Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ÝB bilen ulag, energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýardygyny aýdýar


Arhiw suraty. Mähri Bäşimowa duşuşyk wagtynda
Arhiw suraty. Mähri Bäşimowa duşuşyk wagtynda

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen ulag we energetika ugurlarynda, daşky gurşawy goramak hem-de “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek babatynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýar. “Biznes Türkmenistan” neşiri bu habary Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň duşenbe güni aýdan sözlerine salgylanyp berýär.

Türkmen resmisi bu sözleri ministrleriň Lýuksemburgda sebitleýin birikdiriş meselelerine bagyşlanyp, ÝB-niň Daşary işler boýunça geňeşiniň mejlisinden soň geçirilen duşuşykda aýdypdyr.

Duşuşykda Merkezi Aziýany we Ýewropany baglanyşdyrýan Hazarüsti ugrunyň we ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi, şol sanda ÝB – Gara deňiz – Türkiýe – Günorta Kawkaz – Merkezi Aziýa ugrundaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, maýa goýum we logistika taslamalarynyň amala aşyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan durnukly energetika birikdirişine degişli SECCA başlangyjyny goldaýar we gaýtadan dikeldilýän energiýa, wodorod tehnologiýalary hem-de Ýewropa elektrik energiýasyny eksport etmek boýunça taslamalary öwrenýär.

“Ýaşyl” gün tertibiniň çäklerinde Türkmenistan Pariž ylalaşygynyň borçnamalaryny ýerine ýetirmegi, energiýa tygşytlaýjy taslamalary durmuşa geçirmegi we zyňyndylary azaltmagy meýilleşdirýär.

Teklipleriň arasynda çölleşmä garşy göreş boýunça Sebit merkezini döretmek hem-de 2026-njy ýylda Hazar ekologik forumyny geçirmek hem bar diýip, habarda bellenýär.

Ýurt ÝB – Merkezi Aziýa bilelikdäki ýol kartasynyň maksatlaryna ygrarlylygyny tassyklap, ulag we energetika birikdirişine degişli taslamalary amaly taýdan durmuşa geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG