Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde gazet-žurnallara býujet işgärlerini we mekdep okuwçylaryny mejbury abuna ýazmak möwsümi batlandy. Şu ýyl şäheriň orta bilim berýän edaralarynyň ençemesinde, geçen ýyllardakydan tapawutlylykda, bilim resmileri abuna ýazylmadyk okuwçylary mekdebe goýbermeýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji noýabrda sebitden maglumat berdi.
“2026 njy ýyl üçin gazet-žurnallara mejbury abuna ýazlyşyk başlandy. Balkanabatda 1-nji synpdan 12-nji synpa çenli okuwçylardan “Güneş”, “Saglyk” we “Esger” ýaly žurnallara ýazylmak talap edilýär. Bularyň her biriniň 6 aýlyk abuna tölegi 50 manada golaý bolýar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly ene anonimlik şertinde aýtdy.
Şu ýyl şäheriň orta bilim berýän edaralarynyň ençemesi bu çärä, geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, has berk çemeleşýär.
Degişli maglumat Býujetçilerden abuna ýazylan gazet-žurnallaryny hojalyk maksatlary üçin ulanmajagy hakda dilhaty alynýarMunuň bilen bagly, mekdep müdirleriniň orunbasarlary bilim edarasynyň esasy girelge gapysynda durup, okuwçylary ýekeme-ýeke barlagdan geçirýärler we olardan abuna ýazylandygy barada kwitansiýany görkezmegi talap edýärler.
"Aýlygyň üçden bir bölegi"
“Olar kwitansiýany görkezen okuwçylara mekdebe girmäge rugsat berýärler. Abuna ýazylmadyk okuwçylary bolsa, mekdebe goýbermän, “git, abuna ýazylyp, poçtadan kwitansiýa getir, şondan soň okamaga rugsat bereris, bizden hem talap şeýle, ene-ataňdan pul çykmasa, okuwa gelip hem oturmaň” diýip, okuwçylaryň ýüzüni alyp goýberýärler” diýip, balkanabatly ýokary synp mekdep okuwçysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Köp ene-ata bilim işgärleriniň bu hereketlerine nägilelik bildirýär. Olar häkimiýetleriň “döwlet gaznasyny dolmak tagallalarynyň” çägindäki çärelerde çagalaryň kemsidilýändigini we okuwdan mahrum edilýändigini aýdýarlar.
Balkanabadyň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň ençemesi hem, özlerinden gazet-žurnallaryň birnäçesine abuna ýazylmak talap edilýändigini we şu aý munuň üçin zähmet haklarynyň tas üçden bir bölegini geçirmeli boljakdyklaryny belleýär.
“Ähli pudakdaky býujetçilerden “Balkan” atly gazete ýazylmak talap edilýär. Munuň 6 aýlyk bahasy 200 manat. “Mugallymlar” gazeti 120 manat. Mundan başga-da, ähli pudaklaryň işgärleri “Saglyk”, “Arkadag”, “Türkmenistan” gazetlerine hem mejbury ýazylmaly. Hatda telekeçilerden hem “Rysgal” gazetine ýazylmak talap edilýär. Edebiýat we sungat”, “Türkmen sporty” we “Ýaşlar” gazetleriniň bahalary hem gymmat” diýip, balkanabatly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Býujet işgärleriniň ençemesi ýerli gazet-žurnallarda “many-mazmunyň ýokdugyny, gyzykly maglumatlaryň çap edilmeýändigini, şol bir zatlaryň gaýtalanýandygyny aýdyp, ähli maglumatlaryň diňe propaganda äheňlidigini” belleýär.
"Olary gorap saklamak uly görgi"
“Mundan başga-da, ýerli neşirlere abuna bolmak uly çykdajy bolsa, olary, hususan-da, prezidentiň we onuň kakasynyň suratlary bar bolan sahypalaryny gorap saklamak hem uly görgi” diýip, ýene bir býujet işgäri anonimlik şertinde belledi.
Ýatlatsak, şu ýylyň başynda Balkanyň howpsuzlyk gulluklary býujet işgärlerinden abuna ýazylan gazet-žurnallarynda prezidentiň we onuň kakasynyň suratlary bolan sahypalary hojalyk maksatlary üçin ulanmajagy hakda dilhaty aldylar.
Degişli maglumat Lebapda partiýa we gurama agzalygyndan çykmak isleýän býujetçilere haýbat atylýarBu waka, ýurt raýatlarynyň köpüsiniň gazet-žurnallaryň mazmunynyň “garypdygyny” aýdyp, olary hojalyk maksatlary, şol sanda hajathana kagyzy hökmünde ulanýandygy barada yzygiderli gelip gowşan maglumatlaryň yz ýanyna gabat gelipdi.
Býujet işgärleriniň ençemesiniň aýtmagyna görä, Balkanabadyň mekdepleriniň köp mugallymy gazetleriň birinji sahypasynda prezidentiň we onuň kakasynyň suratlaryny ýerleşdirmezlik hakda welaýat bilim bölümine köpçülikleýin teklip hatlaryny ýazýar.
“Mugallymlar bu teklibini her gün çapdan çykýan we onlaryň her bir sanynyň baş sahypasynda döwlet ýolbaşçylarynyň suratlary ýerleşdirilýän gazetleri gije-gündiz gorap-saklamaga hiç kimiň ne fiziki, ne-de psihiki güýjüniň ýetýändigi bilen düşündirýärler. Ýöne heniz tekliplere, haýyşnamalara kanagatlanarly jogap berilmeýär” diýip, balkanabatly mugallym anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda bilim bölüminden teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda hökümet gazet-žurnallaryň ählisini berk gözegçilik astynda saklaýar. “Serhetsiz reportýorlar” (RSF) guramasynyň dünýä ýurtlarynda metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça taýýarlan soňky ýyllyk hasabatynda Türkmenistan iň yzdaky orunda ýerleşdirildi.
Türkmen häkimiýetleri indi onlarça ýyl bäri edara-kärhanalaryň işgärlerini, ýokary we orta hünär mekdepleriň talyplaryny we okuwçylaryny, şeýle-de, mekdep okuwçylaryny hökümetiň garamagyndaky gazet-žurnallara abuna ýazylmaga mejbur edýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.