagly ýagdaýlaryň ýygjamlaşandygyny aýdýar.

“Saklanan käbir maýyplaryň döwlet kömek pullary togtadylýar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly ýaşaýjy aýtdy.

Türkmenistanyň kanunçylygy raýatlaryň durmuş goraglylygyny kepillendirip, maýyplaryň birnäçe ýeňillikler, şol sanda döwlet kömek pullary, tölegsiz hyzmatlar bilen üpjün edilmegini göz öňünde tutýar.

Türkmen hökümeti ýurtda maýyplar üçin aýratyn şertleriň döredilendigini tekrarlaýar. Döwlet metbugatynda mümkinçiligi çäkli adamlaryň ýaşaýyş jaýlary, hatda ýörite iş orunlary bilen hem üpjün edilýändigi aýdylýar.

Şol bir wagtda, Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan maýyplaryň ençemesi, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, azyk we derman gymmatçylygynyň arasynda, özleriniň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýylsaýyn agyrlaşýandygyny, lukmanlaryň olara mugt berilmeli dermanlary ýazyp bermekden ýüz öwürýändigi barada aýdyp gelýär.

Bu habarlaryň arasynda, soňky ýyllarda ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylarymyz jemgyýetçilik ýerlerinde, şol sanda bazarlaryň we söwda dükanlarynyň töwereklerinde dilegçilik edýän maýyplaryň köpelýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri maýyplygy bolan adamlaryň anyk sany baradaky statistikany ilat köpçüligi bilen yzygiderli paýlaşmaýar. Şeýle-de, olar maýyplaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada hem aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.

Degişli maglumat Iýmelimi ýa-da derman almaly? Türkmen pensionerleri krizisde gün görmäge synanyşýarlar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.