Zelenski urşuň serhetden aşyp biljekdigini duýduryp, BMG-ni Putini saklamaga çagyrdy

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Russiýanyň lideri Wladimir Putini Kremliň Ukraina garşy alyp barýan urşuny Ukrainanyň serhet çäklerinden çykarmak isleýändigini aýtdy. Ol halkara jemgyýetçiligini weýrançylykly ýarag ýaryşyny saklamak üçin konflikti bes etmek ugrunda tagalla etmäge çagyrdy.

Zelenski bu barada 24-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde çykyş etdi. Ukraina 2022-nji ýylyň fewralyndan bäri Russiýanyň doly göwrümli agressiýasyna garşy göreşýär. Zelenski çykyşynda söweş meýdanynda dronlaryň we täze tehnologiýalaryň peýdalanylmagy bilen urşuň başga häsiýete eýe bolandygyny aýdy.

“Faktlar ýönekeý: bu urşy we onuň bilen birlikde dünýäde ýarag ýaryşyny häzir togtatmak geljekde ýerasty çagalar baglaryny ýa-da möhüm infrastruktura üçin ägirt uly bunkerleri gurmakdan has arzan” diýip, ol 193 agzadan ybarat assambleýanyň ýyllyk mejlisinde aýtdy.

Uruşda dronlaryň giňden ulanylmagy Ukrainadaky söweşe öň görlüp-eşidilmedik aýratynlyk berdi.

Taraplaryň ikisi hem birek-birege garşy ýüzlerçe drony atyp başlady. Ekspertleriň aýtmagyna görä, bu ýagdaý söweş meýdanyndaky ölümleriň üçden iki bölegini emele getirýär.

Soňky hepdelerde Russiýanyň söweş uçarlarynyň we dronlarynyň Polşa we Estoniýa ýaly NATO ýurtlarynyň howa giňişligine girmegi baradaky habarlaryň fonunda, urşuň has giňelmek ähtimallyklary baradaky aladalar güýçlendi. Kreml bu aýyplamalary ret etdi.

Zelenski: Rus dronlary eýýäm Ýewropada uçýar, Russiýanyň operasiýalary bolsa eýýäm beýleki ýurtlara ýaýraýar… Putin bu urşy giňeldip dowam etdirmek isleýär we şu günki gün hiç kim özüni howpsuz duýup bilmez” diýip, ol aýtdy.

Zelenskiniň çykyşyndan bir gün öň, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ukrainanyň Ýewropa hyzmatdaşlarynyň goldawy bilen Russiýadan ähli territoriýasyny yzyna alyp biljekdigini aýtdy.

Tramp Russiýanyň goşununy ýiti tankytlap, onuň “üç ýarym ýyl bäri manysyz dowam edýän, hakyky harby güýç üçin bir hepdeden az wagtyň içinde gutarmaly” urşy alyp barýandygyny aýtdy.

24-nji sentýabrda ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşygynda Ukrainadaky urşy soňlamaga çagyrdy diýip, Döwlet departamenti habar berdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi duşuşygy tassyklady we taraplaryň “Ukrain krizisini çözmek boýunça garaýyşlaryny paýlaşandyklaryny” aýtdy.