Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HGB-niň başlygy Türkmenistanyň Ýewropa gaz ibermek mümkinçiliginiň bardygyny aýdýar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025” atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.

Halkara gaz bileleşiginiň prezidenti Andrea Steýjeriň (Steiger) Aşgabatda žurnalistlere aýtmagyna görä, “Türkmenleriň Ýewropa gaz ibermek mümkinçiligi bar, ýöne bu ugurdaky ilerleme diňe bir senagat hyzmatdaşlygyny däl, eýsem syýasy hyzmatdaşlygy hem talap edýär”.

“Türkmenportal” neşiriniň maglumatyna görä, Andrea Steýjer (Steiger) özüniň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda türkmen gazyny Ýewropa ibermek barada mundan öňki guralan çekişmeleri, geçirilen gepleşikleri ýatlap, bu ýerde perspektiwalar bar diýip oýlanýandygyny aýtdy.

Ýöne ol bu işiň edilmegi üçin diňe senagatyň däl, eýsem, syýasy hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň hem zerur bolup durýandygyny belledi.

Halkara gaz bileleşiginiň başlygy Ýewropa üçin energiýa çeşmelerini diwersifikasiýa etmegiň wajyp bolup durýandygyny nygtady.

"Men italiýaly, men ýewropaly we çeşmeleri diwersifikasiýa etmek Ýewropa üçin wajyp diýip hasaplaýaryn” diýip, Steýjer öz tejribesine salgylanyp, “energetikanyň gapylary açýandygyny, ýapmaýandygyny” öňe sürdi.

HGB-niň prezidenti Türkmenistanyň gaz serişdelerini sebitiň geljegi we integrasiýasy üçin möhüm faktor hökmünde häsiýetlendirdi.

XS
SM
MD
LG