Azatlyk radiosynyň habarçysy soňky iki günde döwlet dükanlarynda daşary ýurtlardan getirilen doň etleriň peýda bolandygyny, olaryň ilata çäkli ýagdaýda, kilogramy 35 manatdan satylýandygyny habar berdi.
Bu habar Azatlygyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda döredilen emeli azyk bolçulygynyň we arzançylygynyň baýramçylygyň yz ýanyndan “sowlandygy” barada beren habarynyň yz ýanyndan geldi.
Ýatlatsak, Aşgabat şäherindäki habarçymyz 2-nji oktýabrda elýeterli bahadan berlen harytlaryň bahalarynyň gaýtadan, 10, 15% ýokarlanandygyny habar beripdi
Dükanlarda täzelikde peýda bolan etiň azyndan on, on bäş gün çemesi dowamly satuwda saklanmagy üçin, bu etiň şohlat, ýagny kolbasa öndürýän kärhanalara satylmagy gadagan edilýär diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.
Çözmesi kyn bolan et meselesi
Et gytçylygy we gymmatçylygy baradaky aladalar döwlet dükanlarynda satylýan un, çörek önümleriniň söwdasyna hem çäklendirme girizilmegine getirdi. Ýagny, arzan etiň gaýtadan işleýän kärhanalara satylmagynyň gadagan edilişi ýaly, döwlet dükanlarynda ilata arzan bahadan satylýan ýerli un hem indi ýerli undan çörek we çörek önümini taýýarlaýan kärhanalara satylmaz, ýagny bu gadagan edildi diýip, çeşme aýtdy.
Degişli maglumat Aşgabatda Garaşsyzlygyň öňüsyrasynda döredilen “azyk bolçulygy we arzançylygy” aradan aýryldyOnuň sözlerine görä, döwlet dükanlaryna ilata niýetlenip goýberlen ýerli undan satyn alyp, hususy tamdyrda çörek bişirýän ýaşaýjylar hem tutulan ýagdaýynda, agyr jerime tölemeli bolarlar.
Azatlygyň habarçysy bu maglumatlary resmi ýagdaýda tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär.
Şol bir wagtda, çeşmeleriň maglumatyna görä, döwlet dükanyna gelen ýerli uny gizläp, howlusyndaky tamdyrynda çörek bişirip satýan alyjylara lomaý satan satyjylaryň arasynda ele düşen, jenaýat jogapkärçiligine çekilen we kazyýet tarapyndan 4, 5 ýyl iş kesilen, azatlykdan mahrum edilen raýatlar hem az däl.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşme Aşgabat şäheriniň Bekrewe ýasaýyş toplumynda ýaşaýan bir ýigidiň, döwlet dükanyndaky uny lomaý satyp, dört ýyl azatlykdan mahrum edilendigini, emma onuň adyny, işlän dükanyny howpsuzlyk aladalary sebäpli aýdyp bilmejekdigini aýtdy.
“Ol ýigit dükanyň ýeňseki gapysyndan gelen ýük ulagyna kyrk halta ýerli uny ýükläp duran wagtynda, bikanun işiň üstünde güpbasdy edilip, polisiýa işgärleri tarapyndan saklandy we garşysyna jenaýat işi gozgalyp, kazyýet tarapyndan azatlykdan mahrum edildi” diýip, çeşme aýtdy.
"Gaýnadylan etiň ýakymsyz bütin öýi tutýar"
Azatlygyň habarçysy dükanlarda arzan bahadan satylýan doň etden alan alyjylaryň birnäçesi bilen aýry-aýrylykda gürleşmegi başardy.
“Döwlet dükanlarynda satylýan daşary ýurt etleri garry malyň etine meňzeýär, olary alan adamlaryň haýsysyndan sorasaňyz sorap göräýiň: birinjiden, köp gaýnatmaly bolýar, ikinjiden, gaýnadylan wagty diňe aşhanany däl, ähli otagy ýakymsyz ys tutýar” diýip, aşgabatly zenan aýtdy.
Emma muňa garamazdan, Azatlygyň söhbetdeşleri bu etiň söwdasynyň bir ýa-da iki hepde dowam etjekdigine, ýagny basym gutarmajakdygyna şübheli garaýarlar.
Türkmenistan ýurtda azyk howpsuzlygynyň döredilmegi üçin uly işleriň edilýändigini aýdýar we, soňky otuz ýylda dörän maldarçylyk meselelerine, mallaryň dürli kesellerden, ot-iým ýetmezçiliginden gyrylýandygy baradaky habarlara açyk baş galdyrmaýar we, ikinji tarapdan, bu ugurdaky aladalary gytaklaýyn boýun alýar.
Degişli maglumat Aşgabatda doňdurylan “tagamsyz” et arzan bahadan satuwa çykaryldyMysal üçin, prezident Serdar Berdimuhamedow 21-nji fewralda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutyny döretmek hakyndaky karara gol çekdi.
Berdimuhamedow et meselesini çözmekçi bolýar
Bu karar, görnüşinden, maldarçylyk önümleriniň öndürilişini, gaýtadan işlenilişini kämilleşdirmek maksadyny yzarlaýar.
Şeýle-de, maldarçylyk pudagyny ösdürmek, ilatyň et, süýt önümleri bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, maldarçylyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek, mallaryň önümliligini ýokarlandyrmak, azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, prezident şu ýylyň martynda ýene bir karara gol çekdi.
Döwlet eýeçiligindäki metbugatyň habaryna görä, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigine “Altyn halka” döwlet kärhanasynyň maldarçylyk fermasynyň taslamasyny düzmäge ygtyýar berildi.
Mundan öň, öňki prezident döwründe azyk howpsuzlygynyň üpjün etmek esasan senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň boýnuna ýüklenýärdi. Indi, görnüşinden, “Altyn halka” döwlet kärhanasy öňe çykarylýar.
TD-nyň ýazmagyna görä, bu kärhana täze maldarçylyk fermasyny 2026-njy ýylyň mart aýynda ulanmaga doly taýýar etmek tabşyryldy.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşýän synçylar, hünärmenler Türkmenistandaky azyk meseleleriniň döwlet goşulyşmasy, maldarlara zerur kömekleriň berilmezligi we çäklendirmeleriň saklanyp galmagy bilen baglydygyny aýdýarlar. Emma bu barada resmilerden hiç bir düşündiriş alyp bolmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.