Ýerli synçy Türkmenistanda ýaşaýan etniki özbekleriň arasynda, hususan-da ýaş nesilde özbek dilini öwrenmäge bolan islegiň we höwesiň barha ýokarlanýandygyny, 21-nji oktýabrda bellenilýän Özbek dili gününiň öňüsyrasynda bu ýagdaýy ýakyndan synlandygyny habar berýär.
Türkmenistanda 2022-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijelerine görä, ýurduň ilatynyň 9,1%-ni özbek azlyklary tutýar. Bu türkmenistanda 642 müňden gowrak adamyň özüni etniki özbek diýip bilýändigini aňladýar.
Türkmenistanyň Daşoguz we Lebap sebitlerinde ýaşaýan ýerli özbekler bu topraklarda gadymy döwürlerden bäri türkmenler, täjikler, eýranlylar we araplar bilen dostlukda ýaşap gelýär diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi aýtdy.
Onuň sözlerine görä, sowet döwründe başlanan assimilýasiýa syýasaty 1991-nji ýyldan soň kem-kemden güýçlendi, 1993-1994-nji ýyllardan başlap, beýleki milli azlyklaryňky bilen bilelikde, özbek mekdepleri hem ýapylyp başlandy.
Özbek dilli mekdepleriň 'gamgyn kyssasy'
“20-nji asyryň ahyryna çenli ýurduň Lebap sebitindäki özbek mekdepleriniň ählisi ýapyldy, Daşoguzda özbek diliniň öwredilýän iň soňky synplary 2011-nji ýylda ýapyldy” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Türkmenistanyň Lebap sebiti sowet döwründen galan türkmenleşdirme syýasatynyň iň köp ulanylan ýerleriniň biri diýip, ýerli synçy öz tejribesine we faktlara salgylanyp aýtdy. Muny 2022-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri hem tassyklaýar: sebit ilatynyň 10% -den gowragy özüni resmi taýdan özbek diýip bilse-de, olaryň diňe 28% -i özbek dilini öz ene dili hasaplaýandygyny, galan 70% -iniň türkmen dilini ene dili hasaplaýandygyny aýtdy.
Ýerli çeşmeler ýapyk ýurtda çap edilýän statistika maglumatlaryna bil baglamagyň kyndygyny aýdýarlar, ýöne umumy tendensiýa görnüp dur - Lebapdaky özbekler administratiw usullar bilen çalt depginde türkmenleşdirilýär diýip, türkmenabatly taryhçy aýtdy.
Degişli maglumat Nowaýynyň Owganystandaky heýkeliniň ýykylmagy Türkmenistanda we Özbegistanda nägilelik döretdiAdynyň aýdylmazlygyny soran hünärmeniň pikiriçe, ilat ýazuwynyň netijelerinde görkezilen "10% özbek" "türkmenleşdirilen özbekleri, şeýle-de özbek milletine ýakyn araplary we täjikleri" öz içine almaýar.
"Özüňiz oýlanyp görüň, 1926-1939-njy ýyllardaky sowet ilat ýazuwynyň maglumatlaryna görä, öňki Farab, Kaganowiç (soňra şähere goşuldy), häzirki Lebap sebitiniň Karluk (häzirki Koýtendag etraplary) etraplarynda ilatyň aglaba bölegini özbekler düzýärdi. Mysal üçin, Farap etrabynda 1926-njy ýylda 90% özbek ýaşan bolsa,1936-njy ýylda bu ýerde ýaşaýan özbekleriň 50,4%-e çenli azalýar. Ýöne 1995-nji ýyldaky ilat ýazuwynyň maglumatlaryna görä, Farap etrabynda özbekleriň 1,5% -i, Çärjew şäherinde bolsa 8% -i galypdyr” diýip, taryhçy aýtdy.
Türkmenabatly taryh mugallymynyň pikirine görä, bu sebitiň etnik düzüminiň sowet döwründen bäri administratiw usullar arkaly, “emeli ýagdaýda üýtgedilendigini görkezýär".
Häzirki ýagdaý barada aýdylanda, Kerimow döwründe Özbegistandaky garyplyk we agyr ykdysady meseleler, Kerimowyň goňşy ýurtlardaky özbeklere biperwaýlygy we Türkmenistanda Nyýazow döwründen galan sosial ýeňillikler sebäpli, Türkmenistandaky özbekleriň arasynda assimilýasiýany kabul etmek meýli güýçlüdi diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Emma muňa garamazdan, 2015-2016-njy ýyllardan başlap, ýurtdaky ykdysady çökgünligiň çuňlaşmagy, syýasy atmosferanyň ýaramazlaşmagy, 2019-njy ýyldan başlap ähli sosial ýeňillikleriň aýrylmagy we Kerimowyň ýogalmagy bilen, Özbegistanda sosial we ykdysady ugurlarda başlanan özgertmeler, aç-açanlyk netijesinde türkmenistanly özbekleriň arasynda milli düşünjeler we milli talaplar gaýtadan ösüp başlady.
