Ahal welaýatynda 27-nji oktýabrda ýel turup, ilatly ýerleriň we ekin meýdanlarynyň ençemesini tozan basdy. Ýerli saglyk işgärleriniň ençemesi saglyk ýagdaýy ýaramazlaşyp, hassahana ýüz tutan raýatlaryň köp bolandygyny aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji oktýabrda sebitden maglumat berdi.
“Günortandan soň şemal gelip, ýel turup, soňra hemme ýeri tozan basdy. Adamlar daşarda dem alyp bilmän, öýlerine girip, gapylaryny we penjirelerini ýapmaly boldular” diýip, ahally ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Ýeliň netijesinde, welaýatyň köp ýerinde elektrik togy hem ençeme sagatlap kesildi. Ýaşaýjylar howanyň hem gyzandygyny, öýüň içinde dem alar ýaly bolmandygyny hem belleýärler.
Degişli maglumat Daşoguzda duzly tupan turdy, ümürli howada ilat pagta ýygmaly boldy“Saglyk ýagdaýy ýaramazlaşyp, hassahana ýüz tutan adam kän boldy. Olaryň aglabasy dem gysmadan ejir çekýän raýatlar” diýip, ýagdaýlardan habarly ahally lukman anonimlik şertinde aýtdy.
Ýaşaýjylaryň ençemesiniň sözlerine görä, saglyk ýagdaýy ýaramazlaşan käbir adamlar bolsa öýlerinden çykman, hatda derman-däri almana hem maddy ýagdaýlary bolman, öýlerinde ýatdylar.
"4-5 santimetr tozan, çaň basdy"
Habarçymyzyň sözlerine görä, 28-nji oktýabrda irden ukudan oýanan ýaşaýjylar öýleriniň içiniň, ekin meýdanlarynyň, hususy melleklerdäki ösümlikleriniň, mal ýatakdaky ot-iýmleriň, agyz suwunyň tozana gömlendigini gördüler.
“Daşary çykyp, töwerege göz aýlasam, daşarda duran zatlarymyzyň ählisiniň üstüni 4-5 santimetr tozan, çaň basypdyr” diýip, ahally ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Ýaşaýjylaryň we döwlet edaralarynda işleýän býujet işgärleriniň ençemesi ýerli häkimiýetleriň ilata adatdan daşary howa şertleri, şol sanda ýeliň turjakdygy barada habar bermändigini aýtdy.
“Munuň saglyga ýetirip biljek täsirleri barada hem hiç hili duýduryş edilmedi” diýip, býujet işgäri anonimlik şertinde belledi.
Habarçymyz häzirki wagtda döwlet edaralarynda, hususy kärhanalarda we söwda dükanlarynda köpçülikleýin arassaçylyk işleriniň geçirilýändigini, olaryň tozandan arassalanýandygyny hem aýtdy.
Degişli maglumat Balkanda we Ahalda tozanly ýel turdy, ýagyn we sil suwlary köçeleri basdyTürkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň resmi web sahypasynda howa hadysasy barada hiç hili maglumat ýa-da duýduryş göze ilmeýär.
Resmiler we metbugat dymýar
Şeýle-de, döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlary gepleşiginiň 26-27-nji oktýabrda efire berlen sanlarynda hem, adatdan daşary howa hadysasy barada hiç zat aýdylmaýar.
Adatça türkmen häkimiýetleri we mediasy ýurtda bolýan adatdan daşary howa hadysalary we onuň ýetirmegi mümkin ýa-da ýetiren täsirleri barada ilata ne öňünden, ne-de yz ýanyndan duýduryş, maglumat berýärler.
Türkmenistanda güýçli ýeliň we duzly tupanlaryň turmagy ýaly adatdan daşary tebigy hadysalar soňky 10 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda yzly-yzyna gaýtalanýar. Şeýle hadysalar barada Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylary şu ýylyň başyndan bäri azyndan bäş gezek maglumat berdiler.
Türkmen häkimiýetleri we ýurduň media serişdeleri ýygy-ýygydan gaýtalanýan bu tebigy hadysalary, olaryň ilata ýetirýän täsirlerini resmi taýdan agzap, gürrüň gozgamaýarlar. Bu barada Azatlygyň ýurduň degişli häkimiýetlerinden teswir almak synanyşyklary hem oňyn netije bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.