Tegelek stol: Bankda ýitirilen pullar
Azatlyk Radiosyna interwýu beren daşoguzly pensioner ene prezident Berdimuhamedowyň pul çalşanda köýen pullaryň öwezini dolmak barada beren wadasyny ýerine ýetirmegine garaşýandygyny aýtdy. Azatlyk Radiosynyň döwletiň amanat kassalarynda köýen pullaryň soragy barada gurnan «Tegelek stol» söhbetdeşligine gatnaşan synçylar Türkmenistanyň hökümetiniň ol pullaryň öwezini dolmaga doly mümkinçiliginiň bardygyny aýdýarlar. Ikinji tarapdan, bankda köýen pullaryň öweziniň dolunmagy diňe öz toplan puluna mätäç adamlara maddy goldaw bolman, eýsem döwlet bilen halk köpçüliginiň arasyndaky ynamyň hem güýçlenmegine kömek eder diýip, synçylar aýdýarlar. Bu söhbeti diňläp, pikirleriňizi paýlaşsaňyz, hoşal bolarys.
Epizodlar
-
Iýun 12, 2014Tegelek stol: Polat ýolda bilet ýok
-
Iýun 05, 2014Tegelek stol: Dymmagyň sebäpleri näme?
-
Maý 22, 2014Tegelek stol: "Magtymguly" diýip, adym tutsalar...
-
Maý 15, 2014Tegelek stol: Türkmen oppozisiýasy we hakykat
-
Maý 08, 2014Tegelek stol: Mugt ýangyjyň soňy we güzeran gaýgysy
-
Maý 01, 2014Tegelek stol: Edebi terjimedäki terslikler