Basyşlar 'ters netije berýär'
2016-2017-nji ýyla çenli özbek milli eşiklerimiz we özbek däp-dessurlarymyz gündelik durmuşymyzdan tas doly ýok edilipdi, emma ýurtdaky ykdysady we syýasy basyşlaryň artmagy, milli azlyklaryň medeniýetine we diline girizilen gadagançylygyň berkedilmegi bilen, jemgyýetde muňa garşylyk meýilleri, nägilelik hem güýçlenip başlady diýip, kerkili medeni aktiwist, özüni Sardor diýip tanadan etniki özbek aýtdy.
Degişli maglumat Gepleşik, gepleşik, gepleşik... Türkmen-özbek gepleşikleri iş ýüzünde nähili netije berýär?Onuň tassyklamagyna görä, häkimiýetleriň görkezýän basyşlarynyň döredýän garşylyk reaksiýasy soňky onýyllyklarda özbek däp-dessurlaryna, özbekleriň milli egin-eşiklerine, özbek dilindäki kinolara, edebiýat we sungat eserlerine bolan gyzyklanmanyň gaýtadan güýçlenmegine, has-da janlanmagyna getirdi. Etniki özbekler Özbegistanda bolup geçýän möhüm ykdysady özgertmelere guwanyp, umytlanyp başladylar diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
"Hatda eýýäm "türkmenleşdirilen" Farab, Dänow, Çärjew etraplarynda, Türkmenabat, Seýdi şäherlerinde-de köne, özbek äheňli toýlara, däp-dessurlara, köýneklere we medeni önümlere bolan gyzyklanma artýar. Bu gyzyklanmanyň türkmen häkimiýetleriniň özbek däp-dessurlaryny we aýdym-sazlaryny çäklendirmek syýasatynyň fonunda ýüze çykýandygyny bellemek gerek” diýip, kerkili Sardor aýtdy.
Söhbetdeşlerimiziň tassyklamagyna görä, Köýtendag, Darganata, Daşoguz we Köneürgenç şäherlerinden bolan özbekler hem özleriniň özbek raýatlygyna bolan isleglerini hökümete aç-açan bildirip başladylar. Ýerli bilim hünärmeniniň aýtmagyna görä, 2023-2024-nji ýyllardan başlap, ýurtda özbek dili synplarynyň açylmagyny talap edýän ene-atalaryň sany kesgin ýokarlanýar.
"Soňky ýyllarda bu tendensiýa has-da güýçlendi” diýip, hünärmen bu ýagdaýy ýurtdaky syýasy howanyň juda agralmagy, ozal gorkup, çekinip gezen adamlaryň indi sabyr-kanagatlaryny ýitirip başlandyklaryny öňe sürdi.
“Netijede, adamlar dymmagyň hiç hili manysynyň ýokdugyna düşünip başladylar. 2025-2026-njy okuw ýylynyň öňüsyrasynda etniki özbekler özbek dilinde okadylýan birinji synplaryň açylmagyny köpçülikleýin ýagdaýda talap etdiler, etrap, welaýat bilim bölümleriň olaryň bu talaplaryna garşy däldiklerini, ýöne kararyň diňe Aşgabatda kabul edilmelidigini aýtdylar.”
Bilim hünärmeniniň pikirine görä, hatda ýerli emeldarlar hem ýapyklyga we diskriminasiýa ýykgyn etmeýär.
Öňki gorky, duşman gözlemek 'möwrütini ötürýär'
Adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürleşen ýerli özbekler Daşkendiň dil, medeniýet, Özbegistana syýahat, wiza we ýolagçy ulaglary meselesinde berýän kömegine ýokary baha berýändiklerini aýdýarlar. Emma resmi Daşkendiň Türkmenistandaky özbekler babatynda eýeleýän pozisiýasyndan o diýen kanagatlanmýan adamlar hem bar.
Degişli maglumat Seslenme: Özbek azlyklary özleriniň ene dillerinde bilim almaga hyjuwlanýar"Kerimow döwründki gorky we duşman gözlemek syýasatlaryndan ýüz öwürmegiň we, dünýäniň ähli ýurtlarynda edilişi ýaly, etniki watandaşlarymyz bilen gatnaşyklarymyzy dikeltmegiň wagty geldi” diýip, köneürgençli ýaşuly, 63 ýaşly Sattor aga Azatlyga aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Gazagystan dünýädäki gazaklaryň, Ermenistan dünýädäki ermenileriň, Azerbaýjan dünýädäki azerileriň ählisiniň watany bolup bilýär-de, Özbegistan näme üçin dünýädäki ähli özbegiň taryhy watany we kömekçisi bolup bilmeýär?
Azatlyk ýurtdaky etniki azlyklaryň çagalarynyň öz dillerinde bilim alyp bilmezliginiň sebäpleri barada türkmen resmilerinden hiç bir düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.