Türkmenistan 6-njy oktýabrda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny we söweş meýdanlarynda wepat bolan türkmenistanlylary ýatlap, Hatyra gününi belledi.
Türkmen metbugatyanyň habaryna görä, prezident Serdar Berdimuhamedow «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine gatnaşdy, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap, «Ruhy tagzym» ýadygärligine gül çemenini goýdy.
Öten-geçenleri ýatlamak, edermen Watan goragçylaryny, tebigy betbagtçylykda pida bolanlary hatyralamak däbi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ynsanperwer ýörelgeleriniň biridir diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.
Şeýle-de habarda döwlet baştutanynyň atasynyň, uruş weterany Berdimuhamet Annaýewiň hem Aşgabat ýertitremesinde ýogalandygy bellenýär.
Berdimuhamedow faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň, Türkmenistanyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül çemenlerini goýdy diýip, habarda aýdylýar.
Türkmenistanda Hatyra güni başda ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň karary esasynda, 12-nji ýanwarda, rus basybalyjylaryna garşy söweşen gahrymanlaryň goranan galasynyň partladylan gününde bellenýärdi.
Soň bu gün 6-njy oktýabra, Aşgabatda 1948-nji ýylda bolan ýer titremesiniň gününe geçirildi.