ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Wladimir Putin bilen "peýdasyz" duşuşyk geçirmek islemeýändigini aýtdy. Ol bu sözleri Ak tamda, žurnalistlere Russiýanyň prezidenti bilen duşuşyga taýýarlyk işleriniň togtadylmagynyň sebäbini düşündirende aýtdy.
"Men peýdasyz duşuşyk geçirmek islämok. Wagtymy boşuna sarp etmek islämok, şu sebäpden bolýan zatlara serederis. Ýöne biz bir topar gowy ylalaşyk baglaşdyk - ajaýyp parahatçylyk şertnamalary" diýip, amerikan prezidenti aýtdy.
Ol taraplary, hemmeleriň “biraz dynç almagy” üçin, front liniýasynda saklanmaga hem-de öýli-öýlerine gaýtmaga çagyrandygyny aýtdy.
"Sebäbi häzirki wagtda iki ýurt biri-birini öldürýär. Bu iki ýurt hepdede bäş-ýedi müň esger ýitirýär. Şu sebäpden indi, mundan aňryk näme boljakdygyny göreris. Biz entek belli bir karara gelmedik" diýip, Tramp aýtdy.