Ýerli häkimiýetleriň habar bermegine görä, Russiýanyň pilotsyz uçarlar we top ýaraglary bilen Ukraina garşy, şol sanda Harkowyň keselhanasyna eden soňky hüjümlerinde azyndan dört adam ölüpdir, onlarça adam ýaralanypdyr.
Harkowyň welaýat häkimi Oleh Synehubow 14-nji oktýabrda irden rus güýçleriniň şäheri we golaýdaky sekiz şäherçäni gije oka tutup, Saltiwskiý etrabyndaky lukmançylyk merkezine zyýan ýetirendigini aýtdy. Ol hüjümlerde azyndan 62 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.
Harkow şäheriniň häkimi Ihor Terehow, Russiýanyň bomba hüjüminde nyşana alnan keselhanadaky 57 näsagyň hemmesiniň başga bir lukmançylyk merkezine geçirilendigini aýtdy.
"Lukmanlar ýeten şikesleri we ýiti stres täsirlerini anyklamak üçin goşmaça barlaglary geçirýärler" - diýip, Terehow 13-nji oktýabrda agşam ýazdy.
Ol zarba wagtynda döwülen aýna böleklerinden alty adamyň ýaralanandygyny aýtdy.
Ýaralanan hassalaryň biri gijeki partlamadan oýanan wagtynda gören elhenç pursatlary suratlandyrdy.
"Ýakyn ýerde bir zat ýarylanda, biz ukudadyk, soň has ýakynragymyzda ýene partlady" - diýip, ol Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna aýtdy.
"Palatanyň gapylary we penjireleri döwüldi. Aýna bölekleri aýagymy kesdi. Bu elhençdi" - diýip, hassa gürrüň berdi.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bu hüjümi ýazgardy we ony "adamlaryň janyny halas edýän ýere edilen terrorçylykly, gödek hüjüm" diýip atlandyrdy.
"Her gün we her gije Russiýa elektrik stansiýalaryna we elektrik geçirijilerine zarba urýar, gaz desgalarymyz hem hüjüme sezewar edilýär" - diýip, Zelenskiý X-da ýazdy.
"Ukraina, asmany raketalardan, pilotsyz uçarlardan we bombalardan goramak üçin ýeterlik howa gorag mümkinçiliklerine mätäç, şonda Russiýanyň howa terrorçylygy manysyz bolardy. Dünýä Moskwany hakyky gepleşikler üçin stoluň başyna gelmäge mejbur etmeli" diýip, ukrain prezidenti belledi.
14-nji oktýabrda Ukrainanyň Daşary işler ministri Andriý Sybiha Russiýanyň Ukrainanyň Herson sebitinde BMG-niň gumanitar kerwenine hüjüm edendigini X arkaly habar berdi.
Birleşen Milletler Guramasy soňra Russiýanyň pilotsyz uçarynyň hüjüm etmegini kömek kerwenine "düýbünden kabul ederliksiz" diýip ýazgardy.
"Şeýle hüjümler düýbünden kabul ederliksiz. Kömek işgärleri halkara gumanitar kanunlar bilen goralýar we olara hiç haçan hüjüm edilmeli däldir" - diýip, BMG-nyň Ukraina boýunça gumanitar utgaşdyryjysy Matthias Şmale beýanatynda aýtdy. Ol "ynsanperwerlik işgärleriniň we gumanitar emläginiň bilkastlaýyn nyşana alynmagyna halkara ynsanperwer kanunlarynyň gödek bozulmagy we uruş jenaýaty hökmünde seredilip bilner" diýip, belledi.
Donetsk sebitiniň başga bir ýerinde Kostýantyniwkanyň iki ýaşaýjysy atyşykda öldürildi diýip, ýerli häkim Wadym Filaşkin aýtdy. Sebitdäki Lyman, Kramatorsk we Bahmut etraplarynda bolan 30-a golaý hüjümde azyndan bäş adam ýaralandy.
Zaporižýa sebitiniň başlygy hem 14-nji oktýabrda bolan rus hüjümlerinde ýene iki adamyň wepat bolandygyny habar berdi.
Iwan Fedorow rus goşunlarynyň sebitdäki 14 şäherçä 532 zarba urandygyny we ýaşaýyş jaýlaryna, awtoulaglara we infrastruktura zeper ýetirendigi barada onlarça habar alandygyny aýtdy.
Sebit başlygy Serhiý Lysagyň sözlerine görä, Dnipropetrowsk sebitinde gije bolan atyşykda iki adam ýaralanypdyr we infrastruktura uly zyýan ýetipdir. Pilotsyz uçaryň hüjümi Nikopol sebitindäki hususy jaýa hem degipdir.
Iň soňky zarba Russiýanyň Ukrainanyň şäherlerine we infrastrukturasyna birnäçe aýlap edýän hüjümleriniň dowamy boldy. Şeýle-de bolsa, anyk subutnamalara garamazdan, Moskwa raýat ýerlerine bilkastlaýyn zarba urýandygyny boýun almaýar.
Bu aralykda, Zelenskiý 17-nji oktýabrda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump bilen Ak Tamda duşuşjakdygyny mälim etdi.
Iki lideriň Ukrainanyň howa goragy we uzak aralyga zarba urmak mümkinçilikleri barada pikir alyşmagyna garaşylýar.
13-nji oktýabrda Kiýewde žunalistler bilen söhbetdeşlikde Zelenskiý bu duşuşygyň Tramp bilen iki telefon gepleşiginden soň boljakdygyny aýtdy.
ABŞ-nyň Kiýewe uzak aralyga niýetlenen “Tomahawk” raketalaryny bermegini tassyklamak mümkinçiligi barada berlen sowala Zelenskiý bu meseläniň ikiçäk ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.
Tramp Zelenskiý bilen şu hepde Ak Tamda duşuşjakdygyny tassyklady.