Ýewropa Bileleşigi doňdurylan rus aktiwlerini Ukraina kömek bermek üçin ulanmak baradaky karary dekabr aýyna çenli yza süýşürdi diýip, “Bloomberg” öz çeşmelerine salgylanyp, habar berýär.
Neşiriň maglumatyna görä, doňdurylan rus aktiwleriniň köpüsiniň saklanýan ýeri bolan Belgiýa Ukraina 140 milliard ýewrolyk "öwez töleg karzynyň" bölünip berilmegi bilen baglanyşykly töwekgelçilikler üçin ýeke özüniň jogapkärçilik çekmejekdiginiň kepillendirilmegini talap edeninden soň, gepleşikler petige diredi.
Premýer-ministr Bart de Wewer, ÝB-niň beýleki ýurtlary hem mümkin bolan töwekgelçilikleri paýlaşmasa, bu serişdeleri ulanmak başlangyjyny goldamajakdygyny aýtdy.
De Wewer, maliýe serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagy zerur bolan halatynda, Ýewropa Bileleşigine agza bolup durýan ýurtlaryň hem goşant goşjakdygyna kanuny taýdan kepillik almak isleýändigini, şeýle-de, Orsýetiň aktiwlerini saklaýan beýleki ýurtlaryň hem çäre görmelidigini aýtdy.
Neşiriň maglumatyna görä, bu meselä indiki sammitde garamak üçin, ÝB liderleri Ýewropa komissiýasynyň mümkin bolan wariantlary taýýarlamagyny soradylar.