Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus hüjümleri Kirowohrad sebitinde ilatly ýerleriň 19 sanysyny toksuz goýdy


Arhiw suraty
Arhiw suraty

Rus goşunlary 24-nji oktýabra geçilýän gije Ukrainanyň birnäçe sebitine hüjüm etdi.

Kirowohrad sebitinde möhüm infrastruktura desgalaryna zarba uruldy. "Bu gezek Nowoukrainsk etrabyna hüjüm edildi. Deslapky maglumata görä, pida bolan ýok" diýip, harby administrasiýanyň başlygy Andriý Raýkowiç aýtdy. Ol ilatly nokatlaryň on dokuz sanysynyň elektriksiz galandygyny aýtdy.

Kirowohrad, Harkow we Sumy sebitlerine edilen hüjüm netijesinde demir ýol infrastrukturasyna hem zyýan ýetirdi. “Ukrzaliznitsa” otlularyň käbiriniň gijä galýandygyny habar berdi.

Hersonda rus güýçleri Korabelny etrabyny oka tutup, alty adamy, şol sanda 16 ýaşly oglany ýaralady. Sebit harby administrasiýasynyň başlygy Aleksandr Prokudiniň sözlerine görä, köp gatly jaýlara we hususy jaýlara zyýan ýetdi. Administrasiýanyň telegram kanaly soňra ýaraly bolanlaryň sanynyň 10-a ýetendigini, bir aýalyň wepat bolandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG