Orsýetiň Goranmak ministrligi 24-nji oktýabra geçilýän gije anneksiýa edilen Krymyň we Azow deňziniň 12 sebitinde Ukrainanyň 111 dronuny urandygyny habar berdi.
Pilotsyz uçar hüjümleri netijesinde Krasnogorsk şäheriniň Kosmonawtow bulwarynda ýerleşýän ýaşaýyş jaýyna zyýan ýetdi.
"Dron 14-nji gatdaky kwartira gelip urdy. Bäş adam, şol sanda bir çaga ýaralandy. Dört adam derrew hassahana äkidildi" diýip, Moskwa sebitiniň gubernatory Andreý Worobýow aýtdy.
Onuň sözlerine görä, uly adamlar kelleçanak-beýni şikeslerini, demir gyýçaklarynyň salan döwük-ýenjik ýaralaryny aldylar, ýaralanan çaganyň dyzy çykdy,. Şeýle-de, onuň baldyryndan ýeňilräk şikesleri alandygy aýdylýar.
Rostow sebitiniň gubernatory Ýuriý Slýusar dron hüjüminiň giň gerimli bolandygyny aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Nowoşahtinskde bolan ýangyn köp kwartiraly jaýlary, çagalar bagyny we tehniki mekdebi toksuz galdyrdy. Takmynan 1500 adamyň elektrik energiýasyz galýandygy aýdylýar.