Ministrler Kabinetiniň 23-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Italiýa etjek resmi saparyna taýýarlyk görülýär.
Döwlet baştutanynyň türkmen-italýan işewürler forumyna we Rimdäki Kapitoliý muzeýinde geçiriljek çärä, "Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýasy" atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
Şeýle-de, 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2026-njy ýylyň aprel aýyna çenli aralykda Rim şäherinde Türkmenistanyň arheologiýa sergisini geçirmek tagallalarynyň edilýändigi aýdylýar.
Italiýaly arheologlar 30 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen kärdeşleri bilen Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerinde bilelikde gazuw-agtaryş işlerini alyp barýarlar.
Habarda türkmen ýaşlarynyň Italiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandygy bellenýär, ýöne olaryň sany aýdylmaýar, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 3-sinde we orta mekdepleriniň 6-synda italýan diliniň öwredilýändigi habar berilýär.